Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň raýatlarynyň bir toparyny «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly hem-de ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda resminamalara gol çekdi. Bellenilişi ýaly, bu sylaglar Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny pugtalandyrmaga, ata Watanymyzyň dünýä ýüzündäki halkara abraýyny hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine laýyklykda berkitmäge goşan uly şahsy goşantlaryny, ýurdumyzda ylmy, saglygy goraýyş ulgamyny hem-de beýleki pudaklary ösdürmek boýunça işlenip taýýarlanylan maksatnamalary durmuşa geçirmekde gazanan üstünliklerini, önjeýli döwlet we jemgyýetçilik işlerini hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken yhlasly we halal zähmetini nazara alyp, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli gowşuryldy. Resminama laýyklykda, ýurdumyzyň şu raýatlary «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medaly hem-de nyşany bilen sylaglanyldy: Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň döwlet protokoly we halkara gatnaşyklary bölüminiň esasy hünärmeni Baýram Hudaýberdiýewiç Rahimgulyýew, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň direktory Dawut Saparmämmedowiç Orazsähedow, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara okuw-ylmy merkeziniň okuw-barlaghana bölüminiň lukmançylyk ugry boýunça nemes dili mugallymy Maýa Annaýewna Aşyrowa, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Daşary syýasy habarlar we sanly diplomatiýa departamentiniň başlygy Altyn Kakajanowna Mommadowa, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara guramalary departamentiniň birinji sekretary Döwlet Bahtiýarowiç Çotbaýew.