Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda halk ýazyjylary Hydyr Derýaýewiň doglan gününiň 120 ýyllygyna, Çary Aşyrowyň doglan gününiň 115 ýyllygyna, Anna Kowusowyň doglan gününiň 105 ýyllygyna, Ýazmyrat Mämmediýewiň doglan gününiň 95 ýyllygyna, Täçmämmet Jürdekowyň doglan gününiň 85 ýyllygyna hem-de terjimeçi, şahyr Kakabaý Gurbanmyradowyň doglan gününiň 80 ýyllygyna bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi. Duşuşyga edebiýat we sungat işgärleri, Türkmenistanyň halk ýazyjylarynyň maşgala agzalary hem-de garyndaşlary gatnaşdylar. Duşuşykda çykyş edenler Hydyr Derýaýewiň, Çary Aşyrowyň, Anna Kowusowyň, Ýazmyrat Mämmediýewiň, Täçmämmet Jürdekowyň we Kakabaý Gurbanmyradowyň ömür we döredijilik ýollary barada jikme-jik gürrüň berdiler, şeýle hem şahsy ýatlamalaryny paýlaşdylar diýlip, kitaphananyň saýtynda habar berilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir