Sony kompaniýasy bazara PS Remote Play funksiýasyny (uzakdan oýnamak mümkinçiligi) goldaýan ilkinji awtoulagyň çykjakdygyny yglan etdi. Gürrüň birnäçe ýyl mundan ozal Sony we Honda tarapyndan döredilen Sony Honda Mobility bilelikdäki kärhanasynyň önümi bolan Afeela elektrokary barada gidýär. PS Remote Play funksiýasy ulanyja özüniň PS4 ýa-da PS5 konsolyndaky oýunlaryny gönüden-göni awtoulagyň ekranlarynda işletmäge mümkinçilik berer. Bu goldawyň awtoulagyň ähli multimedia displeýlerinde elýeterli bolmagyna garaşylýar. Howpsuzlyk düzgünlerine görä, öňdäki ekranlarda diňe awtoulag duralgada durka oýnamak mümkin bolar, ýolagçy ekranlaryny bolsa ulag hereket edýän wagtynda hem ulanyp bolar. «PS Remote Play-iň ornaşdyrylmagy Afeela-nyň ykjamlyk baradaky garaýşynyň amala aşyrylmagydyr: biz syýahat wagtyndaky giňişligi gyzykly we duýguly ýere öwürýäris. Bu utgaşdyrma arkaly biz müşderiniň tutuş syýahat tejribesini öň görlüp-eşidilmedik güýmenje derejesine çykarýarys» diýip, kompaniýanyň wekilleri belledi. PS Remote Play goldawynyň awtoulag satuwa çykan gününden başlap elýeterli bolmagyna garaşylýar. Afeela-nyň satuwlary 2026-njy ýyla meýilleşdirilýär, goşmaça jikme-jiklikler bolsa entek mälim edilmedi.