(Eýranly doganlarymyzyñkyda okalan goşgy)

Köpetdagyñ her derisin gulaçlap,
Mähribanlar sizi görmäga geldim.
Ýürek biýre baglap, bar işim taşlap,
Derdu ahwalyñyz sormaga geldim.

Gözden uçsañyzam ýūrek zary siz.
Dogalarymyñ heñi çekilen tary siz
Ýarym göwräm onda,galan ýary siz
Göwrämiñ baryny görmäge geldim.

Bilýän suwsansyñyz köñūl mährine
Pederleñ binasy Watan, şährine.
Doganlyk salamyn ýükläp üstüme
Siziñ bilen söhbet gurmaga geldim.

,,Daragtlaryñ köki uzar, dag aşar"
,,Ynsan köki älem içre il aşar"
Beden yzalansa jan şoña üýşer,
Mähir melhemini bermäge geldim.

Aşyr aýdar aýlar-günler ýörüler.
Kysmat içre herne bary görüler.
Köñüller hümmeti söhbet gurular.
Öz ilimden habar bermäge geldim.

Edebiýat, Gurban93 tarapyndan 3 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir