Bäş günlik dünýe bu göz açyp synla,
Bu dünýe kapyryñ Jenneti bolar.
Ynsan içre her nadana iş buýrsañ,
Işe goýulmazdan minneti bolar.

Kiramen, Katibin sagy-soluñda
Her iş, sözüñ ýazar galam golunda
Namaz okyp panyñ dogry ýolunda
Ýöräne Allanyñ rehmeti bolar.

Nämährem ýigit, gyz galaýsa bile,
Şeýtan zyna etdir agtaryp hile.
Namarda syr berseñ paş eder ile
Paş bolansoñ daşça gymmaty bolar.

Juwan gaçýar öýlen sesini añsa,
Diniñ ýarsyn bitir toýu tutulsa.
Adamogly berlene şükür kylsa,
Saçagynda halal nygmaty bolar.

Edebiýat, Gurban93 tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir