Filologiýa ylymlarynyň doktory, professor, Türkmenistan YA-nyň akademigi, Türkmenistanyň ylymda we tehnikada at gazanan işgäri, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Baýmuhammet Atalyýewiç Garryýew 1936-njy ýylda Aşgabat döwlet mugallymçylyk institutynyň dil we edebiýat fakultetine okuwa girýär. Ol A.P. Poseluýewskiniň ýolbaşçylygynda türkmen gepleşik diliniň aýratynlyklaryny öwrenýär. Türkmenistanyň I lingwistik gurultaýyny geçirmek işine işjeň bilen gatnaşýar. Alym Türkmenistan YA-nyň Dil we edebiýat institutynda, Magtymguly adyndaky TDU-da işleýär. Azadynyň, Magtymgulynyň, Mollanepesiň eserlerini, «Ýusup –Ahmet», «Nejep oglan» we başga-da köp sanly dessanlary neşire taýyarlaýar.
Ol «Altyn däneler» (1982), «Zelili we onuň döwri» (1945), «Mollanepes» (1961), «Seýdi. Saýlanan eserler» (1948), «Türkmen matallary» (1962), «Türkmen halk nakyllary» (1976) ýaly ençeme kitaplaryň awtorydyr.

Alynan çeşme: Laýndaky Bir söz topary

Edebiýat, Gurban93 tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir