Grafologiýa ylmy (hat üsti bilen häsiýet öwrenýän ylym) has giçki döwürlerde kemala gelendigine garamazdan, IX-XII asyrlarda-da golýazmada adamyň häsiýetiniň şöhlelenýändigi barada azda-kände garaýyşlar bolupdyr. Şeýle-de bolsa,grafologiýa diňe XX asyrda rowaçlanypdyr. Golýazmadan ony ýazan adamyň erkek adamdygyny ýa-da zenandygyny anyklamak, häsiýetindäki aýratynlyklary aýdyň kesgitlemek derejesine çenli ösüpdir. Awtoryň häseýetini kesgitlemek üçin ençeme setir hat ýazdyrmak hökman däl. Diňe ýekeje sapar gol çekdirmegem onuň häsiýeti hakynda netije çykarmaga mümkinçilik döredýär.
Reýter agentliginiň habar bermegine görä, ýazuwy kesgitleýjiler Ysraýyldan anyk üstünliklere ýetipdirler. Mysal üçin, belli ýazuw kesgitleýji Anna Keren bir adamyň operasiýadan öň hem soň ýazan hatyny öwrenip,onuň aýagynyň kesilip aýrylandygyny dogry kesgitläpdir. Ol bir syrkawyň keselini öwrenip, onuň haýsy kesel bilen keselländigini ynamly aýdypdyr. Onuň bu çaklamasy-da dogry çykypdyr.
Eýsem,adamlaryň hatlarynyň üsti bilen nähili tanamaly?
Eger hat setiriň çep tarapynda, ýagny setiriň başynda azajyk ýer goýlup ýazylan bolsa, onda ol hatyň eýesi tygşytlylygy bilen tapawutlanýar. Iň owunjak zatlary-da gözden salmaýar. Maşgala durmuşyna örän höwesli çemeleşýär. Eger setiriň başyndaky ýer has gysylan bolsa, ol hatyň eýesiniň “ber”sözüni kän halamaýan gysykdygyny we özüni hemmelerden gowy görýändigini aňladýar.
Setiriň başynda köp ýer goýlan bolsa, ol hat eýesiniň giň adamdygyna,häsiýetiniň örän erklidigine güwä geçýär. Eger setiriň başynda has köp ýer goýlup ýazylsa,ol haty ýazýanyň eliniň açykdygyny, häsiýetiniň sypaýydygyny, tebigylygyny, özüne örän göwnüniň ýetýändigini aňladýar. Kim setirlerini göni ýazýan bolsa,onda siziň öňüňiziň erkin, özüne ynamly, özüne erk edip bilýän,ynanjaň adam dur diýip hasap edäýiň!
Setir ýuwaş-ýuwaşdan ýokaryk galýan bolsa, ol haty size dogruçyl, töwekgel, garadangaýtmaz, özüne gaty göwni ýetýän, arzuwlaryna ýetjekdigine sähelçe-de ikirjiňlenmeýän ruhubelent adam ugradypdyr. Eger hat ýazanyňda, setir assa-assa aşaklaýan bolsa, gowusy sen ol adama maslahat salma. Sebäbi beýle adam hiç zatda-da belli netijä gelip bilmeýär. Onuň sussupesligi, özüne-de ynanmaýanlygy seni şowlulygyň üstünden eltmez.
Kim hat ýazanynda, setiri bir beýgeldip, bir peseldip tolkun atyp duran bolsa, beýle adamyň ýüpüniň üstünde odun goýup bolmaz. Onuň ýalan sözleri, mekirligi, çeper sözlüligi bilen başyňyza “ala ýabylynyň”gününi salaýmagy daşda däldir. Kimiň haty ilki ýokaryk gidip, soňam aşaklaýan bolsa, ol ençeme täsin işleri başarýandyr. Ýöne birnäçe işi birbada başlasa-da, soňuna çenli dowam etdirmeýän, bisabyr adamdyr.
Eger setir ilki aşak gidip, soň ýokary galyp başlaýan bolsa, ol hatyň eýesi göwünsiz başlan işini hem soňuna çenli alyp çykmaga ukyplydyr. Eger sözüň ikinji harpy öňündäki sözüň ahyrky harpyndan sähelçe ýokarrakda ýazylan bolsa, ol hatyň eýesi ähli işe diýseň seresaply çemeleşýändir. Eger setiriň iň soňky harplary dykalanyp ýerleşdirilen bolsa, awtoryň size hemme zady aýdasynyň, duýgularyny siziň bilen paýlaşasynyň gelýändigini aňladýar. Ol özüne düşünilmän galaryndan gorkýar.
Sözdäki harplar biri-biri bilen berk baglanyşykly ýazylan bolsa, ol hatyň eýesi logiki pikirlenmegi başarýar. Tersine, harplar biri-biri bilen baglanyşmasa, eýesiniň tejribesizligini, arzuwçyllygyny, hyýaly pikirlerine has köp gümra bolup, öz pikirlerini bir ahyla gabap bilmeýänligini aňladýar. Harplary kada boýunça biri-biri bilen baglap bilmek dogruçyllygy, öňden syzmak ukybynyň bardygyny aňladýar. Beýle adamlar daşyndan düşnüksiz görünse-de, manyly ýaşamagy başarýarlar.
Harplar tas ýatyrylyp ýazylan bolsa, ol eýesiniň çydamsyzdygyny, ýuka ýürekdigini, gaharjaňdygyny aňladýar. Haty büdür-südür ýazýan adama kyn günüňizde bil baglap bilersiňiz. Beýle adamlar ädimini oýlanyşykly ätmegi we ýürekdeş bolmagy başarýarlar. Dim-dik harplar erkliligi, özüne buýrup bilmegi, edepliligi aňladýar. Kimiň haty çep tarapa gyşarýan bolsa, onuň bilen iş salyşjak bolsaňyz seresap bolmak maslahat berilýär. Bu zeýilli adamlar baryp ýatan ýasama, hilegär, köpýüzli bolýar. Öz duýgularyndan hem howatyr edip gezýärler.
Eger hat ýazanyňda, harplary her ýana gyşarsa, ol eýesiniň ynjykdygyny, ynamsyzdygyny görkezýär. Hatyň elmydama üýtgäp durmagy awtoryň deňagramlylygy saklamaýandygyny, döredijilik ukybynyň bardygyny, içki dünýäsiniň gaýnap durandygyny aňladýar. Harplaryň iri-iridigi eýesiniň umumy dil tapmaga ökdedigini, dost-ýarynyň köpdügini görkezýär. Owunjak ýazylan hat bolsa, eýesiniň garasözmezdiginiň hem içi pikirlidiginiň alamatydyr. Çüňk-çüňkli edip ýazylan harplar eýesiniň diňe özüni bilýändigini yşarat etse, aýlawly harplar ýumşak häsiýeti görkezýär.
Alynan Çeşme: «Nesil» gazeti, 2008-nji ýylyň 8-nji Ýanwary.
Harplaryň astyndaky häsiýetler
-
Jeksparro
6 years ago
- 90 göterim dogry gelýär.
-
Olicka
6 years ago
- Her dùrli ýazýanlarda belli 1 hasiyet bolmayar.Ýeliñ ugruna òwusyan agac yaly bolya olar.meselem menem seyle
talyp2012 6 years ago- Herhili edip yazypbilyan.Belli bir pocherkim yok :(