Gaty ajam bolma gyz
Birden zyňaýmasynlar
Gaty süýjem bolma gyz
Birden iýäýmesinler.

Söý sen ýöne saýlama
Ençä özüň taýlama
Saýlap gijä galaýma
Görüp oňaýmasynlar.

Gözellige sen guwanma
Owadan diýip öwünme
Söýesize söýenme
Birden ýykaýmasynlar.

Özüň saýla ýigidi
Saýla algyr bürgüdi
Ýar tutunma bir iti
Birden dişläýmesinler.

Birini söý iki söýme
Üçünjisini goýma
Başa ataňda öýme
Aýbyň açaýmasynlar.

Göwün berseň säginme
Gep gybata sygynma
Iki göwünli bolma
Biwepa diýmesinler.

Seret geljek öňüňe
Göz gyzdyrma galyňa
Birden duşup zalyma
Oda salaýmasynlar.

Ilki ýigdi synagyn
Göwnüň ýetse halagyn
Beý diýsem boş galmagyn
Birden doňaýmasynlar.

Ynanma her ýigide
Ýanarsyň otsyz oda
Seni goýup uýada
Ýüpsüz daňaýmasynlar.

Eselip göge bakma
Bir söze eräp akma
A gyz sen aýna bakda
Seret diýäýmesinler.

Belent tutgyn başyňy
Akdyrma göz ýaşyňy
Birden görüp işiňii
Ýada sataýmasynlar.

Bolmaz ýerde sözleme
Bagty daşdan gözleme
Alňasama ylgama
Tora salaýmasynlar.

Ýalňyşma sen durmuşda
Geljek bardyr başyňda
Bir ýat ýere düşeňde
Işiň göräýmesinler.

Owadanlyk wagtlaýyn
Öçer gider ýyl saýyn
Taýy bolsaňam aýyň
Birden zyňaýmasynlar.

Başyň kemala geler
Öýüňize sawçy geler
Nesipli bende alar
Alyp ýanaýmasynlar.

Diňle diňe ýüregiň
Al özüňe geregiň
Arslan ýazar gazalyn
Birden aldaýmasynlar.

Edebiýat, Gurban93 tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir