Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet ýokary okuw jaýy – Türkmenistanyň iň uly we köpden bäri işläp gelýän öňde baryjy uniwersitetleriniň biri. Uniwersitet 1950-nji ýylyň 14-nji iýulynda açylan. Ilkinji ady M. Gorkiý adyndaky Türkmen Döwlet uniwersiteti, 1931-nji ýylda açylan Aşgabat pedagogik institutyndan öwrülen. 1989-njy ýyldan bäri Ýewroaziýa uniwersitetlaryň hasabyna girýär.
Fakultetler:
Türkmen dili we edebiýaty
Daşary ýurt dilleri we edebiýaty
Taryh
Hukuk fakulteti
Fizika fakulteti
Matematika fakulteti
Geografiýa fakulteti
Himiýa - Bilogiýa fakulteti
Giriş synaglary aşakdaky dersler boýunça geçirilýär:
matematika, amaly matematika we informatika, maglumat ulgamlary we tehnologiýalary hünärleri -matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy;
fizika, radiofizika we elektronika hünärleri -fizika. matematika, Türkmenistanyň taryhy;
psihologiýa hünäri - biologiýa, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;
taryh, arheologiýa, gündogary öwreniş, syýasaty öwreniş, ylahyýet hünärleri-Türkmenistanyň taryhy, türkmen dili we edebiýaty, jemgyýeti öwreniş;
türkmen dili we edebiýaty, žurnalistika hünärleri - türk- men dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy, jemgyýeti öwreniş;
iňlis dili we edebiýaty, fransuz dili we edebiýaty, nemes dili we edebiýaty, pars dili we edebiýaty, türk dili we edebiýaty, arap dili we edebiýaty, hytaý dili we edebiýaty hünärleri - saýlap alan hünär dili boýunça ýa-da iňlis dili, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;
italýan dili we edebiýaty hünäri - iňlis dili, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;
hukuk öwreniş hünäri - Türkmenistanyň taryhy, türkmen dili we edebiýaty, jemgyýeti öwreniş.
Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.
Alynan çeşme: Laýndaky Bir söz topary.