Ýaş ýigit elinde gyrmyzy, ter almany saklap durdy. 
- Ony iý! - diýip, Ruh aýtdy. - Ol durmuşyň almasydyr. 
-Durmuşyň almasyny iýmäge wagt taparyn. Maňa şöhrat, baýlyk gazanmak gerek. 
- Onda ýör, gideli, yzyma düş. Men saňa şöhratyň almasyny görkezeýin - diýip, Ruh aýtdy Olar dag ýodalaryndan ýöräp başladylar. Çarkandakly dag ýodalarynda ýokaryk galmak olara ýeňil düşmedi. Emma olar ýuwaş-ýuwaşdan öňe sary ädimläp barýardylar. Ýakyp-ýandyryp barýan Günem, öl-myžžyk eden ýagyş-da onuň maksadyna ýetmegine böwet bolup bilmedi. Şol gidip baryşlaryna ýigit wagtyň nähili geçenini-de bilmedi. Olar baryljak ýere ýetýänçäler ýigidiň saçlary çalardy, gollarynyň güýji gaçdy. Ahyrsoňy bir belentlige ýetdiler. 
- Ine, gelmeli ýerimize-de gelip ýetdik - diýip, Ruh dillendi. Birwagtky ýigit kanagatlanma bilen uludan dem aldy: 
- Hany onda maňa şöhratyň almasyny ber-dä. 
Ruh oňa togalak, gyrmyzy, ajaýyp almany uzatdy. Saçy çalaran birwagtky ýigit almany höwes bilen eline alyp, oňa işdämenlik bilen agyz urdy. Haçan-da almanyň içiniň çüýrükdigine göz ýetirende ol soragly nazaryny Ruha dikdi: 
- Bu näme? 
Sen geňirgenme. Sen ony şol wagt iýmelidiň. Her zat öz wagtynda ýagşy - diýip, ol jogap berdi.
SiziňÝalyBiri 7 years ago- Çeşme?