1. Maňlaýyň giňligi bilen äňiň giňligi meňzeş bolan gönüburçly dörtburçluk şekilindäki süýri ýüzli adamlar.
Olar köplenç, ýolbaşçy, işlemäge ukyply bolýarlar. Olar duýgurdyrlar, öňden görüjidirler, adalatlydyrlar, erkin häsiýetlidirler. Bular ýaly şekildäki adamlar guramaçylyk işlerine ezber, adamlar bilen işleşmegi başarýan, maksadaokgunly adamlardyr. Olar durmuşda öz öňünde goýan maksatlaryna ýetýärler.

2. Üçburç ýüz. Maňlaýy beýik hem giň, inçejik burunly, çuňda oturan gözli, çüňkli eňekli adamlar.
Şeýle ýüzli adamlar, çekge bilen eňegiň aralygyndaky ýumşajyk tüýler az bolansoň, has arryk görünýärler. Bular ýaly ýüzli erkekler we zenanlar adatdan daşary duýgur bolýarlar we özlerini diýseň söýýärler.Üçburç ýüzli adamlar köplenç, “kelleli”, medeniýetli, pikirli, arzuwçyl, şeýle-de mekir, gabanjaň, sypjyk bolýarlar. Üçburç şekildäki ýüzli adamlaryň arasynda ýaşamak beýleki adamlara agyr düşýär. Hemme zat oňuna bolaýanda, käwagt olar ylma filosofiýa, sungata ýüz urýarlar. Üçburç ýüzli adamlar ähli pyrryldaklarda ýolbaşçylyk etmegi, gerekmejek işlerde takwalaryň baştutany bolmagy halaýarlar. Sansyz şowsuzlyklardan basylaýsalar, terkidünýälige baş urýarlar.

3. Trapesiýa şekilli ýüzli adamlar köp zatda tapawutlanýandyklaryna garamazdan, häsiýetniň birentek tarapy üçburç ýüzli adamlaryňka meňzeş.
Olar ederini-goýaryny bilýärler. Alçakdygyna hem-de degişgendigine seretmezden, sussupes bolýarlar. Töwekgelçilik edip bilmeýärler. Şeýle şekilli ýüz köplenç, zenanlarda bolýar. Olar öz ýarlaryny söýýärler we maşgalasyny bagtly edip bilmegiň hötdesinden gelýärler.

4. Dörtburç ýüz-süňklek, gödek, gaharjaň adamlara degişli. Beýle adamlar pälwan, gönümel, töwekgel bolýarlar. Olar ähli işlerde-de, söýgüde-de açyk hem gönümel bolýarlar.
Dörtburç ýüzli adamlar meşhurlyga dalaş edýärler .Eger dörtburç ýüz zenanlarda bar bolsa, olar islendik işiň başyna baranlarynda gaýratlylygy bilen tapawutlanýarlar. Beýle zenanlar söýgüde-de, maşgala durmuşynda-da agalyk edýärler.

5. Tegelek ýüz, adatça, semiz adamlarda bolýar. Eger tegelek ýüzli adamlaryň burunlary kiçijik bolsa, onda ol onuň biperwaý, gaýgy-ünjüsiz adamdygyny aňladýar.
Olar aňrybaş ýaşaýşy halaýarlar, tagamlaryň lezzetini bilýärler. Özleri-de tüýs söýgi üçin doglan. Häsiýetleri ýumşak, mylaýym, parahatçylyk söýüji. Meşhurlyga jan etmeýärler. Diňe görýän zatlaryna ynanýarlar. Hakykaty kän bir halap barmaýarlar.
Emma tegelek ýüzli adamlaryň gözleri ýiti bolsa, onda olar düýbünden başga adamdyr. Şeýle adamlar tiz hem dogry pikirlenmegi başarýarlar. Olar gowy harby işgär ýa-da polisiýa işgäri bolup bilerler.
***
Adamyň häsiýetini bilmekde dodaklar hem köp zat aýdyp biler. Adam ýylgyranda, islendik dodaklar owadan bolýar. Ýöne dodaklardaky ýylgyryşlar diňe owadan bolman, asylly hem hakyky bolsa, ol has gözel. Hakyky ýylgyryş bilen ýalan ýylgyryşy anyklamak aňsat. Hakyky ýylgyryşyň öň ýanynda gözüň töwereginde owunjak ýygyrtlar peýda bolýar. Hytaýlylar şu ýygyrtlara “tylla balygyň guýrugy” diýýärler. Şol “guýruklar”näçe güberçek bolsa, eýesi hem şonça ak ýüreklidir.
Hakyky duýgular söz aýdylmazdan öň ýüzde peýda bolýar. Ýalan duýgular ýa-ha söz bilen bile, ýa-da sözden soň peýda bolýar.
Meşhur adamllaryň köpüsi uly burunlaryna buýsanmandyrlar. Ýöne nähak. Sebäbi, uly burunly adamlar köplenç uçursyz zehinleri bilen tapawutlanyp, beýik alym ýa-da ýazyjy bolýarlar. Olar çuň pikirlere gark bolup oturmagy halaýarlar. Käte çuň pikirlere gark bolup oturşyna, deňine gelen bagty hem sypdyrýarlar.
Gysgajyk burunly adamlar bolsa, tersine, pikirlenmän özüni oda urýarlar. Olaryň pikirlenmäge wagty ýok. Olar çalt-çalt nyşanany urmaly.
Giň hem güberçek maňlaýly adamlar indi adamlara asla gerek bolmajak zatlary oýlap tapmagy halaýarlar. Olaryň öz duýgularyna boýun bolaslary gelmeýär. Şonuň üçin hem, köplenç utulýarlar.
***
Dogrusy, gowy ýa-da erbet ýüz bolmaýar. Eger siz öň ýüzüňizden özüňize ýaramaýan häsiýeti tapsaňyz, onda özüňizi terbiýeläp, ony üýtgedip bilersiňiz. Munuň üçin bary-ýogy isleg gerek.

Çeşme: «Nesil» gazeti, 2008-nji ýylyň 26-njy Fewraly.

Bilim, Gurban93 tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir