Akar suw

Şirrildisi şirin mukam,
Durna göz suw akyp barýar.
Badyn gowşatman elmydam,
Teşneleri ýakyp barýar.

Janly-jandaryň arzuwy,
Bütin dünýäde arzyly,
Wada berip bol hasyly,
Menzilleri söküp barýar.

Topraga bagş edip baryn,
Ösdürip alma-enaryn,
Güllere büräp kenaryn,
Köňül taryn kakyp barýar.

Suwuň sesine ses goşup,
Baglar otyr ygşyldaşyp,
Balyklar hem pagşyldaşyp,
Oýun oýnap böküp barýar.

Gudratyny her ýan ýaýyp,
Tolkun atyşy ajaýyp,
Köpürjikler ýüzde gaýyp,
Dürler düýbe çöküp barýar.

Egsilmezdir şöhrat-şany,
Dokluk dirilik nyşany,
Baş bermez söýgi mysaly,
Hanasyndan çykyp barýar.

Gözel gyza

Aýa meňzäp başlan günleň,
Meniň göwnüm aldyň gözel.
Ýerine göwün bermezmiň,
Ne söwdaga saldyň gözel.

Ýylgyrşyň sowgat berýärkäň,
Günde gözleriň görýärkäm,
Bilbil bolup aýlanýarkam,
Ter gunçadyň- güldüň gözel.

Tapdyňmy ýa mençerägi,
Tüm gijäniň sen çyragy,
Açyk duran penjiräňi,
Ýapmak üçin geldiň gözel.

Meni görüp bir ýylgyrdyň,
Gol uzatsam goluň berdiň,
Bir pursat egsildi derdim,
Perwanadym- baldyň gözel.

Eljireden- eljirän sen,
Açgyn ýürek penjiräň sen,
Geçip ençe sençeräkden,
Bir sen diýip geldim gözel.

Edebiýat, Gurban93 tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir