Her ýylyň awgust aýynyň ahyrynda mugallymlaryň seminar-maslahatlary geçirilýär. Şol seminarlaryň birinde okuw-sapaklara degişli tabşyryklardan başga-da, pagta ýygymyna gatnaşmaly okuwçy gyzlara berk gözegçilik etmek mugallymlara gizlin tabşyryk hökmünde ýetirildi. Hususan-da bu tabşyryk Ahal welaýatynyň mugallymlaryna aýratyn tabşyryldy. Beýle tabşyryk berilmeginiň özüne ýetesi sebäbi bar. Ahal welaýatynyň Tejen, Altynasyr etraplarynda pagta ýygýan gyzlar analgetik dermanlary köp atýarlar. Ol ýygymçy gyzlaryň atýan käbir analgetik dermanlarynyň düzüminde narkotiki düzümlileri hem bar. Düzüminde neşe serişdesi bolan «tramadol» analgetigine pagta ýygýan ençeme ulugyzlaryň uýgunlaşýandygy maslahatda mugallymlaryň dykgatyna ýetirildi. Tejen etraby Ahal welaýatynda neşekeşlik babatynda iň bir ýokary görkezijili etrap bolup durýar. Etrapda pagtanyň arasyna neşe ekinlerini ekýän daýhanlar az ýüze çykarylmaýar. Häzir ýurtda neşekeşligiň garşysyna berk göreşilýändigine seretmezden, Tejen etrabynda neşekeşler bütinleý ýok bolup gidenok. Olar ýa-ha gizlin ýerlerde ösdürilip ýetişdirilýän tirýegi çekýärler ýa-da tirýek garyndyly dermanlary ulanýarlar. Bu ýagdaýyň pagtaçy gyzlaryň arasyna hem ýaýrandygy mugallymlara gizlin duýduryldy. Neşe serişdeleriniň gadagan edilmegi bilen birlikde neşe garyndyly dermanlary hem apteklerde satmaga çäklendirilmeler girizildi. Bu ýagdaý aňsat ýol bilen baýajaklara ýol açdy. Öňler neşe serişdeli analgetik bolan «tramadolyň» bir paçkasyny 3 manada alan bolsalar, häzir onuň ýekeje dänesiniň bahasy 20 manat. Hökümet hernäçe gadagançylyk girizse-de, neşe garyndyly dermanlar, onuň sanjylýan görnüşleri daşary ýurtlardan beýleki dermanlar bilen gelip durýar. Olar gizlin bilen bazarlarda satylýar. Aşgabadyň 30-njy mikroraýonynyň bazaryndan, teke bazardan, «Mir» bazar» ady bilen belli bolan bazardan derman satýan daýzalardan neşe garyndyly dermanlary tapyp alyp bolýar. Şeýle dermanlary satýan daýzalary olaryň «öz» alyjylary gowy tanaýarlar. Cheshme http://www.chrono-tm.org/tm/archives/264
Gyzlary goramak tabşyryldy
-
Friendship
12 years ago
- men 'goramak' diylende, bashgarak zady goz ongune getirdim... Yone pagta yygymynda gyzlary koprak zatlardan goramaly... Kabirleri gaty samsyklyk edip yorler...
P.s: awtor, owadan niking bar :-)
-
turkmenntug
12 years ago
- sapa,näme pikir etdiň? :D
-
Shahyrjyk
12 years ago
- Dogry aydyan awtor. Eger-de shol gelin-gyzlar yzygiderli shol "dermanlary" icip uygunlashsalar onun sony nira bararka? Olar bizin gelejekki cagalarmyzyn eneleri ahyry, olardan onjek nesil nahili bolarka...ooonler erkek adamlar neshe serishdelerini ulanyan bolsalar indi gelin-gyzlaram baslapdyr diysene, mbah?
-
turkmenntug
12 years ago
- biraz çişirýäler,ýöne ugrunda ýok zat däl
-
Shahyrjyk
12 years ago
- turkmenntug aga sen nahili pikirde?
-
turkmenntug
12 years ago
- garşysyna göreşmeli zat
-
sahett
12 years ago
- näme ücin gyzlar a oglanlar däl...türkmene ikisem gelişmejek zat ýöne menä hronika ynanamok...çişirýärler mundan beterräk zatlaram bar...
-
Shahyrjyk
12 years ago
- ikitaraplayyn baglanshyk
-
pida
12 years ago
- narkoaddel name edyarkaray....? bu zatlaryn sonuna chykylmasa yevropanyn bomužlaryndan tapavutly yeri galmazooov.....! :-(
-
Ayyuzli
12 years ago
- Tramadol diysene... Neshe maddalarynyn esasynda yasalyar, hakykatdan hem. Birhili ynanmak kyn.sebapleri:
1. Ol dermany tapmak oran kyn.
2. Ony icenden sonra, pagta yygmak beylede dursun, ayak ustunde durup, yorap hem bilengok. Elini kellane yetirjek bolup, galdyraysan hem. Yetenok. Yolda bir yerde donup galyar. Alasarmyk bolyang. Oyaly-ukuly. Diling colashyar.gurlap bilengok. Bir soz aytmak ucin esli wagt gerek bolyar. Asmanda bir yerde gayyp yoryang. Durmushyngda bolup gecen zatlaryng baryny kino yaly goryang. Gulyang... Samsyklayang, garaz... Agyry duyangok. Ozum gowy bilyan bu duygyny.....
-
Milashka92
12 years ago
- salam ay yuzli siz name ol dermany icip gordunizmi ya-da dermany icen adamyn bashdan geciren duygularyna $ayat boldunyzmy?
-
Makintos
12 years ago
- alayt walla,
shu gyzlaram bara
-
Ayyuzli
12 years ago
- Salam, milashka! Howwa-la, gynansak-da, oz bashymdan gecdi. Tak cto, yokarky hronika ynamym az tramadol babatynda.
-
Yzganttm
12 years ago
- Hmbahhh $eý diýsene
-
serdar93
12 years ago
- birinji bilena ekyanleri yygnamaly sonam dasary yurtdan gelyan dermanlary gowy edip barlap son tm gecirmeli
-
dushbije
12 years ago
- Aýýüzli sen bir dermany doly atansyñ ilki 4den birini atmaly soñ ýuwa$ ýuwa$dan..
-
AHAL
12 years ago
- tramadoly saglyk zerarly atyanlar baradada unutmaly dal. adamlan oz kellesinde bar bolsa tramadol bolmasa bashga zat taparlar yone sho keyp ediler. Yashlan, yetginjeklen chagalan anyna guyulmaly. Mun bashyny bolsa ojakdan bashlamaly. Sen ejen kakan yanynda etmane utanyan zadyny erbet hasaplayan bolsang, beyleki yerlerdede etmane utanarsyn, sho zatdan chekinersin. A tr atyp keyp etyan pagtachy gyzlan oyundaki yagdaylaram shondan gowy dallir.
-
lukmantm
12 years ago
- . Yone pagta yygymynda gyzlary koprak zatlardan goramaly... Kabirleri gaty samsyklyk edip yorler...
P.s: awtor, owadan niking bar
Friendship
.
Bah sholary yanjagazyndan synlap goraýsenaý :-):-):-)
-
Friendship
12 years ago
- bah sholary yanjagazyndan
synlap goraýsenaý
lukmantm | 2012-09-28
18:02:46
tramadol'larymy? :D :D
-
lukmantm
12 years ago
- :-):-):-):-):-)
-
makgush
12 years ago
- Bah tejen diýsene, nirä barsañ özlerini tanadýalaraý
-
Abadan
12 years ago
- Bah,tapyalaray her zat
-
didar27
12 years ago
- baýbaa beýle ýagdaýlaram bole
ekendao 0.o
turkmenntug 12 years ago- beh,gaty gizlin ekenä :)daýzalaň adynam ýazaýsadylar :)