Hüypüpikmi, suwgushmy-bilmedim men, ey aman. Bolup barshyñy görüp, dünyeden doydum, gelin. Döshleriñi güjeñläp, diydiñ:"Üytgedi zaman", Yshkyn kesewsi bolup, kä yanyp köydüñ gelin. ***** Agshamlaryna meylisde sämäp durdy bashlaryñ, Bireyyäm yüz dönderdi senden deñi-dushlaryñ. Keminäniñ wasp eden pushta-pushta sachlaryn, Aytsana, kesip-kesip nirede goyduñ gelin. ***** Yeñ tirsekden yokarda, tyrralypdyr köynegiñ, Nirede yasaldyka gochak gözli äynegiñ. Magnitofon eliñde uzakly gün oynagyñ, Yeñlesleri yeñledip, sogan dek soyduñ gelin. ***** Ak süytde gara tegmil, sen durmushuñ dushmany, Yashlyk yelgini gecher, soñ ederiñ pushmany, Häzirki bolup yörshüñ yöne gury bosh many, Eneñ-atañ bagryny gara gan etdiñ, gelin. ***** Sen tetelli dogmasyn, ar-namysyn yitiren, Yüzümiz yere salyp, ada ysnat getiren, Dilim diyenim etman, sandyrap dur setirem, Ar-namysyñ astynda sen meni goyduñ, gelin.

Köneler, Bayramsoltan tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir