Näme diýse, şony diýsin özgeler, Meniň bu meselä öz garaýşym bar: Adam ýalňyşýarmy, diýmek, özgerer, Diýmek, oňa soňra ösüş garaşýar! Alym bolsun, işçi bolsun ýa aşyk, ÝA-da meýdanlaryň häkimi daýhan, Olar ýalňyşlyklaň üstünden aşyp, Ýeňişi özüne çekýärler hökman! Olara duruw ýok. Olarda güýç baar, Olar bulaşyp ýör maňlaý derine. Otly çöpüň dänesi deý sürtülýär, Olar şowsuzlyklaň kükürtlerine. Durmuş Kiselýowyň “Algebrasy” däl, Durmuş algebradan çylşyrymly has. Onda ýalňyşmagam asyl günä däl, - Çünki ýalňyşmazlyk üçin ýalňyşýas. Bilýän ýalňyşmaýan adamlar-da bar, Syn etseň, wagty hoş, gowy ýalydyr. Emma, gör, termosa guýlan suw kimin, Ne bir ýylaýandyr, ne sowaýandyr. Ýalňyşýanlaň lapy keçdir elmydam, Gynansa buzdur ol, begense – otdur. Ýalňyşmasyn diýip başga bir adam, Onuň ýalňyşmagy bilseň oňatdyr. Ýer ýüzüne tohum sepiň, el ýetse, Tohum sepip utulan ýok, utan bar. Il-gün üçin sçhelçe-de haýr etse, Işiňizde ýalňyşmaga utanmaň!Ýeri : sowet edebiyat, Gurbannazar Eziz
ýalñy$lyk
-
idealman92
12 years ago
- manyly goshgy.yalnyshmAyan adam hich zat etmeyan adamdyr
-
Yegen
12 years ago
- Yalnyshmayan adam yok, ola dogry. Yone adam shol yalnyshlar bilen kem-kem durmushda kamilleshyar.
-
hakykygyz
12 years ago
- Sag bol awtor ýetirenine.Kerim g.bilen magtymguly atamyzyn gushgularyndaky her bir setirini nakyl hem diýsek bolar.
(kerim.g "atasyna bagyshlap" yazan goshgularnam ýetirseniz minnetdar bolardym sag bolun!)
-
bngirl
12 years ago
- Gowy goshgy, sagbolun paylashanynyza...minnetdar. :)
-
wulkan
12 years ago
- Sag bol "ol ýalñy$ýa ýöne o adam" diýleni dä
-
Grizli
12 years ago
- Kerim aganyn her bir goshgysy uly manyly mazmunly mena kerim aga yaly magtymguly pragy yaly adamlara uly sarpa goýýan
-
1merdan
12 years ago
- Grizli agza ezizow hakda nähili pikirde?
-
Induksiya
12 years ago
-
näme diýse, şony diýsin özgeler,
meniň bu meselä öz garaýşym bar:
adam ýalňyşýarmy, diýmek, özgerer,
diýmek, oňa soňra ösüş garaşýar!
alym bolsun, işçi bolsun ýa aşyk,
ýa-da meýdanlaryň häkimi daýhan,
olar ýalňyşlyklaň üstünden aşyp,
ýeňişi özüne çekýärler hökman!
olara duruw ýok. olarda güýç baar,
olar bulaşyp ýör maňlaý derine.
otly çöpüň dänesi deý sürtülýär,
olar şowsuzlyklaň kükürtlerine.
durmuş kiselýowyň “algebrasy” däl,
durmuş algebradan çylşyrymly has.
onda ýalňyşmagam asyl günä däl, -
çünki ýalňyşmazlyk üçin ýalňyşýas.
bilýän ýalňyşmaýan adamlar-da bar,
syn etseň, wagty hoş, gowy ýalydyr.
emma, gör, termosa guýlan suw kimin,
ne bir ýylaýandyr, ne sowaýandyr.
ýalňyşýanlaň lapy keçdir elmydam,
gynansa buzdur ol, begense – otdur.
ýalňyşmasyn diýip başga bir adam,
onuň ýalňyşmagy bilseň oňatdyr.
ýer ýüzüne tohum sepiň, el ýetse,
tohum sepip utulan ýok, utan bar.
il-gün üçin sçhelçe-de haýr etse,
işiňizde ýalňyşmaga utanmaň!
:) gaty gowy goshgy yetirenize minetdar!
-
1merdan
12 years ago
- Türkmen sowet edbýatynda, proza bn i$ saly$anlardan iñ gowy görýänim $u $ahyr. Sagja bol awtor mowzuk üçin
-
Induksiya
12 years ago
- :) hakyky gyzyñ haysh boyunca...
atamyň köp gaýtalan sözlerinden
gara garnyň bolsa gaýgyň-aladaň,
gurruga gaçsaňam tapdyr bir mydar.
ýöne weli ikaýakly bendäňi
dört aýakla meňzetmäwer, ýa hudam.
dostuň bürgüt bolsa - daglara elter,
dostuň bilbil bolsa - baglara elter.
dostuň elguş bolsa - bir oba elter,
dostuň baýguş bolsa - haraba elter.
ýekedaban bolsaň - urmak ýaraşar,
sandal bolsaň - çydap durmak ýaraşar.
şyňk-şyňk edip dursa kiçijik çekiç -
şodur içýakgyç.
aman, aman... dynmak üçin derdimden,
elli ýaşda ýetmiş derman gördüm men.
“guş gerek!” diýseler - gapanlap aldym,
“gurt gerek!” diýseler - gapanlap aldym,
“mumyýa” diýdiler - tüpeňläp aldym.
birisinden gördüm -
azajyk haraý,
birisinden gördüm -
müň hili zyýan.
ahyry bir güýçden ýeňildi derdim;
adam üçin adam -
iň uly derman.
“bal, bal!” diýmek bilen agzyň süýjänok
ýöne beýle ajam bolup baranok.
“sag bol!” almak bilen garnyň doýanok,
ýöne beýle ajam bolup baranok.
- arçynymyza goşgy goşýaň,
başlygymyza goşgy goşýaň,
brigadire goşgy goşýaň,
başgasyna goşgy goşýaň.
kaka, kaka, gorkaňokmy?
- gorkman, oglum, gorkman, oglum.
degirmende doglan syçan
gök gürlände gorkmaz, oglum.
ägirt ymaratdyr dostluk diýen zat.
ony guraňda-da howlukmaly däl,
ony bozaňda-da howlukmaly däl:
ony guran wagtyň howlugyp gursaň -
kän kerpiçleň hata düşmegi ahmal.
ony bozan wagtyň howlugyp bozsaň -
çyn dostuňdan jyda düşmegiň ahmal.
ussat bol, iş salyş ussatlar bilen.
ussadyň gadyryn ussatlar biler.
sakalyň deregin tutsa-da akyl,
akylyň deregin tutmaýar sakal.
burun ys almaga,
dil sözlemäge,
gulak hem berlendir diňlemek üçin.
soň-soň düşünersiň ýene bir zada:
göz diýen zat berilendir bir bada
hem-ä seretmek üçin,
hemem ys almak üçin,
hemem sözlemek üçin,
hemem diňlemek üçin.
ol adam şeýle bir ajaýyp adam,
oňa ýeke men däl, hemmeler haýran.
käte ony köpetdaga çykaryp,
şo ýerden äleme görkezsem diýýän.
emma köpetdagyň belentligi-de
entek gözlerime bärräk görünýär.
ol adam şeýle bir ýaramaz adam,
oňa ýeke men däl, hemmeler haýran.
käte ony çuňly derä äkidip,
şo ýerde il-günden gizlesem diýýän.
emma çuňly deräň çuňňurlygy-da
gözlerime has telperräk görünýär.
her hili çykgynsyz ýagdaýda galaý -
umytdan düşmeklik namartçylykdyr.
her bir kynçylygyň dört tarapy bar:
üçi ýapyk bolsa, biri açykdyr.
käbir adam bilen oýun edeňde,
ýüzi agarýança oýun etmek bor.
käbir adam bilen oýun edeňde,
ýüzi gögerýänçe oýun etmek bor.
emma dostuň bilen oýun edeňde,
çala gyzarýança oýun etmek bor.
şondan aňryk gitmek - öte gitmek bor.
gyz wagtynda hemme gyzlar mylaýym.
seredýäň, seredýäň, doýunmaýarsyň.
soň görüp biriniň şerraý aýalyn,
şolardandygyna ynanmaýarsyň.
tüssesiz ot gözläp bir täsin adam,
ahyry dünýäden otsuz geçenmiş.
bir köstsüz dost gözläp bir täsin adam.
ahyry dünýäden dostsuz geçenmiş.
tüssesiz ot gözläp, otsuz galmagyn,
tüsseli-de bolsa, otluja bolgun.
bir köstsüz dost gözläp, dostsuz galmagyn.
köstlüje-de bolsa, dostluja bolgun.
garaşmak diýen zat erbet zat däl.
“garaş!” diýdilermi - garaşgyn, oglum.
ýöne illere-de garaşgyn weli,
iller saňa,
saňa garaşsyn, oglum!
-“özüňi süýt saýgyn,
dostuňy gaýmak!”
diýýärsiň sen atam,
bu näme diýmek?
o nämüçin mydam
süýt bolup özüm,
dostum hem üstümde
bolmaly gaýmak?
- oglum, bu igenjiň
nahakdyr nahak.
özüňi süýt saýsaň,
dostuňy gaýmak,
onsoň gaýmak saýar
dostuňam seni.
onsoň senem gaýmak,
dostuňam gaýmak.
- gul aga ullakan adamam weli,
oňa “samsyk” diýýär obanyň halky
- oglum, ol şeýle bir ullakan weli,
ähli göwresine ýetenok akly.
- kelesaň bolsa-da kelhanyň ogly,
öz bolup ýörşünden özi-hä hoşal?
- oglum, obamyzyň deň-ýary boşar.
- ak geçimiz gije-gündiz mäläp dur,
çal geçimiz mälemeýär beýle kän.
kaka, kaka, bu nämüçin beýlekän?
- akja geçimiziň süýdi ýok, oglum.
beýlekiniň süýdi kän.
karam zähmet, haram bagt-
geçegçi gara şemal.
bir gün (bilmersiň näwagt)
lowurdap jöwher sowal -
haram bilen halaly
ýüzleşdirer iki-çäk.
halaly eýläk çeker,
haramy beýläk.
ýöne sowal gelýänçe
jebir çeker halalat.
pida bilen dogular
her bir uly kemalat.
...şol pidadan gorkmagyn
kerim, kerim, keramat!
“atam pylankesdi!” diýip, bukulmagyn ataňa,
ataň görogly bolsa-da, il at dakar hataňa.
öýlere gelin geler: üýtgär öýleň howasy.
gyzgyn-gyzgyn öýleriň geler durar sowasy.
gara saçly “mollaň” hem ýüzün ýuwjak däl
weli,
gara murtly “molladyr” bigaýratlyk belasy.
başyňa iş düşende tanadar gahrymanlar.
türşek dek müzzerşibiýr tarlawuk
“waharmanlar”.
ol jülge şeýle bir täsin jülgedi -
göwsünden emerdi ýüz dürli agaç.
şaglaşar otyrdy hozlar, çynarlar.
güwleşer otyrdy arça, garagaç.
jokrama jöwzada ol jülgä baryp,
gujagyňy açyp, serilip arkan,
daglara seredip ýatansyň weli,
asman läläzardyr
toprak - tenekar.
agaçlaň bilinden gujaklap menem,
salkyn saýalarda böküp günuzyn,
gözüm gidip olaň belent başyna,
egilip-egilip, ederdim tagzym.
tagzym etdigimçe
belent şahalaň
şaggyldysy emaý-emaý ýuwaşap,
öz belentliginden uýalýan ýaly,
özümdenem beter
eglerdi aşak.
şu gün ýene bardym. tagzym edere
ne çynar galypdyr, ne-de bir güjüm.
diňe haşal otlar tagzym isleşip,
çar tarapdan etdi üstüme hüjüm.
paşşy goňşy ýüz ýaşady, ýagşy etdi.
her ýaşynda ýedi ýyllyk iş etdi.
şol ýaşlaryn, şol işleriň näçesin
öz derdine, il derdine bagş etdi? -
şonsy weli belli däl.
betbagtlyk diýen zadyň
gara bolarmyş reňki.
emma sataşan wagtyň -
(dana bolsaň-da) seňki.
bagtlylyk diýen zadyň
ak bolarmyş reňki.
emma sataşan wagtyň -
(samsyk bolsaň-da!) seňki.
emma aslyýetinde
olar däl bolsa seňki,
yz goýsa-da etiňde,
süňküňe ýokmaz reňki.
taşlama başlanyňy,
başlama taşlanyňy.
sanasaň-da dostuňy,
sanama duşmanyňy.
- kaka, kaka, möjek köp-le çöllerde:
günde ýetmiş sürä salýarlar dowul!
- dünýäden ötende her garry möjek
yzynda müň çaga galdyrýar, ogul.
- kaka, kaka, bürgüt gyt-la daglarda:
biri ýa ikisi sataşýar her ýyl!
- dünýäden ötende her garry bürgüt
yzynda bir çaga galdyrýar, ogul.
- kaka, düşündir sen ýene bir zady:
ýaz geldi. dünýäni gülletdi bu gün.
adamlary näme gülledenok-da.
gaýta söküp barýar bogunma-bogun?
- balam, adamy hem gülletmek üçin
ilki sökmelidir bogunma-bogun.
gül diýen zat bogun ýaryp çykýandyr,
bogun ýarmak bolsa kyn zatdyr, ogul.
kerim gurbannepes
-
Baybow
12 years ago
- Nama geregay shutak gelen bolyp ilin goshgysyny shutak goyan bolmak. Taze goshgy ya bir tazelik bolsa bolyaram velin 30 40 yyl onki hemme adamyn bilyan zadyny yene gaytalap shutak goymak hokman dalmika diyan..
-
Kurtoy
12 years ago
- Baybow diñle onda bari okalyan kopciligiñ gelip okayan sayty señ saytyñ yada meñ saÿtym däl islan zadyny yazsynlar 20-30 yyl gecen bolsada !
Sen gaty taze goshgy ya-da tazelik bilyan bolsañ yaz okaly!
-
Kurtoy
12 years ago
- Bilyan bolsañ okamda zorlyk yok shu taÿyk gir diyip pycakdirap duran yok!
-
hakykygyz
12 years ago
- Induksiýa agza tañryýalkasyn ýetiren goshgyna
-
Baybow
12 years ago
- Degishmenje oglan ekeniniz. Govja gezyaniz oytyan:-D
-
Bravo
12 years ago
-
1merdan
12 years ago
- Bravo dost her nämede bolsa gulpyñ ýanyñda bolsyn, gerek bolyp galmagy ahmal:-)
-
Bravo
12 years ago
- bor agam. gulp känle =) açaram ýanymda. soňrak oklarnda size
-
Grizli
12 years ago
- Grizli agza ezizow hakda nähili pikirde?
1merdan | 2012-06-10 02:23:14
G, ezizow barada aytsak olam bir zehinli shahyrlaryn birì
-
Grizli
12 years ago
- Grizli agza ezizow hakda nähili pikirde?
1merdan | 2012-06-10 02:23:14
G, ezizow barada aytsak olam bir zehinli shahyrlaryn birì
-
Baybow
12 years ago
g, ezizow barada aytsak olam bir zehinli shahyrlaryn birì
grizli | 2012-06-10 04:09:12
))) sen hem oz gezeginde shony aydayyn diydinmi)))
-
metehangokdepe
12 years ago
- ttmli toýyñda elek bn suw dasaryn sagja bol gosgyny eliñi yadadyp yazanyñ ûçin (kopiýa edeniñ ûçin :D)
-
Grizli
12 years ago
- Baybow dost !!!!!
Sen ilki b.na gepe goshulma goshulsanam näme barada gurrun gityanine uns ber !!!!!......
vento 12 years ago- Ýetireniňe minnetdar dost. Ezizowyň bihal gošgusy ýokdyr. Gaty gowy gošgy.