Gardaky yzlar. Annagözel eje irden turanda endam-jany owum-döäüm bolup, bili ýazyp gelýärdi. „ Wah, wah-eý“ diýip,ol hyrçyny dişledi. „ düýn odun aýranymda bilimi bijaý gypjyndyrypdyryn. Suw äkelip, doktora gitmesem bolmaz“ol bir eli bilen bilini tutyp ýatan ogluny yralady. -Sary jan, aý Sary, Tur oglum, derýadan maňa suw getiriş. Meniň bilim agyrýar Sary ýorganyny kellesine büredi-de, aňyrsyna düňderilip ýatyberdi. -Sary jan, ukyň gelse soň ýatybersene, agyr bedre meniň ýeke özüme kyn düşjek Sarynyň ýyljak ýorgandan çykasy gelmedi. -maňa zat diýmesene,eje. Ukym tutyp alyp gelýär biliň agyrsa bedräni ýartylap gaýdyber. Sarynyň bu sözleri enä ýokuş degdi. Geplände onuň sesi birhili ynjyly çykdy. -Bolýar-da, ýeke özüm gidäýerin,ýatyber sen. Annagözel eje gidensoň Sarynyň gözüne uky gelmedi. Bir eýläk agdaryldy, bir beýläk. Aldajy ýaly sowukdan iki eli bedreli ýegşeri barýan ejesi hiç göz öňünden aýrylmady. Ene şol barmana hem bilini tutyp, doňan ýere agyp gitdi... Sary howpurgady. Zöwwe ýerinden galanyny özi hem duýmady. Ol gyssanjyna paltosy bilen telpegini geýmegi hem ýadyndan çykaryp, derýa tarap eňdi. Ejesi durup-durup giden bolmaga çemeli. Onuň gardaky aýak yzlary kä goşalanýar, kä aralary açylyp barýar. Annagözel ejäniň oturan ýerlerem bildirip dur. Aýak yzlar Saryny dogry derýanyň uly güzerine getirdi. Emma güzeriň başynda bedreler bar-da ejesi ýokdy. Sarynyň üstünden gaýnag suw guýulan ýaly boldy. -Eje, aý eje... Sary aýagy bişen ýaly derýanyň gyrasynda ikiýana elewredi. Şol wagt derýany ýakalap oturan toraňňylygyň içinden: -Oglum men bärde-diýen ses eşdildi. Sary ses gelen ýere okduryldy. Annagözel eje gür toraňňylygyň arasynda ýegşerip otyrdy. -Ýylyrak ýerde dynjymy alaýyn diýip oturyberdim. Ýalazy ýeriň şemaly bilimi burup alyp barýar. Sarynyň „ Eje meni bagyşla“ diýesi geldi. Emma bokurdagyna bir zat tegek ýaly boldy-da, gepläp bilmän, ejesiniň döşüne kellesini goýdy. Annagözel eje oglunyň sary saçlaryny mähir bilen sypalap: - Men seniň kömekleşmäne geljegiňi bilýärdim, oglum- diýdi.
Gardaky yzlar...
-
pawel
12 years ago
- gowy tema sag bol akylym 1989. terbiye alarlyk tema. Allajan ejelermiziñ jany sag bashy dik güler ýüzi solmasan.
-
ttmli
12 years ago
- minnetdar yetireniniz u.n
-
mirasymyz
12 years ago
- Sagbol akylym, manylyja hekaya eken.
-
Koneurgenchli
12 years ago
- gyzyklyja eken
-
akylym1989
12 years ago
- hawa menem gyzykly gorup paylashayyn diydim
-
nlo
12 years ago
- tüweleme şeyle hekayalar yetirp durun sag bol hormatly akylym1989
-
Galtush
12 years ago
- Gardaky yzlar...
_________Oooo_
_oooO__(___)_
_(___)_____)_/__
__\_(_____(_/___
___\_)__________
sagbol akyl ýetireniñ üçin, gyzykly hekaýa eken.
-
missmaysa
12 years ago
- hekaya gowja eken,yone sapak edinmegimiz has wajyp,akylym yetirenin un sag bol
-
makgush
12 years ago
- Gowy tema +5
-
Blackangel
12 years ago
- namede bolsa sony gowy gutardy sona sukur
-
Batdush
12 years ago
- Mena ejesi derya gacandyr oytdim..... Gowy sonlanypdyr
-
zumerchi
12 years ago
- onat hekayajyk eken, saul saul
-
akylym1989
12 years ago
- gaty erbet gorkupsyz oytyan sonundan
-
Patron
12 years ago
- +10
-
heartbreaker
12 years ago
- Okamda mekdep dowurlerim yany 3-4-nji klas yyllarym yadyma dushdip gitdi. sapakda mugallymymyz gaty gowy edip dushundiripdi. sag bolun yetirenize gowy manyly yazylan hekaya.
-
turkmenntug
12 years ago
- gowuja hekaya.mekdepde okapdyk weli,täsirini bilmändirin...
-
Kamilligetarap
12 years ago
- sagbol uyam,gaty gowy,tasirli tema acypsyng!sizden adamyn ruhy ahlak arassalygyna ongyn tasiri yetirip bilyan temalara bundan beylagem garashyan
ttmli 12 years ago- uff bolyala menem ozuni oldurdimika diydim