Yomut hanlarynda kimleri bilyarsiniz?
Yomut hanlary
-
vento
12 years ago
- Kyýat han.
júneýt han.
kánlaý ýadymda galany šular. Mešhurlaram šular.)
-
Footballist
12 years ago
- arazdurdy hany bilýän
-
Footballist
12 years ago
- arazdurdy hany bilýän
-
nohurlyagza
12 years ago
- footballist han.
-
Footballist
12 years ago
- nohurlarda kim han boldyka onda
-
magnit
12 years ago
- nohuryn hany bolmandyr, olar kimden gorksa shony han hasaplapdyrlar
-
Gaygysyz05
12 years ago
- Nohurlarda noh diyip bir
han bolupdyr.ol onunden
cykany uryan eken.shon
ucn ona noh + ur dakypdyrlar.sheydibem
nohur diyen taypa dorapdir.nohurlan 50000
yyllyk taryhy bar.
-
ependi
12 years ago
- aý bizä eşitmedik
-
idealman92
12 years ago
- juneyt,kyyat,yomut hanlar.beyik saparmyrat turkmenbashynyn mukaddes ruhnama kitabynda,turkmen milleti boluminde yazykdyr
-
Bravo
12 years ago
- jüneýit han daşoguzly dälmi?
-
idealman92
12 years ago
- yok,men bilshime gora,balkandan
-
alemdarov
12 years ago
- Dasoguzyn yomutlaryndan. Yomutlar lyuboy tire taypalary oturdyp turuzanlar, su wagtam seyle. " YOLUNDA YOMUT OTURSYN" diyen sozi unutman. Balkanyn Sarlawuk diyen obasynda Teke gyrlan diyen yer bar. Taryhyny yazardym arman yaltanyan. Yomutlar the Great
-
nlo
12 years ago
- şu tire taypa jedeli goyalyn dostlar kım bolandada biz türkmen hemmamiz bir dogan
-
tef
12 years ago
- uvajaayemu gospodin alemdarov .yazaysana gayrat edip men sharlavukda bolup gordum etregin golaayynda dalmi? suyji suwly yer.sharlawuk bar bolmaly.alemdarov senden hayysh edip sorayan yaz. men sabyrsyzlyk bilen garashyan.!turkmenlerin hemme tireside gavujadyr.biz oguz nesli ahyryn.
-
idealman92
12 years ago
- alemdarov,dine yomut dal,turkmenin ahli tire-taypalary the great!
-
ependi
12 years ago
- alemdarow seň özüň kürt bolmaly şoň üçinem gaýrat etde türkmenleriň arasyndaky tireçiligi gozgamasana
-
Footballist
12 years ago
- ýomut teke salyr saryk dagylar öñki salyr birle$mesindendir. Ondan añyrsam söýünhanly tnlerden
-
vento
12 years ago
- Hany magtymguly atamyzam diňláliň.
túrkmenler baglasa bir ýere bili,
gurudar gulzumy,derýaýy nili.
teke,ýomut,ýazyr,gókleň,alili,
ársary hem saryk ,hem salyr ili,
bir dówlete gulluk etsek barymyz.
Biziň túrkmende bir nakyl bar "-ózúni óweniň,tanapy čúrik" diýip. Haýsy taýpa,haýsy tire bolsa bolsun mená öz ata babalarmyzyň eden išlerine guwanýaryn we olara hormat goýýan. Ýomutlarda han júneýdiň,kyýat hanyň,tekelerde nurberdi han,gowšut hanyň, saryklarda sary hanyň,muhammetgylyč serdaryň,ársarylarda soltanýaz begiň,seýtnazar seýdiniň(ýadymda galanlary šular,ýende gaty kán) bu watanyň ,bu halkyň agzyny bir etek účin górešen enče árleriň sarpasy ýúregmizde baky ýašar. Indi bir agza jemlendik tire taýpany goýalyňla. B.s.túrkmenbašy" úč apat"gošgusynda šeýle diýýár.
bela gelmez agzyňyz bir bolanda,
beýiksiňiz bir bolanda agzyňyz.
dargadyp bilýándir uly dówleti,
agzyny alardp,betpál taňrysyz.
-
Footballist
12 years ago
- ýomut teke salyr saryk dagylar öñki salyr birle$mesindendir. Ondan añyrsam söýünhanly tnlerden
-
girkanya
12 years ago
- Vento ballyjygym Magtymgulyn gosgysyny yalnysh yazypsyn ol beyle bolmaly däl dogrysy
Teke yomut gökleñ yazyr alili
Bir döwlete gulluk etsek bäshimiz bolmaly dogryja zatjagaz goshman yazalyñda
-
girkanya
12 years ago
- Alemdarow sañada berekella sìz yalylar beygeltyär bizi ;-)
-
Friendship
12 years ago
jüneýit han daşoguzly dälmi?
bravo | 2012-01-17 07:04:00
hawa.
Ideal, mümkin ol dashoguz ýomutlaryndandyr.
-
vento
12 years ago
- Ýokarda aýdyšym ýaly men menlik gowy zat dál. Ózúňi ówme,il seni ówsún. Elwetde men menlik biziň ganymyzda bar,Ýóne ony ózli ózúmize bir ulanmalyň. Ýenede b.s.túrkmenbašyň "úč apat"yna gaýdyp geleliň. "Men menlik "bólúmi.
sen-sen diýseň,beýgelersiň túrkmenim,
sen-sen diýmek bu jahanda derkardyr.
men-men diýseň,peselersiň šobada,
ýóne nátjek,adyňdada men bardyr.
túrk+men ;-)
ýalňyš bir zat aýdan bolsam bagyšlarsyňyzda doganlam.
-
Aristokrat
12 years ago
- Goýuñ how $u miletciligi ' biri $u tema barada bir zat aýtsa hemäñ gözi acylýaraý.
Girkanýa sen ilki go$gyny oka onsañ dogrymy ýalñy$lygyna baha ber.
-
Aristokrat
12 years ago
- Goýuñ how $u miletciligi ' biri $u tema barada bir zat aýtsa hemäñ gözi acylýaraý.
Girkanýa sen ilki go$gyny oka onsañ dogrymy ýalñy$lygyna baha ber.
-
Aristokrat
12 years ago
- Goýuñ how $u miletciligi ' biri $u tema barada bir zat aýtsa hemäñ gözi acylýaraý.
Girkanýa sen ilki go$gyny oka onsañ dogrymy ýalñy$lygyna baha ber.
-
vento
12 years ago
- Gadyrly dosdum girkanýa bu gošgyň iki warýanty bar birisi "bášimiz" beýlekisám "barymyz" ady bilen ýóreýá. Soňky dówuriň táze kitaplarynda bášimiz górnúšinde ýazylýa. Sowet dówrúniň edebi ki aplarynda bolsa barymyz diýip bášleme górnúšinde ýazylýa. Ikisám dogry,ýöne men taýpalaň kópúsiniň ady agzalýan górnúšini gowy górdúmde ýazaýdym. Sen isleýšiňče okap bilersiň gadyrly doganym. Meň bu ýerde ózúmden gošan zadym yok. Asyl magtymguly atamyz ýaly adamyň sózlerne hič garyšy bilmen.
-
girkanya
12 years ago
- Bolya goyalyñ shu meselani men sìzden hanlary soradym siz milletcilige gecdiñiz biz taryhda 70e golay döwlet döreden türkmendiris taypamyz name bolsada añrymyz türkmen aga baryp yetyär
-
magnit
12 years ago
- yomutlar the great diyipdir biri weli "gargada öz jùýjesine akjam diyermish" diyyära, borlay
-
ependi
12 years ago
- TÜRKMENLER the great! TÜRKMENISTAN the great!
-
vipboy
12 years ago
türkmenler the great! türkmenistan the great! ependi |
o name
-
Operas
12 years ago
- Magnit kan dilini goyberme gayrat etde.
-
magnit
12 years ago
- bashka lakamdan girip diyjegni diyerin oydyamin, yagdaya göra jogap berildi dos, herkimem tiresini senkiden beyik gormese pes görmez! Tak cto ozune berk bolmasan jogabyn beriler
-
nohurlyagza
12 years ago
- nohur hany oguz han the great.
-
alemdarov
12 years ago
- ependi men yomutlardan, kurt milletini yigrenyan, halkide aklyma geleni aydaydym sondan alyp goterme. Men kurt bolsam bu yerde bolmazdym. Men aslym gurgen turkmenlerinin etrek etrabynyn yigitlerinden, ata babamyn dogduk mekany iranyn bender turkmen saheri. Howa tef men etrekli, sen hayyst edenden son heyde yaaak dp bolarmy. Sarlawukda bir han bolupdyr. Onun ayal dogany bir teke bn halasyp sona gacypdyr. Doganam ony we arini tutsam oldurjek dp yor eken. Aradan ence yyllar gecipdir. Gyzyn bir ogly bolupdyr. Gelinin ari tekede han eken, bir gun ari we bastutanlary gurrun edip otyran ekenler: birgun gije sarlawugun beyik iki depesinin arasyndan girip yomut halkyny gyrmaly diyipdir gurrun edip otyrkalar, gelini bu gurruni esidip 6 yasly ogluny gijan yary ata mundirip sarlawuga ugratyar. Ejesi: oglum sarlawuga bar o tayda sen dayyn bardyr, ozi handyr, sona yanyna barda men sen ayal doganyn ogly we men adymy ber, we yanky ahli gurrunleri gurrun ber olara diyipdir. Oglan sarlawuga baryp dayysyna ahli gurruni beripdir. Dayysy: sagbol ejene salam ayt, sarlawukda dayyn bardygyny unutma dp ugradypdyr. Gije yomutlar sol iki depan cykalgasynda gizlin garasyp oturan ekenler. O tarapdan giren tekeleri gyryp giren tekeleri gyryp so iki depan adyna teke gyrlan dp at dakypdyrlar. Entagem sol teke gyrlan yer bar, sol ursun bolan yeri gyzyl renke boyanyp yatyr. Men beyleki tire taypalaram sylayan doganlam yaly olar menin, begenyan yomutdygyma
-
alemdarov
12 years ago
- magnit bolmasa aylana
-
alemdarov
12 years ago
- magnit bolmasa aylana
-
alemdarov
12 years ago
- magnit. Bolmasa aylan
-
ependi
12 years ago
- sen ynanýan bolsaňam men olar ýaly zatlara ynanamok, seň bul edip otyrşyň tireparazlyga barýa, menem teke, menem tekeler ýomutlary eýtdi beýtdi diýip dursam saňada ýaramaz şoň üçin biderek gürrüň gerek däl
-
magnit
12 years ago
magnit. bolmasa aylan alemdarov |
Sen gelip shutayda tirecilik edishin bolanok! aylanan yaly sen ozune jogap ber! Tuweleme gowy bolupdyr turkmenleri yenen bolsanyz, gutlayan! Yone töweregindakilere sylagyn bar bolsa, begenjini icinde sakla!
-
magnit
12 years ago
- taryhda nirde yazylanay o waka biz gabat gelmedikle ?!
-
ependi
12 years ago
- gör Türkmen Türkmeni ýeňenine begenýän ekendä
-
nlo
12 years ago
- uffffffffff goyun how şu tireparazlygy biz dogan bir dogan. başga zat yok . name gerek men yomut sen teke diymek.on yaly zatlary taryha gömelin we unudalyn .biz türkmen.şu zady hiç unutmalyn.hayş doganlar beyle zady ulanmalyn .internetede durmuşdada. biz hemmamiz oguz hanyn nesli. heyde dogan dogana şeyle diyerlermi.biz bir dogan we türkmen .başga zatlary zynalyn
-
ependi
12 years ago
- şoda
-
idealman92
12 years ago
- nlo,oz tiresini sylayan turkmen,oz tiresine gowni yetyan turkmen hich tireparazlyk etmez
-
sido
12 years ago
- Tireparaz diymek Rasizm
-
nohurlyagza
12 years ago
- Hawa Sarlawukda Tekegyrlan diyen yer bar. ýaşululaň aýtmagyna görä şol ýerde gyrgynçylyk bolupdyram. ýöne bu gün geçen uruşlary ýatlamak gowy däl. nohurda han ýok diýşiň ýaly. nohur giňdä dolandyrardan.
-
alemdarov
12 years ago
- men tireparazlyk edemok, turkmen turkmeni yendi dp begenemok men yone mysal getirdim icinizde taryha gyzysyanynyz bardy belki, men sizin ahliniza sylagym bar. Begenyan turkmen digime, ne mutlu turkmenim diyene
-
nohurlyagza
12 years ago
- ne sakally murtum diýene
-
girkanya
12 years ago
- Dostlar men beren soragymy dawa hökmünde garshylamañda shu wagtky taypalar bolmasa türkmen bolmazdy shol taypalaryñ ählisiniñ hem türkmeniñ türkmen bolmagynda uly orny bardyr her taypañ öz yeri we öz taryhy bardyr biz shoña hormak goymaga borclydyr taryhymyza buysanyñ men taryhcy bolup taryhymyza buysanyaryn
BAGTDYR TÜRKMENE BU DÖWRAN
-
1merdan
12 years ago
- Jüneýt hanyň hakyky ady Gurbanmämmet serdar bolup, ol 1862-nji ýylda häzirki Görogly etrabynyň Bedirkent obasynda dogulýar. Onuň kakasynyň ady-Hajybaý. Jüneýt han ýomutlaryň orsukçy urugynyň jüneýt tiresindendir. Onuň ogullary Eşşi bilen Eýmir hem örän edermen ýigitler bolypdyr. Jüneýt han birnäçe wagt öz obasynda kazy we mirap bolyp işläpdir.
20-nji asyryň başlarynda Hywa hany patyşa hökümetiniň goldawyna daýanyp, türkmenleriň üstünden hökümdarlygyny berkitmek maksady bilen, olara agyr düşýän ýer-suw reformasyny geçirmäge synanyşýar. Şonsuz hem patyşa hökümetiniň kolonial syýasaty zerarly horluk baryny gören türkmenler ýaraga ýapyşmaga mejbur bolýar. Türkmeniň şeýle agyr ýagdaýa düşmegi, Jüneýt hany orta çykarýar. Ilkibada ol özüniň gowy ýaraglanan garyndaş toparlaryny töweregine jemläp, serdar adyna mynasyp bolýar. Soňra ownugyrak galtymanbaşylaryň, serdarlaryň birnäçesini özüne tabyn edýär, hatda, adalatyň hatyrasy üçin özüniň doganoglanyny-da öldürýär. Şeýle hereketleri bilen ol il arasynda adygyp ugraýar. Öz tiresiniň ady bilen baglanşykly ony Jüneýt han diýip atlandyryp başlaýarlar. Sebäbi ol öz obasyndaky ilatyň garyp, ýa-da baý bolmagyna garamazdan, olaryň ar-namysyny,hak-hukugyny goramagy başarypdyr. Jüneýt hanyň adalatly taraplary barasynda il arasynda aýdylýan gürrüň köp. Şolaryň birinde şeýle diýilýär: “ Bir gün Jüneýt hanyň ýanyna ýomutlaryň uşak urugyndan bir pukara gelipdir. Ol:- Alty ýyllap baýyň dowaryny bakdym, keýwanym hem şolaryň gapysynda hyzmat etdi, indem dogmamyz ýetişdi, öýli-işikli etmek üçin mal-teňňe gerek diýsem, ýeňsesi bilen gepleşýär—diýip, hana arz edipdir. Onda Jüneýt han:-näme üçin öňräk gelmediň? Diýipdir. Ol Hudaýlygymy sözlesem, şol baý siziň bilen gatnaşykly bolansoň çekindim-diýip jogap berýär. Onda Jüneýt han: Özünden ejizi ynjydýan bolsa, iki gözümiň birem bolsa, menden şoňa egilşik bolmaz. Onda şeýdýäs, alty ýyllyk hakyň üçin baý gyzyny seniň ogluňa berer. Häzir men seniň üçin birküç adamy gudaçylyga iberjek. Aýalyň hyzmatyny öýüňe ýetip bilmänkäň üzlüşer ýaly ederin. Bu gürrüňe agzy uçuklan pukara zordan gürrüňini düşündiripdir. Ýöne han gürrüňi çagalatmandyr:-Bar-da toý gamyň bilen bolyber, saňa, täze guruljak ojaga gyýa göz bilen garamaga milt etse, men şol baýa ärmämmet diýerin-diýipdir”
1912-13- nji ýyllarda Hywa hany patyşa hökümetiň kömegi bilentürkmen obalaryndaky gozgalaňy basyp ýatyrmak üçin harby ýöreýiş geçirýär. Jüneýt han bolsa türkmenleri töweregine jemläp, olara garşylyk görkezýär. Indi Jüneýt hana diňe türkmenler däl, eýsem, Hywa hökümetiniň alyp barýan syýasatyndan nägile bolan özbekler, garagalpaklar, gazaklar hem aktiw goldapdyrlar. Ol halkyň bähbidini hiç bir zada çalyşmandyr. 1913-nji ýylda türkmenleriň ýaraglanan topary 15-müňe ýetipdir. Türküstan patyşa Russiýasyny gysyp çykarmakda Jüneýt hanyň uly daýanç boljakdygyna käbir daşary ýurt hökümetleri hen oňat düşünipdirler.Şoňa göräde 1914-nji ýyldan başlap Jüneýt hanyň ähli alyp barýan işlerine ilki germen-türk, soňra bolsa iňlis-türk razwetkasy goldaw berýär.
1916-njy ýylda Hywa hanyň eden-etdiligi, patyşa Russiýanyň kolonial sütemi diňe bir türkmenleriň däl, eýsem özbekleriň, garagalpaklaryň we beýleki halklaryň hem halys degnasyna degýär. Hywa hany ýerli halkyň namysyna degip, hatda ýetişen gyzlary zorluk bilen öz köşgüne getirmäge çenli baryp ýetýär. Şonuň üçin Jüneýt han türkmen ar-namysy üçin ykjam aýaga galýar.Ony goldaýan toparlar has köpelýär. Sebäbi ol her bir meseläni akylly we adalatly çözmegi başarypdyr. Jüneýt han gerek ýerinde näçe gazaply bolanda bolsa, yslam dininiň we şerigatynyň düzgünlerini dogry we berk ýöredipdir. Bu meselede ol han işan bilen bilelikde hereket edip, Hywa hanlygyny, başarsa, bütün Türkstany rus basybalyjylaryndan halas etmäge çalyşýar. Ýöne bu meselede Hywa hany Isfendiýar belli bir derejede päsgel berýär. Onuň etmişleri zerarly, özbekler, garagalpaklar häli şindi Jüneýt handan kömek sorap, arz edip gelýär eken. 1916-njy ýylyň ýanwarynda Hojailidäki özbekler özleriniň nägileliklerini aýtmaga Hywa gelende, Isfendiýar han olary tussag edýär. Hojailiň ýaşulylary kömek sorap, Jüneýt hana ýüz tutýarlar. Ol hem üç müň atly nöker bilen Hywa galasynyň sebitine gelip, tusag edilenler bir gije-gündüziň dowamynda boşadylmasa, Paýtagta girip, ählisini derbi-dagyn etjekdigini Isfendiýar hana duýdurýar. Gepleşik netije bermänsoň,,,,,,
-
1merdan
12 years ago
- Jüneýt han diýenni hem edýär. Isfendiýar hany bolsa tagtdan düşürýär. Emma patyşa administrasiýasynyň bu işe goşulmagy bilen ol ýene-de öz tagtyna geçirilýär. Jüneýt han bolsa ondan 60 müň manat hun alyp, ýene-de yzyna dolanýar. Ýöne ýurtda halk gozgalaňy barha möwç alýar. Gozgalaňy basyp ýatyrmak üçin general Galkiniň ýolbaşçylygynda jeza beriji otyrýad türkmen obalarynyň içinden ot we gylyç bilen geçýär. Bu gyrgynçylyk ilat arasynda häli-şindilerem “Galkin ýyly” diýip ýigrenç bilen ýatlanylýar.
1916-njy ýylyň gozgalaňy basylyp ýatyrylandan soň, Jüneýt han Owganystana gidýär.1917-nji ýylyň sentýabyrynda ol Owganystandan yzyna dolanyp gelende, ýurtda ýagdaý düýpgöter üýtgäpdi. Hywada wagtlaýyn hökümet Isfendiýar han bilen bilelikde halkyň rewolisýon hereketine garşy aýgytly göreş alyp barýardy. Jüneýt hanyň ozalky alyp baran ähli göreşi rus kolonizatorlaryna we Isfendiýar hanyň eden-etdiligine garşy gönükdürilen bolsa indi wagtlaýynça olar bilen umumy ylalaşyga gelip, Sowet häkimetine garşy göreşmeli bolýar. Bu ýagdaýda Isfendiýar han hem Jüneýt hanyň güýjine daýanmasa, ýurdy özbaşdak dolandyryp biljek däldi.
Hywa tagtynda başga bir han otyrsa-da, hakykatda 1918-20-nji ýyllarda bütin Hywa hanlygyny Jüneýt hanyň özi dolandyrýar. Her beglikde öz adamlaryndan ýörite wekil goýýar. Ol berkarar eden tertip-düzgünine tabyn bolmadyklara dözümli darapdyr. Hut şonuň üçin Jüneýt hanyň ýurdy dolandyran döwürinde ogurlyk, talaňçylyk, günäsiz adamy öldürmek, esassyz nika bozmak ýaly türkmençilige mahsus bolmadyk hadysalar bolmandyr. Şol döwüri gören ýaşulylaryň aýtmagyna görä, hemme zat ýatan-ýatan ýerinde, hiç kim kişiniň zadyna birugsat el degirmändir.
1918-nji ýylyň baharynda Bedirkent obasynda başlanan ilkinji elektrostansiýanyň gurluşygy soňy bilen hanyň raýatyndakylary yşyk bilen üpjin etmeli eken.Ol öziniň manatlyk pulyny çykardýar we salgyt sistemasyny girizýär.Bu,elbetde, özbaşdak türkmen döwletini gurmaga bolan synanşygyň alamatydyr.
Hywa hany Isfendiýar eden-etdilige ýüz urup,halkyň nägileligini gazanýar we Jüneýt hanyň geçirýän çärelerine päsgelçilik döretmäge synanşýar.Şonuň üçin 1918-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda ol Jüneýit hanyň görkezmesi boýunça öziniň köşginde öldirilýär.Onuň ýerine Isfendiýaryň kiçi dogany Seýit Abdylla töräni tagta çykarýar.Emma ähli halk Jüneýit hanyň elinde jemlenýär.Ol Anglýa,Turkiýa,Owganystan,Eýran,Buhara we Turküstanyň ähli künjekleri bilen aragatnaşyk saklaýar.
1918-nji ýylyň 25 –nji noýabrynda Jüneýit hanyň Dörtgülde Sowet häkimýetini agdarmak üçin eden hereketini şowsyz gutarýar. Ol 1919-njy ýylyň 9-njy aprelinde Tagta etrabynda Sowet häkimiýeti bilen parahatçylykly ýaşamamak baradaky ylalaşyga gol çekýär.Gol çekişligiň yz ýany amatly pursatdan peýdalanyp,Zakaspi frontynyň ştaby front üçin 700 atly nöker ibermegini Jüneýit handan haýyş edýär.Emma Jüneýit han bu haýyşy kanagatlandyrmak islemändir.Eger kömege iberäýende-de, köp mukdarda ok-ýarag talap edipdir.Üstesinede, kömege iberiljek atlylary musulmanlaryň,Oraz serdaryň we Eziz hanyň garşysyna ulanmaly däldigini duýdyrýar.(Ol Eziz han bilen ýakyn aragatnaşykda eken)Sowet häkimýetiniň wekilleri bu teklibi kabul etmeýär.
1920-nji ýylyň 22-23-nji ýanwarynda Bedirkentde we Gazawatda Gyzyl goşun bilen bolan aýgytly söweşden soň, Jüneýt hanyň atlylary öz maşgalalary bilen gurma—Akjaguly diýen ýere çekilýär. 1921-nji ýylyň aprelinde Han işanyň ýolbaşçylygynda Owganystandan, Şyhym Sülgüniň ýolbaşçylygynda bolsa Eýrandan 3 müň tüpeň,54 müň ok, birnäçe pilýument we başga-da dürli harytlar gelýär. 1924-nji ýylda Gargumda Palçykly diýen ýerde ornaşan Jüneýt hana Owganystandan ýene-de 270 düýe ok-däri, ýarag we başga harytlar gelýär. Şol ýylyň ýanwarynda ol Daşoguz, Maňňyt, Şabat, Gazawat, Haňka ýaly etraplary eýeleýär we Hywa howp salýar. Emma Gyzyl Goşunyň jemlenen uly otyrýady Jüneýt hanyň toparyna güýçli zarba urandan soň, ol ýene-de guma çekilmäge mejbur bolýar.
Sowet häkimetiniň wekilleri Garagumda ornaşan Jüneýt han bilen özara ylalaşyga gelmek üçin gepleşikler geçirilýär. Oňa G.Atabaýew, N.Aýtakow dagy hem uly sarpa goýypdyrlar. Halk kamissarlar soweti 1925-nji ýylyň 4-nji aprelindäki karary bilen onuň emläginiň we graždanlyk hukugynyň eldegirilmesizligini ykrar edýär. Jüneýt hanyň garamagyndaky adamlar üçin 5 müň gektar ýer bölüp berip, olary üç ýyllap salgytdan boşatmak we pul kömegini bermek hem göz öňüne tutulýar. Emma Jüneýt han ylalaşyga gelmändir. Ylalaşyga gelmän akylly iş edipdir. Jüneýt hanyň mamladygyny soňky wakalar görkezdi. Sebäbi Gaýgysyz Atabaýewiň özi hem totiretal düzgünleriň pidasy boldy.
1927-nji ýylda Jüneýt hanyň Sowet häkimetine garşy Ýylanlynyň töwereklerinde alyp baran birnäçe söweş hereketleri şowsuz gutarýar. Şondan soň 1928-nji ýylyň iýýun aýynyň aýagynda az sanly nökerleri bilen Eýrana geçýär.Soňra 1929-njy ýylda Owganystana göçüp, Hyrat welaýatynyň obalarynda türkmenleriň arasynda meken tutýar we 1938-nji ýylda şol ýerde aradan çykýar. Eşşiniň iki ogly Älem serdar bilen Söýer Hyrat şäherinde ýaşaýar. Eşşiniň uly ogly Taýça soň eýrana göçüpdir we şol ýerde aradan çykypdyr. Taýçanyň 4 ogly häzir Eýranda ýaşaýar.
Jüneýt han käbir ýagdaýlarda kem-käs öte geçende bolsa, umuman, onuň alyp barýan işleri adalatly we külli türkmeni birikdirip, bitewi özbaşdak döwlet döretmäge edilen synanşyk bolypdyr. Ol daşary ýurtlarda bolanda-da öz ýany bilen gidenleri hor-zar etmändir, türkmen adyny belent tutypdyr.
Türkmenistanyň ylymlar akademýasynyň
“ENSIKLOPEDIÝA” neşirýaty
Aşgabat -1992
-
1merdan
12 years ago
- Atamyrat han Könürgenç etrabynda ýaşan ýomutlaryň öküz urugynyň gutlybaý tiresinden bolup, ýaş wagtynda Hywa medresesinde bilim alýar. Ol Hywa hanlygynda ýaşaýan türkmenleriň 1855-67-nji ýyllarda garaşsyzlyk ugrundaky söweşine baştutanlyk etýär.Türkmenleriň bu gozgalaňy 19-njy asyrda Orta Aziýada bolan halk hereketiniň iň ulysydyr.Atamyrat hanyň kakasy Orazmuhammet serdar we agasy Amannyýaz serdar Hywa goşunynyň sastawynda türkmen nökerlerine baştutanlyk edip, birnäçe gezek harby ýörişlere gatnaşypdyr. Emma Mary etrabyna edilen harby ýörişleriň birinde Amannyýaz serdar milli duýgudaşlyga eýerip, öz türkmenlerine garşy söweşmekden boýun gaçyranlygy üçin, Hywa hany ony beýik minaradan zyňdyryp öldüripdir. Onsuz-da , türkmenler bilen hywanyň arasynda ýer-suw meselesi babatda ýiti gapma garşylyk dowam edýärdi.B u waka hem üstesine bolýar. Hywa hanynyň eden etdiligine garşy Atamyrat hanyň ýolbaşçylygynda türkmenler köpçülikleýin baş göterýärler.
Sarahs söweşinde (1855) Mädemin han öldürilenden soň , Hywada Abdylla han tagta çykýar.Ol 1855-nji ýylyň maý-awgustynda Hywa hanlygyndaky ýomutlaryň gozgalaňyny basyp ýatyrmak üçin harby ýöreýiş edýär. Aksaraý, Ýylgynly we Ýekederek diýen ýerlerde bolan harby çaknyşyklarda türkmenleriň birleşen topary Hywa goşunyny derbi-dagyn edýärler we Abdylla hanyň özünide öldürýärler
Şu wakadan soň Atamyrat han ýomutlaryň esasy toparynyň baştutany höküminde ykrar edilýär we onuň abraýy has ýokary galýar. Abdylla han öldürilenden soň, Hywada tagta çykan Gutlymyrat han (1855-56) türkmenler babatda örän hilegär syýasat alyp barýar. Bu maksady üçin ol hatda Ahal, Mary türkmenlerinden-de goldow tapmagy başarypdyr.
1855-nji ýylyň noýabr-dekabr aýlarynda bolan aýgytly söweşde ýomut, ýemreli, çowdur we beýleki türkmen tire taýpalary Atamyrat hanyň baştutanlygynda özara birleşip, Hywa goşunyny ýeňýärler. Şondan soň Hywa hanlygynyň bütin demirgazyk-günbatarynda Atamyrat han öz hökümdarlygyny ýöredipdir we türkmenleri Hywa hanlygyna tabynlykdan çykarypdyr.
1856-njy ýylyň fewralynda türkmenleriň goldaw bermeginde Gutlymyrat han hem öz garyndaşy tarapyndan öldürilýär we Hywada tagta 34 ýaşly ogly Seýit Muhammet han(1856-64) çykýar. Ol türkmenleri ýarag güýji bilen boýun egdirip bilmejegine gözi ýetip, türkmen tire-taýpalaryny biri-birine garşy öjikdirmek syýasatyny alyp barypdyr.Şol bir wagtda türkmen, türkmen, özbek, gazak, gozgalaňçylaryna garşy harby güýç ulanypdyr.
1858- nji ýylyň oktýabyrynda Atamyrat hanyň kömek bermeginde Goňrat begliginde garagalpak gozgalaňçylary hem ýeňiş gazanýar. Muhammet Pena bolsa Goňradyň hany diýlip ykrar edilýär. Hakykatda Goňrat begligi ýomutlaryň 25 sany kethudasy tarapyndan dolandyrylypdyr, ähli işlere Atamyrat hanyň egindeşi Berdi iňlis ýolbaşçylyk etýär. Ýöne ýomutlar bu ýerde eden-etdilige ýolberip, halkyň närazylygyny döretýär. Bu ýagdaýdan peýdalanyp, Hywa hany Goňrat begligini ýene özine tabyn edýär. Atamyrat han we ony goldaýan toparlar bolsa hiç wagt Hywa hanyna tabyn bolmandyrlar. Emma türkmenler agzala bolansoň, öz maksadynyň amala aşmajagynada gowy düşünipdirler.
Şonuň üçin Atamyrat han 1858-nji ýylyň tomusynda Hywa hanyň zulumyna garşy göreşmek üçin patyşa Rusiýasyndan ok, ýarag bermeklerini hem-de raýatlyga kabul etmekligini sorap haýştnama ýazýar. Emma onuň haýyştnamasy kanagatlandyrylmaýar.
1865-nji ýylda türkmenleriň barlyşyksyz duşmany Seýit Muhammet Rahym 2 Hywa tagtyna çykýar. Ol türkmen etraplaryna akýan ýaplaryň suwyny bekläp, olara garşy goşun sürýär.1866-67-nji ýyllarda olaryň arasynda harby çaknyşyklar yzgiderli gaýtalanyp durupdyr. Bu agyr ýagdaýdan hiç hili çykalga bolmansoň, Atamyrat han ýene-de Patyşa Rusiýasyndan howandarlyk isläp, olara birnäçe gezek ýüz tutýar. Ol hem netijesiz gutarýar. Üstesine-de, Hywa hany türkmenlere Hywa bazaryna barmagy we galla satyn almagy gadagan edýär. Bu agyr ýagdaý türkmenleriň belli bir bölegini Hywa hany bilen umumy ylalaşyga gelmäge mejbur edýär.
Şeýlelikde, Atamyrat hanyň Hywa hanynyň sütemine garşy 12 ýyllap alyp baran aýgytly göreşleriň iň soňkysy 1867-nji ýylyň awgustynda basylyp ýatyrylýar. Atamyrat han bolsa Hywa hanlygyna tabyn bolmagy özine namys bilip, 40 öýli türkmen bilen Balkan etrabyna göçýär. Ol çelekende ýaşan döwürinde rus goşunlarynyň Krasnowodskidaky otrýadynyň naçalnjgi bilen ýakyn aragatnaşyk saklapdyr. 1873- ýylda patyşa rusiýanyň goşunlary Hywa hanlygyny basyp alandan soň, Atamyrat han ýene-de öz dogduk mekanyna göçip barýar we şol ýerde ömüriniň ahyryna çenli ýaşaýar.
Atamyrat hanyň uzak ýyllaryň dowamynda alyp baran göreşiniň düýüp maksady ähli türkmenleri birleşdirip, Hywa hanynyň zulumyndan azat etmekligi we olaryň hiç kime garaşsyz, özbaşdak bolmagyny üpjin etmekden ybaratdyr. Emma türkmenleriň bilgeşleýin öjükdürilen özara agzalalygy bu maksady amala aşyrmaga päsgel beripdir. Ýöne türkmen halkynyň bähbitini näçe ileri tutan hem bolsa, ol özüniň Hywada hökümdarlyk etmek maksadyny hem aradan aýyrmandyr.
Türkmenistanyň ylymlar akademýasynyň
“ENSIKLOPEDIÝA” neşirýaty
Aşgabat -1992
-
nlo
12 years ago
- alemdarow gaty goraydin oydyan. ötünç sorayan .
-
URGENCLI
12 years ago
- yeňendir turkmeni hut turkmen bilen
eger yeňen bolsa turkmeni duşman
-
Panturkist
12 years ago
- gowşut han, jüneyt han, eziz han ... meniň faworit hanlarym.
-
1merdan
12 years ago
gowşut han, jüneyt han, eziz han ... meniň faworit hanlarym.
menem edddddil şulary has gowy sylaýan Nurberdi han hem bar ýöne meniň sanawymda
Panturkist | 2012-01-18 19:34:53
-
Kuraldyshy
12 years ago
''entagem sol teke gyrlan yer bar,''
maryda-da soldat gyrylan diyip yer bar, ata manelinin bolşewikleri öldüren yeri. taryh akyl almak üçindir. goy bir tirani, bir musulmanyn başgasyna üstünligi yok, we biz yaşlar gelejek üçin ya-da geljegi çalt gowylaşdyrmak üçin başga welayatlardan we tirelerden bagtymyzy gözlesek gowy bolar :)
-
alemdarov
12 years ago
- nlo. Name ucin gaty goreyin
nohurlyagza 12 years ago- garamämmet hany bilýän. düýe bakýan ekeni.