Tmler gelin yashmak dakmak dabi bar. Gelinlere yashmak dakmak hokmanmy yada hokman dakmalymy?
Gelin-yashmak
-
ependi
13 years ago
- hökman dakmaly!
-
turkmentalyp
13 years ago
- bet yigide:
kynlashdyryp yashmak ashagynda gurlemek gerek dala. ol gayyn ata arkayyn aydybermeli. yat adam dala. men shony aydyan. eyyam gelinin atasy hokmunde duryan adam.
-
ependi
13 years ago
- olam bir sylag bolýa garrylara
-
Tourist
13 years ago
- Hokman dal bolsa dakmazdylar
-
ependi
13 years ago
- hemem ulylara
-
Dubaii
13 years ago
- Gerek yerinde gurlese gelin gurlese gowy yasynsada.
-
turkmentalyp
13 years ago
- ululara sylashygy yashamak dakmak bilen kesgitlenenokmyk diyyan ependi. dakmanam ululary sylap bolyar.
-
magshuk
13 years ago
- Gelinler eger ya$mak dakynmasalar onda gelinlerin oyden gidernleri kop bolar
-
turkmentalyp
13 years ago
- yashmak onda oyden gidirmezlik uchin dakylyarda? nadip beyle bolyarka?
-
ependi
13 years ago
- menem sylap bolanok diýemoga, olam olam bir sylag bolýa diýdim
-
turkmentalyp
13 years ago
- yashmak dakmanam asylly bolup bolyar. esasy dushunja bagly. yashmak dakmak parzam dal.
-
ependi
13 years ago
- meň üçin parz şol boldymy?
-
turkmentalyp
13 years ago
- ependi dushmedim in sonky soraga.
yashmak dakmasan onda bir sylagsyzlyk bolyarda?
-
ependi
13 years ago
- howwa men şeýle kabul edýän, dakynmasa ýoluň açyk diýäýmeli borda
-
turkmentalyp
13 years ago
- ok ependi sag bol pikrine.
yone men uchin yashmak dakynyp dakynmazlygy uly bir manysy yok.
-
ependi
13 years ago
- uzyn köýnek geýmegem parz däl, jinsi geýdiribermeli muňa näme diýýäň?
-
ependi
13 years ago
- bar bar
-
turkmentalyp
13 years ago
- parz dalligini nirden bilyan?
-
ependi
13 years ago
- ýaşmak dakmagyň parz däldigini nireden bilýäň
-
turkmentalyp
13 years ago
- dinimiz yashmak dakyn diyenok. shondan parz dal bolyar.
-
turkmentalyp
13 years ago
- sen ilki ozune berlen soraga jogap bersene ependi. soraga sorag bn jogap berme.
-
ependi
13 years ago
- ýaşmak dakmasada gelin bormaý
-
Selman
13 years ago
türkmen gelni.
-
mirasymyz
13 years ago
- Dogry türkmentalyp parz däl. Ol bir däp-dessur. Özem hiç-hili zyýany bolmadyk, peýdasy gaty kän bolan däp-dessur. Daşary ýurtly bolaýmasa men-ä türkmeniň gaýnatasy bilen ýaşmaksyz gürleşip oturanyny göz öňünede getirip bilemok.
Onsoňam dost, gaýynenesi bilen diýmän, gaýynatasy bilen gürleşmegini sorapsyň. Biziňkiler-ä gaýynenesi bilen hem belli bir wagta çenli ýaşmakly gezýär. Allaha ýüzde müň şükür hiç-hili zyýana göremzok, taryhlar boýunça. Ýaşmak ýaşynyp başlany bäri ahlaksyz bolupdyr diýibem-ä eşidemok. Gaýta ýaşmagyny gaýyn agalaryna garşy, gaýnatasyna garşy açany edepsiz, haýasyzrak hasap edýäler. Elbetde bu aýdanym däp bolan ýerlerde.
garaz seň aýdýanyň bilen düýbünden ylalaşamok. Käbir welaýatlarda meň bu agzaýan däbim ýok eken. Sizem şol ýerlerden bolsaňyzam bilemok. Meň diýýänlem onsoň size agyr degip biler. Ýöne seňem diýýäniň bize saňa degenindenem agyr degýär.
Onsoňam dost şeýlede indiki gyzlaryň, gelinleriň eşigi öňküler ýaly däl. 1997-98-nji ýyllardaky suratlara seretseňem aýal-gyzlar giň köýnek geýýän eken.
Ýöne garşy çykmagyňa näme sebäp boldy? Ýaşmagyň zyýany hakda aýdyp ber biz hem bileli.
Onsoňam döwürüň eşigi şeýlede ýukalyp barýar. Bu ýere gelip siziň däbiňiz dereksiz diýip durmaňda-da.
Mümkin sen daşary ýurtlaň şu meseledäki ýagdaýyny görüp hem diýýän bolmagyň ahmal. Ýöne Allaha şükür seň diýýän ülkeleňden biziň ülkämizde nika bozulmalary az bolýandyr-a öýdýän.
Onsoňam dost ol meseläni erkek bolup gozganyňy geň gördüm. özüm Ahally bolanymsoň diýýän. Men ýekeje maglumatam eşidemok, täze gelin ýaşmak dakjak däl diýdi diýip. Olar tarapdan bir garşylyk bar bolsa. Ýöne senem eşidensiň-ä öýdemok.
Bagyşla dostum göwnüňe degen bolsam. Käbir däp-dessurlarymyza bir zat diýjek bolsalar gaharlyrak ýazaýýan. Gaty görme!
-
turkmentalyp
13 years ago
- miras mana sizin diyyanizi gownume alyp darygamokla.
dakyanlar daksyn, baryp sen yaman ish edyan ahlaksyzam diyemok. men ozumem ahally, teke. dakmayanam gordum tekeler ichinde. gayynlary bar yerde oyde yashmaksyz oturyp gatnashyp yorenlerem gordum.
yone yashmakda men kan bir many goremok. ya ol bir belany azaldyar diyibem pikir edip bilemok.
barde pikir alyshylyar. dakyanlara at dakjak bolamok.
-
ependi
13 years ago
- mirasymyz agam ýüregim bolduňaý sagja bol:)
-
ependi
13 years ago
- bugün ýaşmagy aýyrsaň ertir gyňajy aýyrarlar
-
turkmentalyp
13 years ago
- mana gelin yashmaksyz bolsa bolsun esasy yapmaly yerini yapynyp asylly geyinse bolyar. shol mana in esasy zat. yashmaga bar unsumi beremok, bermegem manysyz diyip hasaplayan.
-
turkmentalyp
13 years ago
- ependi ayyrmazlar. gorkma.
-
mirasymyz
13 years ago
- Howwa, türkmentalyp gatyrak diýäýýän diýip aýtdym. Bagyşlarsyňda. Ýöne bu däp hiç-hili yrym bilen baglanyşygy ýok. Belany hem gaýtarmaz. Aýal maşgala gybaty köp edegend-ä. Onsoň köp ýerde lagyr-lagyr gürlär oturar, gürlär oturar. Ýaşmakly bolsa (ýaşmakly bolsa diýýänim, ýaşynmalylardan ýaşynýan bolsa) sesini çykarmanjyk sessizje, edeplije oturar.
Köp gürlän köp ýalňyşar, köp ýalňyşan köp günä gazanar, köp günä gazananam ...
-
turkmentalyp
13 years ago
- yashmak gybaty azaldar diyip pikir edemok. esasy zannynda bolmaly. yashmakly bolubam gybaty duzuryp bolanok. esasy imany kamil bolsa azalar gybat etmesi.
-
mirasymyz
13 years ago
mana gelin yashmaksyz bolsa bolsun esasy yapmaly yerini yapynyp asylly geyinse bolyar. shol mana in esasy zat. yashmaga bar unsumi beremok, bermegem manysyz diyip hasaplayan.
turkmentalyp | 2011-09-18 04:20:49
Bu aýdýanlaňam dogry. Käbir ýerlerde bar, köýnegi ýartydyr, ýöne ýaşmagyny dişlän bolup oturandyr.
-
ependi
13 years ago
- şäherlileň tapýan zadydyrlaý şulam
-
ependi
13 years ago
- türkmentalyp gyňaç dakmak parzmy?
-
mirasymyz
13 years ago
yashmak gybaty azaldar diyip pikir edemok. esasy zannynda bolmaly. yashmakly bolubam gybaty duzuryp bolanok. esasy imany kamil bolsa azalar gybat etmesi.
turkmentalyp | 2011-09-18 04:24:41
Howwala esasy imany kämil. Ýöne dost hiç-hili zyýany hem ýok şonuň. Men-ä şol hem edepdenmik-ä diýýän.
-
turkmentalyp
13 years ago
- ependi:
Huday zenanlara yapynyn diyyar. shol sebapden isle gynach bn yapyn isle bashga zat bn ol wajyp dal. esasy yapynmak wajyp.
-
ependi
13 years ago
- onda şol ýaşmagam gerek
-
turkmentalyp
13 years ago
- ependi onda yashmagam gerek diyyenok Huday. yapynmak gerek diyyar. yone yuzi achyk dursyn diyyar. Gayyn atanyzy, eneniz size yat adamlar dal diyyar. Olardan yashynyp yormeli dal diyyar, goyya kakan yaly adam olaramm geline. namahram dal olar.
-
magshuk
13 years ago
- eger oyde gelin ya$mak dakynmasa onda oyun sylagy gacar. Mysal ucin: gelin gayyt atasyna, gayyn agasyna, gayyn enesine diyjegini diyer onson $eylelik bilen oyde ur$ turmagy mumkin
-
turkmentalyp
13 years ago
- akylly gelin bolsa magshuk hich zadam bolmaz.
-
ependi
13 years ago
- nirede ýaşmak dakynmaly däl diýilýä? menä entäge çenli eşdip göremok
-
magshuk
13 years ago
- turkmentalyp. eger sen ballyn gelni sen bilen ha-ha-hay edip otursa $ol gowy bolardymy?
-
magshuk
13 years ago
- öňki türkmen gelinleriniň geýýän eşikleri we dakynýan şaý-sepleri obşy 36 kg ýetipdir. indikiler bir ýaşmaga güýçleri ýetenokmy?
-
mirasymyz
13 years ago
- akylly gelin bolsa magshuk hich zadam bolmaz.
turkmentalyp | 2011-09-18 04:43:36
Her kim peýdasy hakda ýazdy, bolmasa siz zyýanyny aýdyňda.
Ependi dost ýaşmak Yslamda parz zat däl. Ol biziň däp-dessurymyz. Käbir aýdylýan aýtgylarymyz, däp-dessurlarymyz hem köplenç din bilen baglanyşykly. Mümkin bir baglanýan ýeri bardyr. Orslaň gelip ýaşmak dakdyrmanyna anyk bilýän.
Türkmentalyp size ýene düşünemok. Geýim meselesinde häzirki döwürde gaty uly kemçiliklerimiz bar, din bilen baglaňda (köplenç din bilen baglanyşdyraňsoň diýýän).
gel-gel indi ýaşmakdan tutuşyňy birhili geň görýän.
Ýene-de "gowy gelin şeýlede eýder", ýa "beýder" diýýäň. Onuň ýaly bolsa gaýnyny gowy görýän, sylaýan, hormat goýýan balagy ýapaýsa budyny ýapýan, kükregi gowy görnüp duran ors zenanlarama bardyr.
Ýa-da oýnaşy bilen bolup ýören, goňşy-golama hormat goýup, hiç-kime ýamanlygym ýok diýip ýören "medeniýetli" gelinlerem bardyr. Olara näme diýjek.
Ýaşmakdan ýa-da gyňaçdan gep çyksa hökman "ýaşmakly bolup şeýdip ýörenem bar", "gyňaçly bolup beýdip ýörenem bar" diýäýýäňiz. Bu ýerde mesele ýaşmakda ýa gyňaçda däl. süri agsaksyz bolmaz. hökman herhilisi bardyr. Ýöne diňe gyňaçly ýa-da ýaşmaklylar ters gezýär diýilen zat ýok. Bu diňe ejiz adamyň mysal tapýan zadymyk-a diýýän.
onsoňam şu meseläni ulaltmasaňyz gowymyka diýýän. Bir gün ýene biri çykar "Magtymgulyny okamaly däl" diýip. Olam Kuranda ýa hadysda oka diýmändir-ä diýer.
Magşugyň aýdanyna doly goşulýan.
-
ependi
13 years ago
- örän dogryja
-
turkmentalyp
13 years ago
- gynach barada ependi sorady. sen yazanlarynda men gynach barada aytmadymm mirasymyz.
yashmak hokman dal men pikrimche sebabi parz zat dal. gysgagacha sheyle. magtymguly barde prichem.
dakyan daksyn. olara at dakamok, sowemok, obalylar diyemok. barde pikir alyshylyar.
yashmak gerek dal. shuny diyyan mirasymyz.
yashmak dakman yarym yalanach geyip jikkileship yorenem gollamok. yone yashmak bu meselani chozyandigine hem ynanamok. chozyan zat adamyn dushunjesi. zenanlara owretmeli yashlykdan shol zatlaryn yamanlygyny. son bashga ojaga gelend-de yolashy owretmeli, hokman yashmak dakdyrjak bolup gayrat etmeli dal. mylayymlyk bn owretsen we adalatl bolsan shonda kop zat chozler.
-
ependi
13 years ago
- aý onda türkmentalyp sen ýaşmak dakdyrmada bizä dakdyrjak şony, ynjaldyňmy?
-
turkmentalyp
13 years ago
- magshuk name ucin hay-hay-hay edyanini bilmeli ilki. sen diyyan hadysanda yashmagam komek etmeyar eger adalatsyz bir zat edilen bolsa. hay-hay edyan bolsa yashmak dakmayanlygyndan dal magshuk, bir emmasy bardyr, ilki shony bilmeli. son karar almaly.
-
ependi
13 years ago
- türkmençilik ýitip barýaraý
-
magshuk
13 years ago
- ob$am taze zat çykarmaýlyň adamlar. Ata-babalarymyzyn eden i$lerini dowam edeylin. Turkmencilikde ol zatlaryn hic hili zyyany yoga. gaytam sylag - hormat bolyar. Mysal ucin: Eger oyune bir tany$ biri gelse, mysal ucin i$garin. seňem aýalyň owadanja bolsa. onuň ýüzüni gorüp işgäriň içinden oňa bir zatlar diýse gowy dälä
-
Ayjagash
13 years ago
- gaytam yashmak dakynsalar gowy dalma. Onsanam geline gayyn atadan yashmak achmaga rugsat berilyar, olam gayyn atasy garry bolsa, gelinem korpe gelin bolsa. Olam gelnin shol oye gelenine azyndan 15-17 yyl bolanyndan son. A emma gayyn agalarda achsa halanmayar. A gayynatasyna bolsa seretmeli gurleshmek uchin bolsa mydama adam tapylyp durmayar.
-
ependi
13 years ago
- seňkem doggry
-
derwush
13 years ago
- gyzlar hic zat yazmadyla bu temada, esasy sholary dinlalinda, jal, turklerem dakynan bolsady yashmak, bizde gelejekde hasam moda bolardy...
-
mebel
13 years ago
- qowusy dakmaly ayal mashgalanyn namysyny saklayan zatlaryn biri yashmak
-
idealman92
13 years ago
- Talyp,yashmak,gyñaç,ýalyk dakynmasa,gyzyñ biriniñ ma$galasydygyny bilmek kyn!ba$y(kellesi) açyk bolsa her kim lak atar ýolda!ýa$mak owadan,gaýyna sylag!
-
Bravo
13 years ago
- gyzlar halanok shona bilýän =)
-
ependi
13 years ago
- cyracy gyzlar halanok
-
turkmentalyp
13 years ago
- yashmakdan beter dushunje wajypmyka diyyan.
-
Bayramsoltan
13 years ago
- Dz.lara yashynmayamysh dp eshtdim. Ay name ahallylaram(tekeler) bir agyzlaryna ildiren bolyalar yalyklaryny, gaty kynam dal. A balkanda bolsa obshy yuzuni gorkezmek bolanok gayynlara. Chagasy bolandan son gayynene acdyryar. Ay garaz kyncylyk goremok mena. Ependi dogry aydyan cyracy gyzlar halayan daldir.
-
magnit
13 years ago
- ýashmaksyzam bir gelin bolarmaý! Mary tekelerde menä göremok ýashmaksyz taze gelin! Yashmagyny In tiz aýyranda 3, 4 ýyldan (olam körpe gelin bolsa dine gaýyn atasyndan) acyarlar. Hat-da köpculikde Garryja daýzalaram yashynya do!
"bulutdan cykan gùn gursun, yashmakdan cykan dil" diya, galanam gelinin adamcylygna bagly .
-
aga593
13 years ago
- yok hokman dal dakmak... gelinerin ozleri utanyp dakyalar, hormat goyany uchin dakyalar. a tak yashmak diyip zat yok... dinda yon shony bilyan. men yone bir zady pikir etyan, eger gelnim bolsa, onda 1 yada 2 hepde son ejemede, gelnimede aydyp ikisinin arasyny duzeltjek, derrew gurleshdirjek, we bir-biri bilen gowy gatnashyk gurdurjak, yagny sheylerak etsemmikam diyip pikir etyan. sebabi gelin gayinindan utanyp gezya, a bu bolsa olaryn koplench bir biri bilen etmeli ishlerine pasgel berya, utanyp yorman sholar bileje ejeme komek edip gezseler gowy bolarmyka diyip pikir etyan...
-
prezident
13 years ago
- heleýleň işine goşulmalyňlaý:)
-
vipboy
13 years ago
- Hawwalay:-)
-
student3
13 years ago
- hahaha turkmentalyp biz turkmen! Ors däl hahaha!
-
Dobry
13 years ago
- ashyr dade:
gelinjan gaydyp gitdi.
hoja:
yashmagyn ashagyndan bir iki agyz aydyp gitdi
-
student3
13 years ago
- yaman erwet göryanay gelin øz gayyn atasy ,gayn agasy bn ya$maksyz gurle$se,asla gel$meyaray
-
student3
13 years ago
- ya$mak hökmany!
-
asiya
13 years ago
- Tmtalyp shu mesele bn ylalashman geshjekda :) herkim islanini etsinda. Yashmak parz dal diyyan welin sho gunade daldir. Gayta yashmak bahana bn gelinlerimiz boyunlaryny kukreklerini yapyalar :) gayta sogabam sho.....
-
turkmentalyp
13 years ago
- men yashmak dakyanlara at dakamoga. yone yashmagyn hokmany zat dalligini aytjk boldum. onun hokmanlygyny gorkezyan duypli cheshme yok. dine cheshmesi dap. dakan daksyn dakmayan dakmasyn. biri-birine at dakmasa bolyar esasy sen dakyan ya dakanok diyip.
-
asiya
13 years ago
- Señ diyjek bolyanyña men bir eyyam dushundim. Yone hemme muñ bn ylalashanok. Shoñ un her kim oz pikirinde galyp biler diyaymek galya ;)
-
turkmentalyp
13 years ago
- hawa, esasy adamyn ozi dushunip etmeli ishini.
betyigit 13 years ago- yoklay bir hili gelishenak yashmaksyz gayyn atasynyng yanynda sheyle gezse.bolya oyde dinge 2si galanda,chagasy yash bolan yagdayynda ond yashmagyng ashagyndan gurleshse yone yashmak turkmen gelinlerining gorki.mena owadan goryan yashmakly gelinleri
p.s ertir.com da yazanymy cope paste etdim:D