gyrgyzystandaky özbek gyrgynçylygy tötänleýin hadysa daldir. ors imperatorlygynyň hem-de sssr-iň kagyz üstünde bolmadyk iň esasy siyasatlaryndan biri türk kökli milletlerin biri-birileri bilen syýasy we goşun taýdan birleşmeginiň öňüni almakdy: böl we dolandyr syýasatynyň ors görnüşi. leniniň häkimiýetindäki orsyet, bir tarapdan ıňlisleri güýçsizleşdirerin diýip oýlany üçin türkleriň milli söweşine belli bir derejede goldaw berip, beýleki tarapdan bolsa 11-nji gyzyl goşun bilen 1920-nji ýyllarda azerbeýjany, kän gynçylyk çekmän, ele geçirmek isleýärdi. sebäbi, azerbeýjanyň nebiti orslar üçin gymmatly tebigy çeşme bolup durýardy. sowýet häkimiýeti, orta aziýadaky beýleki türk döwletleriniň ele geçirilmeginiň yz ýanyndan tizlik bilen medeniýet öwrülşigini başlatdy. bu öwrülşik bir tarapdan sosýalist birlik temasyna daýansa-da, beýleki tarapdan mikro milliýetçilik hereketlerini içine alýardy. meselem, sssr-iň başlangyç ýyllarynda 70-den gowrak türki şiwelere milli dil statusy berildi. maksatlary bolsa, iňlisleriň we fransuzlaryň afrikada eden işlerinden tapawutly zat däldi. esasy we hemmaniň ulanýan dili bolsa, gürrüňsiz rus dili bolmalydy. şeýle-de boldy. häzir hem orta aziýa ýurtlarynda tehniki we syýasy dil rus dilidir. staliniň ýene bir eden işi bolsa mejbury göçüşlikdir. ýüz müňlerçe türki tireleri otlulara mündirip nirä barýanyny bilmeýän ýerlerine, baranda mal-mülki bolajak ýerlere sürgün etdi. şeýlelikde stalin orta aziýada göçmenleri we durnuklaşdyrylmagy gaty gyn bolan deňagramsyzlyklary goýup gitdi.

Köneler, nebitchi tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir