Volkswagen kompaniýasy Volkswagen Golf R 333-iň çäkli nusgasyny hödürledi

Volkswagen Golf R-iň “Golf R 333” diýlip atlandyrylýan täze wersiýasy çäkli — 333 nusgada öndüriler. Trend agentliginiň berýän habaryna görä, bu sport hetçbegi 333 at güýjüne eýe bolar we hatda tanyşdyrylan wagty hem nemes wagty bilen sagat 3:33 geçdi.
Golf R 333, edil Volkswagen-iň Golf R 20 Years Edition modeli ýaly, 2.0 TSI hereketlendiri...

Dowamy »

261 0
Tehnologiýa, 1 year ago


17-nji iýunda Ýeriň ýaşaýjylary planetalaryň paradyna syn edip bilerler

17-nji iýunda planetalaryň parady ýa-da olaryň deňleşmesi bolar. Bu astronomiki hadysa Gün ulgamynyň birnäçe planetasynyň Günüň bir tarapynda 20-30°-da ýaýramagy bilen ýüze çykýan hadysadyr. Bu barada Starwalk Space portaly habar berýär.
17-nji iýunda ir bilen Saturn, Neptun, Ýupiter, Uran we Merkuriý asmanyň 93 gradusly sektorynda hatara dü...

Dowamy »

213 0
Täzelikler, 1 year ago


Dueýn Jonson Lýuk Hobbs hakyndaky ýeke-täk filmi bilen “Forsaža” gaýdyp geler

«Forsaž 10-da» gytaklaýyn surata düşürilenden soň, Dueýn Jonson franşiza doly derejede gaýdyp geler. Aktýor sosial ulgamlarda yglan edişi ýaly, Lýuk Hobbs hakyndaky ýeke-täk taslamada baş keşbi janlandyrýar.
Bu gahryman “Forsažyň" bäşinji, altynjy, ýedinji we sekizinji bölümlerinde, şeýle hem Jeýson Steýtemiň Jonsonyň hyzmatdaşy hökmünde çyk...

Dowamy »

216 0
Täzelikler, 1 year ago


Keniýaly Kipýegon 1500 m aralyga ylgamakda 1991-nji ýyldan bäri saklanyp gelýän dünýä rekordyny täzeledi

Keniýaly ýeňil atletikaçy Feýt Kipýegon anna güni Italiýanyň Florensiýa şäherinde geçirilen "Brilliant ligasy" ýaryşynda 1500 m aralyga ylgamakda täze dünýä rekordyny goýdy.
Kipýegon bu aralygy 3 minut 49,11 sekuntda geçdi. Öňki rekord efiopiýaly Genzebe Dibaba (3.50,07) degişlidi, ol 1991-nji ýylyň fewral aýynda goýuldy.
Keniýaly tür...

Dowamy »

256 0
Sport, 1 year ago


«Mançester Siti» «Mançester Ýunaýtedi» ýeňip, ýedinji gezek Angliýanyň Kubogyny gazandy

Angliýanyň Kubogynyň final duşuşygynda «Mançester Siti» «Mançester Ýunaýtedi» 2:1 hasabynda ýeňdi. Duşuşyk şenbe güni agşam Londonda «Uembli» stadionynda geçdi.
«Sitiden» gollary Ilkaý Gündogan geçirdi (1-nji, 51-nji minutlar). «Ýunaýtedden» Brunu Fernandeş tapawutlandy (33, pen.). Gündogan duşuşyk başlandan soň eýýäm 14-nji sekuntda gol geç...

Dowamy »

243 0
Sport, 1 year ago


Serdar Berdimuhamedow Rejep Taýyp Ärdoganyň wezipä girişmek dabarasyna gatnaşdy

3-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow türk tarapynyň çakylygy boýunça Rejep Taýyp Ärdoganyň Türkiýe Respublikasynyň gaýtadan saýlanan Prezidenti hökmünde wezipä girişmek dabarasyna gatnaşdy.
Dabara 30-dan gowrak döwlet we Hökümet Baştutanlary, gatnaşdy.
Agşam Rejep Taýyp Ärdogan daşary ýurtly myhmanlarynyň hormatyna Çankaýa kö...

Dowamy »

202 0
Täzelikler, 1 year ago


Forbes dünýäniň iň gymmat futbol klublaryny belli etdi

Madridiň “Realy” dünýädäki iň gymmat futbol kluby boldy. Bu barada “Forbes” neşiriniň saýtynda ýerleşdirilen reýtinge salgylanyp, rsport.ria.ru habar berýär.
Çeşmäniň maglumatlaryna görä, “Realyň” bahasy 6 mlrd 70 mln dollar bilen bahalandyrylýar. “Klasiko” boýunça madridlileriň garşydaşy “Barselona” sanawda üçünji orny eýeleýär (5,51 mlrd d...

Dowamy »

250 0
Sport, 1 year ago


Ilon Mask ýene-de dünýäniň iň baý adamy

Tesla we SpaceX kompaniýalarynyň esaslandyryjysy, şeýle-de Twitter kompaniýasynyň eýesi Ilon Mask Bloomberg agentliginiň wersiýasy boýunça dünýäniň iň baý adamlarynyň reýtinginde ýene-de birinji orna gaýdyp geldi. Onuň maglumatlaryna görä, Maskyň baýlygy 192,3 mlrd dollar bilen bahalandyrylýar diýip, TASS belleýär.
Mask baýlygy 186,6 mlrd do...

Dowamy »

214 0
Täzelikler, 1 year ago


«Türkmenistan» awiakompaniýasy 1-nji iýundan içerki gatnawlarynyň tertibine üýtgeşmeleri girizdi

«Türkmenistan» awiakompaniýasy içerki gatnaw ugurlarynyň täzelenen tertibini neşir etdi.
Täze tertip 2023-nji ýylyň 1-nji iýunyndan hereket edip başlady. Awiakompaniýa uçuş wagtlarynyň üýtgäp biljekdigini belleýär.
Gatnawlar sebit howa menzillerinden her gün diýen ýaly amala aşyrylar. Içerki gatnawlarda Aşgabat, Daşoguz, Mary, Türkmen...

Dowamy »

229 0
Täzelikler, 1 year ago


Crew Dragon kosmiki gämisi syýahatçylar bilen Atlantik ummanyna üstünlikli gondy

Crew Dragon kosmiki gämisi ekipažy bilen Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) 9 günlük täjirçilik uçuşyndan soň Ýere üstünlikli gaýdyp geldi diýip, Axiom Space-iň web sahypasyna salgylanyp, Trend habar berýär.
SpaceX kosmos gämisi HKS-den aýrylandan takmynan 12 sagat soň atmosferanyň dykyz gatlaklaryna girdi. Bäş ýarym kilometr belentlikde Crew...

Dowamy »

267 0
Tehnologiýa, 1 year ago


CAFA-2023 ýaryşy üçin Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň gutarnykly düzümi belli boldy

Türkmenistanyň futbol boýunça ýygyndysynyň Mergen Orazowyň baştutanlygyndaky tälimçiler ştaby toparyň Merkezi Aziýanyň futbol birleşmesiniň birinji çempionatyna gatnaşjak gutarnykly düzümini atlandyrdy. 25 oýunçydan ybarat bolan ýüz tutma Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýtynda çap edildi.
10-njy iýundan 20-nji iýuna çenli Daşke...

Dowamy »

248 0
Sport, 1 year ago


Hindistanda 3 otlynyň çaknyşygynda aradan çykanlaryň sany 288-e ýetdi

Hindistanyň Odişa ştatynda üç sany otlynyň çaknyşygynda aradan çykanlaryň sany 288-e ýetdi diýip, Frans Press agentligi ştatyň ýangyn howpsuzlyk gullugynyň başlygy Sudhanşu Sarangä salgylanyp habar berýär.
"Hindistanda otly heläkçiliginde aradan çykanlaryň sany 288-e ýetdi" - diýlip habarda aýdylýar.
Öň, Indian Express neşiri 233 adam...

Dowamy »

213 0
Täzelikler, 1 year ago


«PSŽ» Serhio Ramosyň klubdan gidendigini habar berdi

«PSŽ-niň» goragçysy Serhio Ramos möwsüm tamamlanandan soň kluby terk eder. Bu barada pariž klubunyň metbugat gullugy habar berdi.
Öň habar berlişi ýaly, «PSŽ» futbolça aýlyk hakyny iki esse azaltmak şerti bilen täze bir ýyllyk şertnama hödürläpdir. Emma Ramos bu teklip bilen razy bolmandyr. Ispaniýaly futbolçy häzir beýleki klublardan teklip...

Dowamy »

234 0
Sport, 1 year ago


Kanada dünýäde ilkinji bolup her çilimiň ýüzünde çilimkeşligiň zyýany baradaky duýduryşy çap edip başlar

Kanadada satylýan her bir çilimiň ýüzüne çilim çekmegiň zyýany barada duýduryşly bellik ediler. Bu barada ýurduň Saglygy goraýyş ministrliginiň beýanatynda aýdylýar.
"Ýakyn wagtda Kanada saglyk duýduryşlarynyň hut her bir çilimde çap edilmegini talap edip başlar. Kanada bu çemeleşmäni dünýäde ilkinji ulanjak ýurt bolar" diýip, resminamada gö...

Dowamy »

213 0
Täzelikler, 1 year ago


Türkmen ýokary okuw mekdebi Times Higher Education reýtingine girdi

Abraýly bilim guramasy bolan Times Higher Education (THE) Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetini The Impact Rankings 2023-iň jemleýji sanawyna goşdy diýip, Orient habar berýär.
Reýting ýokary okuw mekdepleriniň Durnukly ösüş maksatlaryna (DÖM) laýyklykda baha berilýän global netijelilik jedwelidir.
Türkmen uniwersiteti aş...

Dowamy »

302 0
Bilim, 1 year ago


Ärdoganyň girdejileri baradaky hasabat çap edildi

28-nji maýda Türkiýäniň täze möhlete saýlanan Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan süýşürintgi puluny milli walýutada - türk lirasynda saklaýar. Resmî Gazete hökümet gazetinde türk lideriniň prezident saýlawlarynda gazanan ýeňşi barada Merkezi saýlaw toparynyň çözgüdi bilen bilelikde, onuň girdejisi barada neşir edilen habarnama görä, penşenbe güni ýurdu...

Dowamy »

195 0
Täzelikler, 1 year ago


Mask Twitteriň adyny üýtgetmekçi bolýar

Amerikaly telekeçi Ilon Mask özüniň Twitter sosial ulgamynyň adyny üýtgetmek baradaky meýilnamasyny tassyklady. Penşenbe güni ol degişli makalany bu sosial ulgamda ýerleşdirdi.
Portal T (w) itter Daily News ozal Maskyň soňky söhbetdeşliginde aýdan sözlerine salgylanyp, telekeçiniň geljekde işiniň giňelmegi sebäpli sosial ulgamyň adynyň «X» b...

Dowamy »

241 0
Tehnologiýa, 1 year ago


Forbes dünýäniň iň baý aktrisasyny mälim etdi

Oskar baýragynyň eýesi Riz Uizerspun, Forbesiň habaryna görä, iň baý aktrisa derejesini aldy. Onuň baýlygy 440 million dollar diýlip çaklanylýar.
2021-nji ýylda Uizerspun özüniň Hello Sunshine kompaniýasyny 900 million dollara satdy we 18% paýyna eýe bolmagyny dowam etdirdi. Ol zenan kyssalaryna gönügen “Uly kiçi ýalanlar” we “Ertir şüweleňi...

Dowamy »

201 0
Täzelikler, 1 year ago


Porsche kompaniýasy logotipini täzeledi

75 ýyllygynyň bellenilmeginiň çäginde Porsche kompaniýasy geraldiki galkan görnüşinde döwrebaplaşdyrylan nyşany bilen tanyşdyrdy. Üýtgeşmeleriň birbada göze ilmeýändigine garamazdan, dizaýnerler we marketologlar üç ýyl bäri onuň üstünde işleýärler. Galkanly nyşanyň awtoulaglarda ulanylmagy şu ýylyň ahyrynda başlar.
Kompaniýa täze galkanyň in...

Dowamy »

243 0
Tehnologiýa, 1 year ago


Kanada hokkeý boýunça dünýä çempionatynda 28-nji gezek ýeňiji boldy

Hokkeý boýunça dünýä çempionatynyň soňky oýnunda Kanadanyň ýygyndysy Germaniýany 5:2 hasabynda ýeňdi. Duşuşyk ýekşenbe güni Finlýandiýanyň Tamper şäherinde geçirildi.
Ýeňijileriň arasyndan şaýba geçirmekde Semýuel Bleýs (11-nji we 45-nji minut), Louson Krauz (38), Taýler Toffoli (52) we Skott Louton (59) tapawutlandylar.
Ýeňilen topar...

Dowamy »

243 0
Sport, 1 year ago


Sloweniýaly welosipedçi Rogliç «Jiro d'Italiýa» ýaryşynda ýeňiji boldy

Jumbo-Visma toparyndan sloweniýaly Primož Rogliç “Jiro d'Italiýa” welosiped ýaryşynyň umumy sanawynda ýeňiji boldy. Soňky tapgyr ýekşenbe güni geçirildi.
Ineos Grenadiers toparyndan britaniýaly Geraýnt Tomas ikinji ýeri eýeledi. Üçünji orny Portugaliýanyň toparynyň welosipedçisi Žoau Pedro Almeýda eýeledi.
Rogliç 33 ýaşynda we “Jiro d...

Dowamy »

247 0
Sport, 1 year ago


Poçettino “Çelsiniň” baş tälimçisi boldy

Londonyň “Çelsisi” baş tälimçi wezipesine argentinaly Maurisio Poçettinony belledi. Bu barada klubuň saýtyna salgylanyp, rsport.ria.ru habar berýär.
51 ýaşly hünärmen bilen şertnama “2+1” shemasynda baglaşyldy. Bu wezipede ol angliýaly Frenk Lempardyň ornuna geçdi. Lempard watandaşy Grem Potter işden aýrylandan soň baş tälimçiniň wezipe borç...

Dowamy »

253 0
Sport, 1 year ago


Hytaý 2030-njy ýyla çenli kosmonawtlaryny ilkinji gezek Aýa gondurmagy meýilleşdirýär

Hytaý öz kosmonawtyny 2030-njy ýyla çenli Ýeriň tebigy hemrasynyň üstüne gondurmagy meýilleşdirýär. Bu barada duşenbe güni Hytaýyň Pilotirlenýän kosmos uçuşlary maksatnamasynyň müdirligi (CMSA) habar berdi.
"Aýdaky pilotirlenýän gözlegler taslamasynyň meýilnamasyna laýyklykda hytaýlylar 2030-njy ýyla çenli ilkinji gezek Aýa gonar, bu tabşyry...

Dowamy »

210 0
Täzelikler, 1 year ago


«Suw perijigi» filminiň kassa ýygymy 185 million dollardan gowrak girdeji getirdi

Suw perijigi Arieliň başdan geçirmeleri baradaky fentezi melodramasynyň başlangyç kassa ýygymy 185 million dollardan geçdi. Diňe ABŞ-da «Suw perijigi» 117,5 million dollar ýygnady. Maglumatlar Box Office Mojo web sahypasynda paýlaşyldy. Film 25-nji maýda prokata çykdy.
Film tankytçylardan dürli synlary aldy. Şeýle-de bolsa, bilermenler Holli...

Dowamy »

218 0
Täzelikler, 1 year ago


Ýewropa biodürlülik bilen bagly ylmy gözleglerde dünýä lideri boldy

Ýewropa biodürlülik ugrundaky ylmy gözlegleriň sany boýunça lider boldy. Bu barada Elsevier ylmy neşirýatynyň gözleginde aýdylýar diýip, euro-pulse.ru belleýär.
2017 – 2022-nji ýyllarda dünýäde neşir edilen ylmy işleriň, takmynan, 41%-i ýewropaly alymlar tarapyndan ýerine ýetirildi. Mundan başga-da, bu döwürde Ýewropanyň ylmy merkezlerinden,...

Dowamy »

213 0
Täzelikler, 1 year ago