8-nji aprelde Türkiýäniň Daşary ýurtlardaky türkler we garnydaş jemgyýetler edarasynyň başlygy Abdullah Ereniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Aşgabada saparynyň çäklerinde birnäçe ýokary okuw mekdeplerinde duşuşyklary geçirdi. Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň ýolbaşçylary myhmana uniwersitetiň taryhy, gurluşy, amala aşyrýan halkara hyzmatdaşlygy, alyp barýan ylmy işleri barada giňişleýin gürrüň berdiler. Öz gezegine Abdullah Eren Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Türkiýäniň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda degişli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmaga taýýardygyny nygtady we bu babatda diplomatik ýollaryň üsti bilen degişli işleriň amala aşyryljakdygy barada belledi. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektory O.Öwezsähedow bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda özara hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň Daşary ișler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilen duşuşykda wekiliýet türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň alyp barýan iși bilen içgin tanyşdy. Soňra wekiliýet institutda hereket edýän Türkmen diplomatiýasynyň taryhy muzeýi, Hindi burçy, “Parahatçylyk medeniýeti” atly ÝUNESKO kluby, şeýle-de institutyň okuw studiýasyna aýlandylar.