Çarşenbe gününe geçilen gije UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň çärýek finalynyň ilkinji oýunlary boldy. Londonyň “Arsenaly” öz meýdançasynda Madridiň “Realyny” 3:0 hasabynda utdy. Muňa Deklan Raýsyň iki gezek takyk jerime urgusy kömek etdi. Beýleki bir oýunda Milanyň “Interi” myhmançylykda Mýunheniň “Bawariýasyndan” 2:1 hasabynda üstün çykdy. Londonda geçirilen duşuşykda “Arsenal” “Realyň” derwezesine üç jogapsyz goly geçirip, Madriddäki jogap oýnundan öň artykmaçlygy gazandy. Ýarymgoragçy Deklan Raýs iki gezek jerimeden saldy: birinji gezek 58-nji minutda topy meşhur Robert Karlosyň stilinde “diwaryň” daşyndan aýlap saldy, 70-nji minutda bolsa topy göni dokuzlyga güýçli urgy bilen depdi. Üçünji goly “Arsenal” oýundan saldy. Goly öz hasabyna 75-nji minutda Mikel Merino ýazdy. 90+4-nji minutda “Real” on bolup galdy. Ikinji sary duýduryşdan soň Eduardo Kamawinga meýdançadan çykdy. Jogap oýny 16-njy aprelde Madridde geçiriler. Ýeňiji ýarym finalda “PSŽ” ýa-da “Aston Willa” bilen duşuşar. Mýunhende “Inter” dartgynly oýunda “Bawariýadan” üstün çykdy. Oýnuň birinji ýarymynda hasaby 38-nji minutda Lautaro Martines açdy. “Bawariýa” Tomas Mýulleriň tagallasy bilen 85-nji minutda hasaby deňledi. Ýöne bu şatlyk uzak dowam etmedi. Üç minutdan soň Dawide Frattezi takyk urgy bilen topary öňe çykardy. Ýer eýeleri ahyrky jürlewük sesine çenli hüjüm etdi, ýöne hasaby deňlemek başartmady. “Inter” Çempionlar ligasynda 2021-nji ýylyň aprel aýyndan bäri myhmançylykda “Bawariýany” utan ilkinji topar boldy. Mýuller dörtden bir finalda ýaryş üçin rekord 24-nji gezek oýnady. Bu görkeziji boýunça ol birinji orny Manuel Noýer we Lionel Messi bilen paýlaşýar. Toparlaryň jogap oýny 16-njy aprelde Milanda geçer. Ýeňiji ýarym finalda “Barselona” ýa-da Dortmundyň “Borussiýasy” bilen oýnar.