Hytaýyň Shenzhen 8K UHD Video Industry Cooperation Alliance (SUCA) birleşigi media maglumatlaryny sim arkaly geçirmek üçin GPMI (General Purpose Media Interface) atly täze standarty hödürledi. Bu standart 8K wideonyň geçirilişini goldamak hem-de maglumatlary we elektrik toguny geçirmek üçin zerur bolan kabelleriň sanyny azaltmak maksady bilen işlenip düzüldi diýip, «Tom's Hardware» habar berýär. GPMI kabeli iki görnüşde bolar: Type-B (özüne mahsus interfeýsli) we Type-C (USB-C bilen gabat gelýär). 8K wideo 4K-dan 4 esse, 1080p-den bolsa 16 esse ýokary çözgütli bolandygy sebäpli, bu format üçin ýokary geçirijilik zerur bolup durýar. GPMI Type-C 96 Gbit/sek-a çenli maglumat we 240 Wt çenli tok geçirip bilýär. Bu görkeziji USB4 we Thunderbolt 4-den ep-esli ýokarydyr. Type-B görnüşi bolsa has güýçli – 192 Gbit/sek-a çenli maglumat we 480 Wt çenli elektrik toguny geçirip bilýär.. GPMI HDMI-CEC dolandyryş ulgamy bilen hem utgaşykly, ýagny GPMI-yň üsti bilen baglanan we HDMI-CEC-ni goldaýan ähli enjamlary diňe bir pult bilen dolandyryp bolýar. Häzirki wagtda monitorlar USB-C we Thunderbolt ulanýar, telewizorlar bolsa HDMI-dan peýdalanýar. GPMI bu ýagdaýy üýtgedip, geljekde telewizorlarda giňden ulanylyp bilner. SUCA birleşigi 2020-nji ýylyň dekabrynda HiSilicon, Skyworth, KONKA, Tencent we ZTE ýaly kompaniýalar tarapyndan döredildi. Onuň maksady – 8K tehnologiýalaryny kämilleşdirmek.