2025-nji ýylyň 5-nji iýunynda Türkmenistanda «Uglewodorod ýataklaryny özleşdirmekde innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ekologik jähtleri» atly halkara ylmy-amaly maslahaty geçiriler (TESC 2025). Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününde geçiriljek bu forumy «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri guraýar. Foruma şeýle BMG, ÝHHG, Bütindünýä banky, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky, Aziýanyň ösüş banky, Gazy eksport edýän ýurtlaryň forumy (GECF), Halkara energetika agentligi hem-de Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentligi ýaly halkara guramalaryň gatnaşmagyna garaşylýar. «TESC-2025» maslahaty dünýäniň dürli künjeklerinden döwlet işgärlerini, ylmy hünärmenleri, işewür ýolbaşçylary hem-de halkara ekologik guramalaryň wekillerini bir ýere jemlär. «TESC-2025« halkara ylmy – amaly maslahata hasaba alynyş başlandy. Geçen ýyl bu maslahata 31 döwletden 250 sany wekil gatnaşdy. Maslahat nebit-gaz pudagynyň hünärmenleri üçin wajyp waka bolup, bilim we tejribe alyşmak üçin özboluşly meýdança bolup hyzmat eder. Maslahata gatnaşmak tölegsiz bolup, halkara wekiller üçin mugt wiza goldawy berler. «TESC-2025« maslahatyna gatnaşmak üçin hasaba alyş resmi web saýtda elýeterli.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir