Apple kompaniýasynyň indiki nesil smartfonlary dizaýn babatda soňky bäş ýylyň dowamyndaky iň uly üýtgeşmeleri başdan geçirer. Şol bir wagtda iPhone 17 Pro flagman modeli öň çaklanylyşy ýaly öňki modellerden düýpli tapawutlanmaz diýip, «Bloomberg» neşiriniň žurnalisti Mark Gurman ýazýar. 2020-nji ýylda iPhone 12 çykaly bäri, Pro wersiýaly modelleriň daşky görnüşi tas hiç hili üýtgemedi. iPhone 13 Pro bilen 14 Pro şol bir dizaýny saklady, iPhone 15 Pro-daky esasy täzelik bolsa, alýumin çarçuwanyň ýerine geçen titan korpus boldy. Häzirki iPhone 16 Pro-da hem, diňe kamerany dolandyrmaga ýaraýan «Camera Control» düwmesini we täze reňkleriň goşulmagyny hasap etmesek, esasy üýtgeşmeler bolmady. Emma iPhone 17 hatary «2020-nji ýyldaky taryhy nesilden, 5G tehnologiýalarynyň ornaşdyrylyp başlanylan döwründen», ýagny iPhone 12 hataryndan bäri iň uly üýtgeşmeleri bilen tapawutlanar. Apple kompaniýasy hatara täze, örän inçe Air modelini goşar, ol az islegden peýdalanýan Plus wersiýanyň ornuna geçer. Gurman iPhone 17 Pro-nyň öň tarapynyň öňki nesilden tapawutlanmajakdygyny aýdýar. Ýöne enjamyň arka tarapy düýbünden başgaça bolar. Internetde ýaýran suratlara görä, bu model öňki inedördül kamera blogunyň deregine, enjamyň arka ýüzüniň beýleki gyrasyna çenli ýetýän uly gönüburçly kamera modulyna eýe bolar. Şol suratlarda iki reňkli dizaýn görkezildi – gara optika blogy enjamyň kümüş reňkli korpusy bilen kontrast döredýär. Emma Gurman kompaniýadaky çeşmelerine salgylanyp, Apple-yň bu dizaýndan ýüz öwürjekdigini aýdýar – kameranyň töweregindäki ýer enjamyň arka paneli bilen bir reňkde bolar. Gurmanyň ýazmagyna görä, hakyky düýpli üýtgeşmeler 2027-nji ýylda, ýagny ilkinji iPhone-yň 20 ýyllygynda bolar. Şol wagt Apple taryhyndaky ilkinji eplenýän smartfonyny we «batyrgaý dizaýnynda» aýnadan köp peýdalanylan Pro wersiýasyny hödürlär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir