«Müdimi senadyr ene hüwdüsi» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi

Düýn Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Müdimi senadyr ene hüwdüsi» atly bäsleşik geçirildi. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariaty bilen bilelikde guralan bäsleşige onuň deslapky tapgyrlarynda ýeňiji bolan zenan...

Dowamy »

11 0
Täzelikler, 1 day ago


Italiýanyň öňki daşary işler ministri Emma Bonino aradan çykdy

Italiýaly syýasatçy, Radikal partiýany esaslandyryjylaryň biri Emma Bonino 78 ýaşynda aradan çykdy. Bu barada onuň giren «+ Ýewropa» partiýasy habar berdi diýip, TASS ýazýar.
«Bu gün bizi liderimiz terk etdi: ýurdumyzyň taryhynda iň batyrgaý we erkin pikirli syýasatçylaryň biri aradan çykdy» diýlip, partiýanyň beýanatynda bellenýär.
B...

Dowamy »

14 0
Täzelikler, 1 day ago


Türkmenistanda geçiriljek GDA-nyň sammitine ilkinji gezek Eýranyň wekili gatnaşar

Eýranyň wekili 9-njy oktýabrda Türkmenistanda geçiriljek GDA-nyň Döwlet Baştutanlarynyň sammitine ilkinji gezek gatnaşar. Bu barada GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew žurnalistlere habar berdi.
«Türkmenistanda ilkinji gezek GDA-nyň Döwlet Baştutanlarynyň sammitine Eýranyň wekiliniň gatnaşmagy aýratyn bellärliklidir. Munuň özi «GDA+» format...

Dowamy »

13 0
Täzelikler, 1 day ago


BBC Türkmenistanda alajagaplaňlar barada dokumental film düşürýär

«BBC Studios Natural History Unit» topary Türkmenistanda ýitip gitmek howpy astyndaky görnüş bolan alajagaplaň barada dokumental film düşürmäge mümkinçilik aldy. Bu materiallar «National Geographic» üçin taýýarlanýan «HOME Asia» taslamasyna giriziler. Bu barada Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçisi Stiwen Konlon «News Central Asia» neşirine be...

Dowamy »

13 0
Täzelikler, 1 day ago


Amerikalylar «Bloombergiň» sanawyndaky ilkinji onlugy eýelediler

Amerikaly işewürler «Bloomberg» agentliginiň milliarderleriň sanawynda ilkinji on ornuň ählisini eýelediler. Penşenbe güni kaşaňlyklar ulgamynda iň öňdebaryjy fransiýaly işewür Bernar Arno dünýäniň iň baý adamlarynyň onlugyndan çykyp, ornuny 96 ýaşly maýadar Uorren Baffete berdi.
Sanawda has köp tapawut bilen Ilon Mask birinji orny eýeledi,...

Dowamy »

13 0
Täzelikler, 1 day ago


Putin üç günlük sapar bilen Hindistana bardy

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin anna güni iş sapary bilen BRIKS guramasynyň sammitine gatnaşmak üçin Hindistana bardy. Rus lideri saparynyň dowamynda Premýer-ministr Narendra Modi bilen duşuşdy.
Putiniň Efiopiýanyň Hökümet başlygy Abiý Ahmed Ali we Abu-Dabiniň mirasdüşer şazadasy Halid Al Nahaýýan, Günorta Afrikanyň Prezidenti Siril Ram...

Dowamy »

11 0
Täzelikler, 1 day ago


«Turkmenportal» suw we jemagat hyzmatlary üçin onlaýn töleg hyzmatyny işe girizdi

«Turkmenportal» saýtynyň we ykjam goşundysynyň «Töleg» bölüminde iki sany täze hyzmat peýda boldy — suw üçin töleg we jemagat hyzmatlary üçin töleg.
Mundan ozal ulanyjylar «Töleg» bölüminiň üsti bilen sanly hyzmatlara — «Belet» onlaýn kinoteatryna we «elkitap» elektron kitaphanasyna — abuna ýazylyp bilýärdiler. Indi elýeterli hyzmatlaryň san...

Dowamy »

11 0
Täzelikler, 1 day ago


Türkmenistanyň Prezidenti Iwan Kuzmini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Gahrymany, GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygy, «Semena» assosiasiýasynyň başlygy Iwan Kuzmine doglan güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti şu ýakymly m...

Dowamy »

14 0
Täzelikler, 2 days ago


Türkmen okuwçylary mental hasaplama çempionatynda iň gowularyň hataryna girdi

5-7-nji sentýabr aralygynda Germaniýanyň Bilefeld şäherinde çagalaryň we ýetginjekleriň arasynda mental hasaplamak boýunça dünýä çempionaty (The Junior Mental Calculation World Championship 2026) geçirildi.
2008-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýän bu abraýly bäsleşige Hytaý, Singapur, Germaniýa, Ýaponiýa we Fransiýa ýaly 14 döwletden 100-den...

Dowamy »

16 0
Täzelikler, 2 days ago


Türkmen wekiliýeti ilkinji Halkara kosmos sammitine gatnaşýar

9-njy sentýabrda Pariž şäherindäki «Grand Palais» toplumynda ilkinji Halkara kosmos sammiti öz işine başlady. Çärä Türkmenistan bilen bir hatarda, dünýä ýurtlarynyň degişli ugurdaky döwlet edaralarynyň, halkara guramalaryň, kosmos senagatynyň, ylmy we maýa goýum toparlarynyň 2 000-e golaý wekili gatnaşýar.
Türkmenistanyň DIM-iniň habar berme...

Dowamy »

14 0
Täzelikler, 2 days ago


Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasy tarapyndan çäre guraldy

Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine we 2028-nji ýylyň «Halkara hukugynyň ýyly» diýlip yglan edilmegine bagyşlanan çäre geçirildi.
9-njy sentýabrda geçirilen çärä Rumyniýada bilim alýan türkmen talyplary we bu ýurtda ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlary gatnaşdylar diýlip, Türkmenistany...

Dowamy »

16 0
Täzelikler, 2 days ago


«Anthropic» kompaniýasynyň EA-nyň ösüşinden gorkan işgäri işden gitdi

«Anthropic» kompaniýasynyň ylmy barlagçysy Jeýkob Kokson tehnologik korporasiýalaryň bäsdeşliginiň dünýäni «dolanuwsyz nokada» golaýlaşdyrýandygyndan howsala düşüp, EA-senagatdan gitdi. Bu barada «Wall Street Journal» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» habar berdi.
«Biz bu ssenarileriň has ýowuzy boýunça öňe barýarys, netijede, geljek ýylyň aý...

Dowamy »

16 0
Tehnologiýa, 2 days ago


«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

Türkmen aýdym-saz sungatyny has-da kämilleşdirmek, täze aýdym-sazlar bilen baýlaşdyrmak, ýurtda amala aşyrylýan beýik özgertmeleri, ajaýyp zamanany wasp etmek, il içinde zehinli aýdymçy ýaşlary ýüze çykarmak hem-de höweslendirmek, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bed...

Dowamy »

17 0
Täzelikler, 2 days ago


Türkmenistanly ýaşlar Gruziýada geçirilýän halkara taslama gatnaşýarlar

Häzirki wagtda Türkmenistanyň ýokary hünär bilimi edaralarynyň wekilleri Gruziýa Respublikasynyň Bilim, ylym we ýaşlar ministrliginiň gurnamagynda geçirilýän halkara ýaşlar okuw türgenleşigine gatnaşýarlar. Bu halkara çäre 2026-njy ýylyň 5 — 10-njy sentýabry aralygynda Gruziýanyň Kahetiýa welaýatynyň Kwareli şäherinde geçirilýär diýlip, Türkmenista...

Dowamy »

15 0
Täzelikler, 2 days ago


Türkmenistanyň wekilleri I Merkezi Aziýa talyplar sport forumyna gatnaşarlar

2026-njy ýylyň 29-njy sentýabry — 2-nji oktýabry aralygynda Özbegistanda I Merkezi Aziýa talyplar sport forumy geçiriler. Oňa Türkmenistanyň wekilleri hem gatnaşarlar.
Özbegistanyň Milli habarlar agentliginiň habar bermegine görä, çäre Halkara Uniwersitet Sport Federasiýasynyň (FISU) Prezidenti Leonz Ederiň Daşkende saparynyň çäklerinde gura...

Dowamy »

16 0
Täzelikler, 2 days ago


Türkmenistanda ýurduň ykdysady üstünlikleriniň sergisine taýýarlyk işleri alnyp barylýar

Türkmenistanda ýurduň ykdysady üstünlikleriniň sergisine işjeň taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Sergi 17–19-njy sentýabr aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçiriler.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan sergide ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda gazanylan üstünlikler hem-de önümçilik ku...

Dowamy »

13 0
Täzelikler, 2 days ago


Aşgabatda GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 111-nji mejlisi geçirilýär

Şu gün Aşgabat şäherindäki «Ýyldyz» myhmanhanasynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Ykdysady geňeşiniň 111-nji mejlisi geçirilýär. Oňa GDA-nyň Baş sekretary S.N. Lebedew, GDA-a gatnaşyjy döwletleriň wekiliýetleriniň ýolbaşçylary hem-de wekiliýet agzalary gatnaşýarlar.
Mejlisш GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň başlygy, Türkmenistanyň Minist...

Dowamy »

15 0
Täzelikler, 2 days ago


Owganystanyň Söwda-senagat palatasynyň ýolbaşçylary Türkmenistanda geçjek sergä çagyryldylar

Türkmenistanyň Owganystandaky ilçisi Hoja Öwezow Owganystanyň Söwda-senagat palatasynyň (ACCI) başlygy Saýed Karim Haşemi bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň maksady söwda gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmakdan we bilelikdäki infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilişini çaltlaşdyrmakdan ybarat boldy. Bu barada «nCa» portaly habar berýär.
Duşuşygy...

Dowamy »

12 0
Täzelikler, 2 days ago


Türkmenistanda manul pişigini gözlemekde bilelikde iş alnyp baryldy

«Köpetdag», «Bathyz», «Köýtendag», «Gaplaňgyr» döwlet tebigy goraghanalarynyň ylmy işgärleri Köpetdagyň beýik dag guşaklyklarynda täsin pişigi — manuly gözlemekde bilelikde iş geçirdiler. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berdi.
2024-nji ýylda çap edilen Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň 4-nji neşirinde bu pişige «ýitip barýan görnüş» derej...

Dowamy »

14 0
Täzelikler, 2 days ago


Türkmenistanyň teatrlarynyň arasynda geçirilen döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan ýurduň teatrlarynyň arasynda «Garaşsyzlyk — ganatym, Watanym — seždegähim» atly döredijilik bäsleşigi geçirildi. Bäsleşik 26-njy awgustdan 8-nji sentýabr aralygynda dowam etdi diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berdi.
Halypa režissýorlard...

Dowamy »

12 0
Täzelikler, 2 days ago


Şu dynç günleri Aşgabadyň teatrlarynda haýsy oýunlara tomaşa edip bolar

Aşgabadyň teatrlary tomaşaçylary öz sahna oýunlaryna, şol sanda täze sahnalaşdyrylan spektakllaryna tomaşa etmäge çagyrýar.
Şu dynç günleri paýtagtymyzyň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlarynyň repertuarlary bilen tanyşmagy teklip edýäris.
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatry:
12.09...

Dowamy »

13 0
Täzelikler, 2 days ago


Nebitiň bahasy 101 dollara çenli gymmatlady

Dünýäde nebitiň bahasy düýn ösüş görkezdi. Muňa Ormuz bogazynda nebit daşalyşynda emele gelen kynçylyklar sebäp boldy diýip, «Reuters» agentligine salgylanýan «Kazinform» habar berdi.
Brent nyşanly nebit 0,1göterim – bir barrel üçin 101,34 dollar, WTI - 0,5 göterim, 96,55 dollara çenli gymmatlady. Öňňin Brent 3,4 göterim, WTI bolsa, 3,25 göt...

Dowamy »

13 0
Täzelikler, 2 days ago


Tramp Kongrese saýlawlarda respublikaçylar ýeňse, 5 müň dollardan paýlajakdygyny söz berdi

Amerikanyň lideri Donald Tramp eger respublikaçylar aralyk saýlawlarda palatalaryň ikisine hem gözegçiligi almagy başarsalar, ýurduň kämillik ýaşyna ýeten raýatlarynyň her birine 5 müň dollar bermegi söz berdi. Bu barada «news.by» ýazýar.
«Men şuny söz berýärin: eger respublikaçylar ABŞ-nyň Senatynda Wekiller palatasynda ýeňseler, biziň ykd...

Dowamy »

14 0
Täzelikler, 2 days ago


Germaniýanyň kitaphanalaryndan türkmen halkyna degişli gymmatly golýazmalaryň nusgalary alyndy

Türkmenistanyň wekiliýeti ORCA taslamasynyň çäginde golaýda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Bremen, Drezden we Frankfurt hem-de Awstriýa Respublikasynyň Wena şäherlerinde ylmy iş saparda boldy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Ýeri gelende aýtsak, öň hem 2004-nji, 2007-nji we 2025-nji ýyllarda Germaniýa Federatiw Respubl...

Dowamy »

12 0
Täzelikler, 2 days ago


Günde tegmiller ýitip başlady

2026-njy ýylyň awgust aýynyň jemleri boýunça 2024-nji ýylyň degişli döwründäki bilen deňeşdirilende, Günüň ýüzünde tegmiller üç esse azaldy. Bu barada Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Kosmos barlaglary institutynyň Gün astronomiýasy laboratoriýasynyň Telegram-ýaýlymyna salgylanýan «lenta.news» habar berdi.
Habarda tegmilleriň 2024-nji ýylyň...

Dowamy »

15 0
Täzelikler, 2 days ago