2025-nji ýylyň 24-nji maýynda Monako Gran-Prisine kwalifikasiýa tapgyryna birnäçe minut galanda Mihael Şumaheriň meşhur Ferrari F2001 ulagy auksiona çykarylar. №211 şassili Ferrari F2001 ýaryşlaryň geçýän dynç günlerinde auksiona çykarylar. Bu “Formula 1” möwsüminiň gyzgalaňly wagty, hereketlendirijileriň sesiniň we bäsdeşlik howasynyň astynda ilkinji gezek awtoulagyň satuwy geçer. Monako Tribune neşiriniň bellemegine görä, ony geçirmek üçin bu ýeriň saýlanmagy ýöne ýerden däldir. Hut şu Ferrari-iň rurulnyň başynda Şumaher 2001-nji ýylda Monako Gran-Prisinde ýeňiji bolupdy. Biraz soňra şol awtoulagda Wengriýada ýeňiş gazanyp, dördünji çempionlyk adyny alypdy. Bu Şumaheriň Monakoda ýeňiş gazanan we şol möwsümde çempionlygy getiren ýeke-täk awtoulagydyr. 23-nji maýdan başlap F1 Paddock Club™ -nyň myhmanlary ulagy ýörite sergide görüp bilerler. Awtoulag 2024-2025-nji ýyllarda doly dikeldildi we ýene-de ajaýyp tehniki ýagdaýda. Onuň V10 hereketlendirijisi minutda 17 000 aýlaw etmäge ukyply. Bu awtoulag Mihael Şumaheriň Ferrariniň şol döwürdäki esasy şahsyýetleri Žan Todt, Ross Braun we Rori Birn bilen hyzmatdaşlygynyň netijesi boldy. Satuwdan alnan girdejiniň bir bölegi Şumaheriň haýyr-sahawat başlangyçlaryny goldaýan Keep Fighting Foundation gaznasyna gönükdiriler. Lotuň bahasy aýan edilmeýär, ýöne hünärmenler bahanyň ýokary boljakdygyna şübhelenmeýärler.