Ýakynda Türkmenistanyň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Monako Knýazlygyna iş sapary boldy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi. Gaznanyň wise-prezidenti Monako Knýazlygynda iş saparynda bolmagynyň çäklerinde Monako Knýazlygynyň Milli geňeşiniň başlygy Tomas Bresso bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda saglygy goraýyş işiniň, daşky gurşawy goramak tagallalarynyň we bu ugurdaky halkara gatnaşyklarynyň meseleleri boýunça pikir alyşdy. O.Atabaýewa şeýle hem Monako Şazadasy Albera II bilen duşuşdy. Onda sport, sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmak bilen bir hatarda parahatçylykly gatnaşyklary işjeňleşdirmek, halklaryň arasyndaky dost-doganlyk gymmatlygyna laýyk gelýän ýörelgeleri ösdürmek meselelerine garaldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir