Süýji keseline we semizlige garşy ýörgünli dermanlar üçin esas bolan - GLP-1 gormonyny tapandyklary we öwrenendikleri üçin alymlar toparyna 3 million dollar möçberinde abraýly Breakthrough Prize ylmy baýragy berildi. Bu baýragy köplenç "Ylymlar dünýäsiniň Oskary" diýip hem atlandyrýarlar. GLP-1 iýmit kabul edilenden soň içegelerde öndürilýär, insuliniň işlenip çykarylmagyny kadalaşdyrýar, iýmit siňdirişi haýalladýar we beýnä doklugyň signalyny ýollaýar. Ozempic we Wegovy dermanlarynyň esasynda şu häsiýetler ýatýar. Baýragy Ýens Holst, Deniel Druker, Joel Habener, Lotte Knudsen we Swetiana Moýsow dagy aldy. 1980-nji ýyllarda hut şu alymlar gormonyň işdäni kemeldýän we gandaky şekeriň derejesini kadalaşdyrýan mehanizmlerini öwrenip başladylar. "Duýdansyz şunuň ýaly habar alsaň, diýseň ýakymly we tolgundyryjy" - diýip, Kopengagen uniwersitetiniň professory Holst bu täzelige teswir berdi. Ozempic we Wegovy horlanmagyň serişdeleri hökmünde meşhurlyk gazandylar. Häzirki wagtda bular garaşlylygy, demensiýany we ýürek kesellerini bejermekde ulanmak üçin hem öwrenilýär. Dermanlaryň zyýanly täsirleri hem ýok däl. 2025-nji ýylda geçirilen uly barlag olaryň onlarça keseller bilen kesellemekligiň töwekgelçiligini azaldyp, emma beýlekileriň döremeginiň ähtimallygyny ýokarlandyryp biljekdigini görkezdi. Alymlar häzirki wagtda bejergä täzeçe çemeleşmegiň üstünde işleýärler – olar GLP-1-i bedeniň özüne bölüp çykartmak isleýärler. "Semizlik birgiden howply gaýra üzülmeler bilen baglanyşykly. Esasy zat, bu birleşmeler arkaly olaryň öňüni saglyga zyýan ýetmänkä alyp bileris" – diýip, Holst belleýär.