Rumyniýada ýetginjekleriň futbol ýaryşlarynda gara kart girizildi
Rumyniýanyň Futbol Federasiýasy (RFF) futbol ýaryşlarynda gara kart girizdi. Täze düzgün 7 ýaşdan 16 ýaşa çenli çagalaryň we ýetginjekleriň arasyndaky oýunlarda ulanylar.
Gara kart tomaşaçylar ýa-da ata-eneler oýun wagtynda kemsidiji ýa paýyş sözleri, şeýle-de gazaply hereketleri bes etmedik ýagdaýynda görkeziler.
Ilki bilen emin oýny...
Çempionlar ligasynyň umumy tapgyry başlandy: Mourinýonyň «Realy» «Interden» üstün çykdy
9-njy sentýabra geçilen gije 2026/27-nji ýyl möwsüminiň Çempionlar ligasynyň umumy tapgyrynyň oýunlaryna badalga berildi.
Günüň merkezi duşuşygy Žoze Mourinýonyň ýolbaşçylygyndaky Madridiň «Real» topary bilen portugaliýaly tälimçiniň ozalky kluby — Milanyň «Inter» toparynyň arasyndaky duşuşyk boldy. «Real» 2:1 hasabynda ýeňiş gazandy.
...
Türkmenistanyň ýaş boksçylary Ispaniýada geçirilen halkara ýaryşda 10 medal gazandy
Türkmenistanyň ýetginjekler we ýaşlar ýygyndysynyň boksçylary Ispaniýanyň Alikante welaýatynyň La-Nusiýa şäherinde geçirilen «Boxam International Tournament 2026» atly halkara ýaryşynda üstünlikli çykyş etdiler.
Ýaryşa 21 ýurtdan 246 türgen gatnaşdy. Türkmenistanyň ýygyndysynyň düzüminde U15, U17 we U19 ýaş toparlarynda 17 boksçy çykyş etdi....
Çarwadarlaryň VI Bütindünýa oýunlarynyň ýeňijisi Gazagystan boldy
Çarwadarlaryň VI Bütindünýa oýunlarynda umumy toparlaýyn hasap boýunça birinji orny Gazagystan eýeledi. Gazak türgenleri oýunlarda 74 baýrak — 32 altyn, 20 kümüş we 22 bürünç medal gazandylar diýip, «Azertaj» habar berdi.
Ikinji orny 30 altyn medal bilen Gyrgyzystan, üçünji orny ýedi altyn medal bilen Russiýa eýeledi.
Çarwadarlaryň VI...
Aşgabadyň 67 ýaşly ýaşaýjysy 35 kilometrlik aralygy ylgap geçmäge taýýarlanýar
Sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän Nurmämmet Kakabaýew her gününi paýtagtymyzyň suw akabasynyň kenaryndaky gök zolaklaryň ugrunda irdenki ylgaw bilen başlaýar.
«Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar bermegine görä, häzirki wagtda 67 ýaşly höwesjeň özi üçin täze aralyga taýýarlyk görýär. Ol Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasyb...
Tewes hoşlaşyk duşuşygy üçin Messi bilen Ronalduny bir toparda jemlejekdigini söz berdi
Argentinaly futbolçy Karlos Tewes 60 töweregi meşhur futbolçynyň gatnaşmagynda hoşlaşyk duşuşygyny guramaga taýýarlyk görýär.
Onuň The Goal neşirine gürrüň bermegine görä, oýna gatnaşjaklaryň arasynda Kriştianu Ronaldu bilen Lionel Messi hem bolaýmagy ähtimal. Eger iki beýik futbolçyny jemlemek başartsa, olar taryhda ilkinji gezek bir topary...
Ýaryşy 19-njy ýerden başlan Antonelli pellehana birinji bardy
«Mercedes» toparynyň italiýaly sürüjisi Kimi Antonelli Monsada geçen «Formula-1» çempionatynyň 13-nji tapgyrynyň – Italiýanyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy.
Antonelli güýç ulgamynyň çalşylmagyna berlen jerime sebäpli 19-njy orundan badalga aldy. Ikinji orny 3,857 sekunt aratapawut bilen onuň topardaşy britaniýaly Jorj Rassell eýeledi. Üçünji...
Futbol klublary transfer üçin tas $10 mlrd sarp edip, dünýä rekordyny ýene täzeledi
Tomusky transfer möwsüminde bütin dünýä boýunça futbol klublary oýunçylary satyn almak üçin rekord derejede 9,89 mlrd dollar sarp etdi. Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) maglumatlaryna görä, bu transfer bazarynyň aňryçäk bahasydyr.
Geçen tomus toparlar täze futbolçylar üçin jemi 9,74 mlrd dollar çykdajy etdi.
Bazarda iň köp puly...
Türkmenistanyň ýygyndysynyň öňki ýarym goragçysy Baýramow 44 ýaşynyň öňüsyrasynda Birinji ligada üç gol geçirdi
Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki ýarym goragçysy Nazar Baýramow ýurdumyzyň Birinji ligasynyň Aşgabat zolagynda çykyş edýän «Altyn Täç» toparynyň düzüminde ilkinji gezek meýdança çykdy. Türkmenistanyň futbol ligalarynyň derejesinde Birinji liga ikinji güýçli düzüm hasaplanýar. Futbolçy 44 ýaşynyň dolmagyna bir gün galanda «Oguzhan» toparyna ga...
Aşgabatda AFK-nyň futbol dolandyryşy boýunça okuw maksatnamasy tamamlandy
Aşgabatda Aziýanyň futbol konfederasiýasynyň (AFK) futbol administrasiýasy we dolandyryşy boýunça gibrid okuw maksatnamasyny (ACFAM) tamamlan uçurymlara diplomlaryň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Bu barada AFK-nyň metbugat gullugy habar berýär.
Türkmenistanyň futbol federasiýasy (TFF) bilen bilelikde geçirilen okuw maksatnamasy alty aý dowam...
Dumanly säherler we Yşyk halkasy: ÇL-iň täze toplary görünmeýän zähmete we ösüşe bagyşlandy
Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň bileleşigi (UEFA) öz resmi saýtynda 2026/27 möwsüminde Çempionlar ligasynyň oýunlarynda ulanyljak toplary görkezdi.
Erkekleriň we zenanlaryň ýaryşlary üçin niýetlenen iki sany dürli dizaýndaky top Adidas kompaniýasy tarapyndan döredildi. Toplaryň ikisi-de bäş burçly ýyldyzlaryň şekili bilen bir um...
Abdylla Babaýew özbek söweşijisine garşy tutluşykda ýeňiş gazandy
MMA boýunça türkmen söweşijisi Abdylla Babaýew Minskiň Sport köşgünde geçirilen BetCity Fight Nights 140 ýaryşynda üstünlikli çykyş etdi. Ýeňil agram derejesindäki tutluşykda ol Özbegistanyň wekili Hindolbek Burijonowdan tehniki nokaut bilen üstün çykdy.
Tutluşygyň netijesine köp garaşmaly bolmady: Babaýew ilkinji sekuntlardan başlan...
«Real» «Arsenala», «PSŽ», «Barsa» we «Siti» birek-birege garşy: ÇL-2026/27 bije çekilişiginiň netijesi
Monakoda geçirilen bije çekilişiginde Çempionlar ligasynyň 2026/2027 möwsüminiň umumy tapgyrynyň oýunlary mälim boldy.
Klublar reýtingine görä dört sany sebede bölündi, şondan soň kompýuter olaryň garşydaşlaryny kesgitledi. Düzgüne görä, her bir topar umumy tapgyrda 8 duşuşyk geçirer (4-si öz meýdançasynda, 4-si myhmançylykda).
...
FIFA täze ýaryş döretdi: oňa 211 ýygyndy gatnaşar
Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) prezidenti Janni Infantino gurama agza bolan 211 federasiýanyň ählisiniň gatnaşmagynda 15 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda ilkinji dünýä çempionatynyň geçiriljekdigini mälim etdi.
«Biz futboly, hakykatdanam, dünýä derejesine ýetirmek isleýäris. Bu 4 müňden gowrak çaganyň bilelikde futbol oýnaýa...
Çempionyň gadyry: Werstappen Red Bull-da $100 milliondan köp gazanar
Dünýäniň dört gezek çempiony bolan Maks Werstappeniň ýyllyk gazanjy Red Bull bilen baglaşan täze şertnamasyna görä 100 million dollardan kän bolar. Bu barada žurnalist Jo Seýwardyň maglumatyna salgylanyp GPblog habar berýär.
Kompaniýa niderlandly sürüji bilen şertnamany 2030-njy ýyla çenli uzaltdy. Öňki şertnamasy boýunça Werstappen...
Türkmen söweşijileri Abdulla Babaýew we Eziz Penjiýew nobatdaky tutluşyga taýýarlyk görýär
MMA boýunça türkmen söweşijileri Abdulla Babaýew we Eziz Penjiýew 27-nji we 29-njy awgustda nobatdaky tutluşyklaryny geçirer. Babaýew Minskide (Belarus) geçiriljek Fight Nights 140, Penjiýew bolsa Permde (Russiýa) geçiriljek Ural FC ýaryşynda çykyş eder.
27-nji awgustda Minskiniň Sport köşgünde Babaýew ýeňil agram derejesinde Özbegis...
Allaýar Şirliýew Abu-Dabidäki küşt ýaryşynyň ýeňijisi boldy
Türkmen küştçüsi Allaýar Şirliýew Abu-Dabide (BAE) geçirilen 32-nji Halkara küşt festiwalynyň çäginde Open A ýaryşynyň ýeňijisi boldy.
Festiwal 15 — 24-nji awgust aralygynda geçirildi. Aşgabatly türgen şweýsar ulgamy boýunça geçen ýaryşda mümkin bolan 9 utukdan 8-isini ýygnady.
Şirliýew ýaryşda ýedinji belgi bilen çyky...
Pardaýewa, Rahymow we ýene 8 türkmen dzýudoçysy Lozannadaky ýaryşa gatnaşar
Türkmenistandan Maýsa Pardaýewa, Serdar Rahymow we ýene sekiz dzýudoçy 28 — 30-njy awgust aralygynda Şweýsariýanyň Lozanna şäherinde geçiriljek Uly tuwulga ýaryşyna gatnaşar. Ýaryş 78 ýurtdan 532 türgeni jemlär.
Ýaryşda Türkmenistana wekilçilik edýän türgenler:
Erkekler: Ural Bagtyýarow, Ygtyýar Gurbanberdiýew (60 kg),...
«Iň gowy ýeňişlerimiň biri»: Norris «Formula-1-iň» yzly-yzyna ikinji ýaryşyny utdy
McLaren toparynyň britaniýaly sürüjisi Lando Norris Niderlandlaryň Zandwort şäherinde geçirilen «Formula-1» ýaryşynda birinji orny eýeläp, yzly-yzyna ikinji gezek ýeňiş gazandy.
Ikinji we üçünji orunlary, degişlilikde, Mercedes toparynyň wekilleri Andrea Kimi Antonelli we Jorj Rassell eýelediler.
«Ýaryşa başlaýşym hakd...
Efiopiýaly ylgawçy 2 ýylda 2 gezek ýarym marafonuň rekordyny döwdi
Efiopiýaly Ýomif Kejelça Buenos-Aýres (Argentina) şäherinde 21,1 kilometrlik aralygy 56 minut 51 sekuntda geçip, ýarym marafon boýunça dünýä rekordçysy adyny gaýtaryp aldy.
Kejelça ugandaly Jeýkob Kiplimonyň mart aýynda Lissabonda görkezen (heniz World Athletics tarapyndan tassyklanmadyk) 57 minut 02 sekuntlyk netijesini gowulandyrdy...