Geçen aý tanyşdyrylan Google Pixel 9a entek satuwa çykmasa-da, köpleriň ünsüni özüne çekýär. YouTube blogeri PBKreviews enjamy ele alyp, doly söküp gördi we orta bahaly smartfonyň içinde nämeleriň gizlenýändigini görkezdi. Bu barada «GSMArena» ýazýar. Sökülende birnäçe gyzykly maglumatlar ýüze çykdy. Enjamyň içinde Tensor G4 çibi bar – bu çip beýleki Pixel 9 modellerinde-de ulanylýar, ýöne sowadyş ulgamy biraz ýönekeýräk. Çylşyrymly ýylylyk turbalarynyň deregine grafit plýonka ulanylypdyr, bu hem ýeri tygşytlaýar, hem-de bahany peseldýär. 5100 mA·sag sygymly batareýasy berk ýerleşdirilipdir, bu onuň çalşylmagyny kynlaşdyrýar, ýöne uzak möhletli ygtybarlylygy wada berýär. Kameralaryň – 48 MP esasy we 13 MP giň burçly – korpusyň içindäki ýerleşişi hem garaşylşy ýaly bolup çykdy. Pixel 9a dört reňkde hödürlener, şol sanda gara «Obsidian» reňki hem bolar we alýumin çarçuwaly tekiz dizaýnyny saklar. 499 dollarlyk başlangyç bahasy bilen bu enjam orta synpdaky smartfonlara güýçli bäsdeş bolar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir