Döwletmämmet Azady adyndaky TMDDI-niň talyplary Russiýada we Günorta Koreýada dil tejribesini geçýärler
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty (TMDDI) halkara akademiki hyzmatdaşlygyny işjeň giňeldýär. Institutyň iň gowy talyplaryndan ybarat iki topar daşary ýurtlarda dil we hünär taýýarlygyny kämilleşdirmek maksady bilen tejribe okuwlaryna ugradyldy.
Birinji topar — rus dili we edebiýaty fakultetiniň ikinji ýyl taly...
Türkmenistanly talyplar Koreýada okuw tejribeligini geçýärler
29-njy iýundan 6-njy iýuly aralygynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyplary Koreýa Respublikasynyň Çhunçhon şäherinde ýerleşýän Kangwon milli uniwersitetinde okuw tejribeligini geçýärler. Institutyň gündogar dilleri we edebiýaty fakultetiniň koreý dili hünärinde bilim alýan, okuwda we jemgyýetçilik işlerinde...
Arkadag şäherinde 720 orunlyk umumybilim berýän mekdepleriň 5-si gurulýar
Täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda her biri 720 orunlyk umumybilim berýän mekdepleriň 5-si, 320 orunlyk çagalar baglarynyň 9-sy, saglyk öýi, ýangyna garşy göreş gullugynyň, Arkadag şäheriniň häkimliginiň edara binalary, muzeý, «Saglyk» seýilgähi, söwda we hyzmat ediş toplumy, her biri 30 öýli, 5 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 36-sy, her biri 40...
Türkmenistanyň ÝOM-larynyň 3-si «THE Sustainability Impact Ratings 2026» sanawyna girizildi
2026-njy ýylyň 24-nji iýunynda Beýik Britaniýanyň «Times Higher Education» («THE») agentligi tarapyndan ýokary okuw mekdepleriniň Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Durnukly ösüş maksatlarynyň (DÖM) 17-sine goşýan goşandyny bahalandyrýan «THE Sustainability Impact Ratings 2026» dünýä reýtinginiň netijeleri yglan edildi. Bu ýyl sanawda ilkinji gez...
Türkmen talyplary Özbegistanda tejribelik geçýärler
22-nji iýun — 4-nji iýul aralygynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyplary Özbegistan Respublikasynyň Daşkent irrigasiýa we oba hojalygyny mehanizasiýalaşdyrmak inženerleri institutynda okuw-önümçilik tejribeligini geçýärler. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň saýtynda habar berilýär.
Tejribeligiň esas...
Türkiýäniň ýokary okuw mekdeplerinde EA ýykgyn edýän täze hünärler açylar
Türkiýäniň Ýokary bilim geňeşi (YÖK) bir bölegi emeli aň bilen baglanyşykly 16 sany täze hünäriň girizilýändigini habar berdi diýip, «azertaj.az» ýazýar.
Ýagny 2026/27-nji okuw ýylynda Türkiýäniň ýokary okuw mekdeplerine giriş synaglarynda hünär saýlamak boýunça gollanmalarda «Emeli aň», «Maliýe tehnologiýalary», «Biotehnologiýalar», «Mobil...
TOHU-da «Türkmenistanda agroinnowasiýa» atly ylmy-amaly elektron žurnal dörediler
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň «Türkmenistanda agroinnowasiýa» atly ylmy-amaly elektron žurnaly dörediler. Bu barada düýn sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda wise-premýer B.Mämmedowyň hasabatynda bellenildi.
TDH-da habar berlişi ýaly, häzirki wagtda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen...
Türkmenistanyň Bilim ministrligi Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin resminamalary kabul etmek möhletini uzaltdy
Türkmenistanyň Bilim ministrligi Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin bäsleşikli seçip alyşa gatnaşmaga resminamalary kabul etmek möhletiniň uzaldylandygyny yglan etdi. Indi resminamalary 2026-njy ýylyň 25-nji iýunyna çenli (şol gün hem degişli) tabşyryp bolar.
Bäsleşikli seçip aly...
Türkmen dalaşgärlerine Sinszýan ýokary okuw mekdeplerine resminamalary tabşyrmak üçin goşmaça möhlet berildi
Türkmenistanyň Bilim ministrligi Sinszýan-Uýgur awtonom sebitiniň ýokary okuw mekdeplerine okuwa girmek üçin resminamalary kabul etmegiň möhletini 25-nji iýuna çenli uzaltdy. Ozal resminamalary kabul etmek işi 21-nji iýunda tamamlanmaly edilipdi.
Resminamalar Aşgabatda Halkara ynsanperwer we ösüş uniwersitetinde kabul edilýär. Okuwa umumy or...
Türkmenistanyň Bilim ministrligi Hytaýda okuw üçin seçip alyş işini yglan edýär
Türkmenistanyň Bilim ministrligi Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom sebitiniň ýokary okuw mekdeplerinde bilim almak üçin bäsleşikli seçip alyş işiniň başlanandygyny yglan etdi. Mekdepleriň we hünär-tehniki okuw mekdepleriniň uçurymlary 2026/2027-nji okuw ýyly üçin bakalawr maksatnamalaryna resminamalaryny tabşyryp bilerler.
Re...
Aşgabatda ÝHHG-niň talyplar üçin howa boýunça okuw maslahaty geçirildi
11–12-nji iýunda ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezinde «Klimat bilen bagly herekede ählitaraplaýyn goşulyşmak we deň derejede gatnaşmak» atly iki günlük talyplar üçin niýetlenen okuw maslahaty geçirildi. Bilim beriş taslamasy Merkezi Aziýada ekologiýa howpsuzlygyny we hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça ÝHHG-niň ählumumy maksatnamasynyň çäklerinde guraldy. B...
Saratow Döwlet Uniwersitetiniň aspiranty Nepesmyrat Gylyjow «GDA-nyň iň gowy talyby» diýlip ykrar edildi
Saratow Döwlet Uniwersitetiniň (SDU) biologiýa fakultetiniň türkmenistanly aspiranty Nepesmyrat Gylyjow abraýly halkara «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. Ýaş alym giň gerimli ýaşlar taslamasynda güýçli bäsdeşlerinden öňe geçmegi başardy.
Bäsleşik «Parasat» Milli Bilim we Innowasiýalar Merkezi hem-de «Täze Gazagystan» inno...
Ylmy işler boýunça bäsleşikde ýaş alymlaryň we talyplaryň 170-isi sylaglanyldy
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Ylymlar güni mynasybetli ýurduň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan h...
Türkmenistanyň Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen hyzmatdaşlyk resminamalaryna gol çekildi
10 – 11-nji iýunda Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde «Oguz han uniwersiteti: zehin, innowasiýa, ösüş» atly utgaşykly görnüşli halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Onuň çäklerinde bu ýokary okuw mekdebi bilen täze ikitaraplaýyn resminamalaryň bäşisine gol çekildi. Bu barada «Altyn asyr...
Pamukkale uniwersiteti we Türkmenistanyň ilçihanasy ýurduň gazanan üstünliklerine bagyşlanan maslahat geçirdiler
11-nji iýunda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasy Pamukkale uniwersiteti bilen bilelikde Denizli şäherinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ylmy maslahat geçirdi.
Pamukkale uniwersiteti we Türkmenistanyň ilçihanasy ýurduň gazanan üstünliklerine bagyşlanan maslahat geçirdiler
Çärä uniwersitetiň rek...
Türkmenistanly mekdep okuwçylary «Ýatlama otlusy» taslamasyna gatnaşarlar
Türkmenistanly mekdep okuwçylary «Ýatlama otlusy» atly medeni-bilim taslamasyna gatnaşarlar. Bu barada RF-niň Türkmenistandaky ilçisi Iwan Wolynkiniň «Нейтральный Туркменистан» gazetinde çap edilen makalasynda bellenilýär.
«Türkmen dostlaryma «Ýatlama otlusy» medeni-bilim taslamasyny goldandyklary üçin minnetdarlyk bildirmek isleýärin. Tiz w...
Türkmenistanda «Oguz hanyň zehinli nesilleri» olimpiadasynyň ýeňijileri yglan edildi
Türkmenistanda ýurduň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 9 — 12-nji synp okuwçylarynyň arasynda Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti tarapyndan geçirilen «Oguz hanyň zehinli nesilleri» atly IV integrirlenen olimpiadanyň ýeňijileri yglan edildi. Şu ýyl olimpiada gatnaşan mekdep okuwçylarynyň sany 22 müňden geçdi, olaryň 68-si fina...
ABŞ-nyň bilim maksatnamalarynda türkmenistanly gatnaşyjylar üçin orunlary artdyrmak teklip edildi
8-nji iýunda Aşgabatda Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew bilen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Sara Rojersiň ýolbaşçylygyndaky amerikan wekiliýetiniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, gepleşikleriň dowamynda taraplar bilim ulgamyndaky türkmen...
TDIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynda MEXT maksatnamasy boýunça synaglar geçiriler
14-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Ýaponiýanyň Bilim, medeniýet, sport, ylym we tehnologiýalar ministrliginiň (MEXT) maksatnamasy boýunça synaglar geçiriler.
Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň resmi saýtynda habar berilmegine görä, synaga diňe öňürti ilçihana resmi ýagdaýda arza...
IDEA+ bilen Belarusyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerine okuwa girmek mümkinçiligi
IDEA+ topary resminamalaryňyzy gysga möhletde taýýarlamaga, çakylyk hatynyň asyl nusgasyny almaga, şeýle hem okuwa kabul edileniňizden başlap töleg resminamalary resmileşdirilýänçä Belarus Respublikasynda ýardam beriji hyzmatlary ýerine ýetirmäge kömek edýär. Tölegler nagt hem-de nagt däl görnüşde kabul edilýär.
Hyzmatdaş ýokary okuw mekdepl...