Koreýa Respublikasynyň hökümeti möhletinden irki saýlawlaryň geçiriljek senesini 3-nji iýuna belledi. Bu barada döwlet Baştutanynyň wagtlaýyn wezipe borçlaryny ýerine ýetirýän ýurduň premýer-ministri Han Dok Sunuň apparatynyň beýanyna salgylanyp, TASS habar berýär. Çözgüt 4-nji aprelde Konstitusiýa kazyýeti tarapyndan Prezident Ýun Sok Ýoluň impiçmentiniň biragyzdan tassyklanmagyndan soň kabul edildi. Kanuna laýyklykda, saýlawlar Prezident wezipeden aýrylandan soň 60 günüň dowamynda geçirilmeli. 3-nji iýun senesi ses berişligi geçirmek üçin saýlandy. Ministrler kabineti 8-nji aprelde geçen mejlisde bu güni wagtlaýyn dynç alyş diýip yglan etdi. Dalaşgärleriň deslapky hasaba alnyşy 4-nji aprelde başlady. Gutarnykly hasaba alyş 11-nji maýda tamamlanar. Saýlawdan öňki kampaniýa 12-nji maýda başlar we ses berişlik gününe çenli dowam eder.