“Barsaň, “döwran ötdi” diýgil daglara.”

“Barsaň, “döwran ötdi” diýgil daglara.”
(“Görogly” eposyndan)

Köňlümden syzylyp çykan, eý, goşgym,
“Barsaň, “döwran ötdi” diýgil daglara.”
“Örtedi, örtendi, emma ki yşkyn
Başyna täç etdi” diýgil daglara.

“Özün aýamady, çekdi ah baryn,
Diňe maňa diýip bildi ahwalyn,
Arzuwy gezme...

Dowamy »

577 2
Edebiýat, Pegas tarapyndan 2 years ago

Eneler ýylgyrsyn. Meredow Gurbanmämmet

Eneler ýylgyrsa açylar güller,
Saýraşarlar saýramaýan bilbiler,
Eneleň ýylgyrşy ýyladar dünýäň,
Eneleň ýylgyrşy tutuş bir dünýä,

Eneler ýylgyrsa açylar göwün,
Dikelip, boý alar saralan, bägül,
Eneleň ýylgyrşy unudar gussaň,
Eneleň ýylgyrşy dermandyr hassa.

Eneler ýylgyrsa şatla...

Dowamy »

497 0
Edebiýat, TMCELL11 tarapyndan 2 years ago

“KEMSINME, EZIZIM...”

Kemsinme, ezizim,
Kemsinme asla,
Geýýän geýimleriň sadalygyna.
Seni söýgim bilen bagryma basýan,
Melul men gözleriň jadylygyna.

Kemsinme, ezizim, durmuşda häli
Meň kärim utulmak,
Utup bilemok
Hem käbir işewür adamlar ýaly,
Arzan alyp, gymmat satyp bilemok.

Kemsinm...

Dowamy »

724 10
Edebiýat, Pegas tarapyndan 2 years ago

Leýlisaç. Meredow Gurbanmämmet

Bu ümsüm gijeler tümli gijeler,
Gökde gözün gyrpýar, ýyldyzlar üyşüp,
Aşyklara hemaýatkärdir olar,
Saýrak guşlar bagtly boluň diýşip,

Owsun atýan köller ýuwaş tolkunyp,
Aýyň keşbin ýatyr üstüne gatyp,
Ýel öwsende, leýlisaçlar gorkuzyp,
Dymyp otyr olar niçe syr basyp.

Aşyklary b...

Dowamy »

456 0
Edebiýat, TMCELL11 tarapyndan 2 years ago

“Ýollar meni alyp gider...”

Ýollar meni alyp gider,
Dözer gider ýyllar maňa.
Ýürek ýanar ot içinde,
Üşeýänler ýylnar maňa.

Daga-daşa siňer ahym,
Hasratymy diňlär asman.
Syrlarymy alan baglar
Meni ryswa etmez asla...

Armanymy bagra basan
Otagyma gysylaryn.
Joşa gelen ýaz ýagşy deý
Ahyr...

Dowamy »

669 23
Edebiýat, Pegas tarapyndan 2 years ago

Nädip unutmaly. Gurbanmämmet Meredow

Gitseňemä gitdiň, welin hoşlaşyp,
Indi seni nädip unutmalykam?!
Bilmedim men senden asla daşlaşyp,
Indi seni nädip unutmalyka?!

Wagt taparmyka munuň çäresin,
Tapyp bilmen elwredim därisin,
Görmändim men yşkyň beýle dälisin,
Indi seni nädip unutmalykam?!

Hat-da gijelerne goýman...

Dowamy »

529 0
Edebiýat, TMCELL11 tarapyndan 2 years ago

Gutlag dostuma Gurbanmämmet Meredow

Bagt guşy bolup girsin gapyňdan,
Alyp gelsin mähir bilen söýgini,
Penjiräňden agzybirlik girsinde,
Alyp gitsin gussa bilen gaýgyňy.

Öýlerňize bagt nuruny çaýsyn,
Gülki dostuň bolsun, üstünlik hemraň,
Esasy zat polat deýin jan-saglyk,
Başyň dikläp gezip ýörgün sagaman.

Ömrüň der...

Dowamy »

573 3
Edebiýat, TMCELL11 tarapyndan 2 years ago

Haýsu saýtlarda mùmkin bolsw?!

Salam dostlar men öz döreden goşgularymy mp3 format görnüşinde saytlara ýükläp paýlaşasym gelýär ýöne haýsy saytlarda ýukläp bolýarka? Köpçülikleýin paýlanar ýaly bir maslahat beriňdä indi dostlar!

Dowamy »

552 5
Edebiýat, TMCELL11 tarapyndan 2 years ago

Adym...

Adyma aşyk men, söýýän adymy,
Uzynam däl, ap-aňsatjak aýdylýar.
Agzalanda gobsundyrýar adamy,
Onda men bar,
onda saz bar, aýdym bar.

Adymda nagma bar,
agma bar hetden,
Onda dünýäň tüm lezzeti jemlenen.
Onda yşk bar ― aşyp bilýän serhetden,
Oňa özün ýöňkäp bilýär çem gelen.
...

Dowamy »

582 5
Edebiýat, Pegas tarapyndan 2 years ago

“Sen düýşüme girdiň...”

Sen düýşüme girdiň ― öňküje bolşuň,
Öňkiň ýaly süýji gürrüňler edip.
Menem hezil edip gulagym asdym,
Özüm dymyp, seni bolsa gürledip.

Sen-ä saçlaryňy şemala berip,
Ýöräp barýarmyşyň arzuwma tarap.
Menem seň yzyňdan galman barýaryn,
Kä yzyma garap, kä saňa garap.

Sen-ä köpmanyly...

Dowamy »

553 2
Edebiýat, Pegas tarapyndan 2 years ago

“Ýüregime düşünmediň...”

Ýüregime düşünmediň, 
Bakdyň gitdiň kese-kese. 
Günämidi ýürek pahyr 
Boluşyňa düşünmese?! 

Sözleriňe yşkdyr öýtdi, 
Yşkdyr öýtdi gülüşiňe. 
Seň adyňy ýazypdy ol 
Özüniň her ülüşine. 

Urmasyny tizlendirdi 
Bir zatjyklar ýazan çagyň. 
Eräp gitdi, akyp gitdi 
...

Dowamy »

578 8
Edebiýat, Pegas tarapyndan 2 years ago

Gidäýdiň-le, gyz!..

(10.01.2013ý. Dostum Amanyň söýgülisi öz janyna kast etdi ― dünýeden ötdi.)

Gara syýa çyrşap ömür sahabma,
Bu gün ykbalymdan gidäýdiň-le, gyz!
Näme sebäp, düşünmedim hasabňa,
Gözlerimden baky ýitäýdiñ-le, gyz!

Sesiň mukam, diliň dutar-tardy, wah,
Nähak gürrüň ömür gülüň gyrdy, wah,
Gö...

Dowamy »

764 7
Edebiýat, Pegas tarapyndan 2 years ago

ÖZGERIŞ...

Çaga wagtym ejem saýlap bererdi,
Meň üstüme geýjek ähli geýimimi.
Üýtgederdi rahat, täze eşikler,
Päk durmuşa bolan ähli meýlimi.

Çaga wagtym Kakam saýlap bererdi,
Aýagyma geýýän ähli köwşümi.
Ol bilen ýöremek juda aňsatdy,
Ýoluma düşerdi nurly öwşüni.

Ulalam soň galdy beýle he...

Dowamy »

680 5
Edebiýat, Men_ve_Sen tarapyndan 2 years ago

"Bir gyzyñ yhlasy ar alýar menden"

Aý indi Pegasyn teklebi boýunça düzüldi, biderek zametkada goýman paýlaşaýyn diýdim...

"Bir gyzyñ yhlasy ar alýar menden"

Soñky döwür näme üçin aladaly men
Gije gündiz gezýärin ukysyz çenden
Käte gelýär pikirler üýtgeşikden geñ
Bir gyzyñ yhlasy ar alýar menden

Geçen ýollarymda kändim...

Dowamy »

750 17
Edebiýat, Dogrudawalla tarapyndan 2 years ago

Kyn...

Endik edip otly bakyşlaryna,
Garaýarka her gün ogryndan-ogryn,
Bu gün aýra düşüp goşgy ýazmaklyk ―
Kyn...

Ýeketäk hasaplap bu giň älemde,
Aýdyp onuň ilden artykmaçlygyn,
Bu gün bolsa kemçiliginem duýmak ―
Kyn...

Şanyna ençeler goşgular goşup,
Isleseň dünýäňde baky galmag...

Dowamy »

528 5
Edebiýat, Pegas tarapyndan 2 years ago

S.A.Niyazow

"Durmushdan gerekli zadyñy almak üçin, özüñ durmusha gerekli bol!Almagyñ pikirini etmezden ozal, bermegiñ hötdesinden gel,shonda zeruryñ özi üstüñe gelŷändir!"

Dowamy »

785 9
Edebiýat, Razymy? tarapyndan 2 years ago

Gorkýan...

Gorkýan. Özümi unudaryn diýip gorkýan... Bu dünýäň hödür edip biljek ajaýyp we o diýen ajaýyp däl zatlary üçin açyk bolan günlerimi unudaryn diýip gorkýan. Wagtyň geçmegi bilen ýüzümde adamlara bolan ynamdan, mähirden nam-nyşan galmaz öýdüp gorkýan. Adamlara hem duýgulara, hamana, öz bahasy bar bolan haryt hökmünde garap başlaryn öýdüp gorkýan. Şu...

Dowamy »

608 5
Edebiýat, Pegas tarapyndan 2 years ago

Başladyk onda!

Hany, onda, goşgusöýerler, şu setir boýunça ýazaýalyň:

"Bir gyzyň yhlasy ar alýar menden"

Ýazan goşgularyňyzy ertir şular ýalyrak wagtlar mowzuk açamda, şol mowzukda teswir edip ýazaýyň. Ondan öň mowzuk edip açmaga howlukmaweriň. Üstünlik ýazjaklara!

Dowamy »

767 13
Edebiýat, Pegas tarapyndan 2 years ago

Unutdyňmy?!

Garaýyşlaň, ne üçin sowuk,
Ne üçin dymýäň, ýüzüň sowup.
Öz ýanyňdan meni kowup,
Wadalary, unutdyňmy.?!

Ne sebäpden, näme bilen,
Baýlykmy ýa aklyň alan.
Ýollaryňa nazar salan,
Dideleri, unutdyňmy.?!

Düşünmek kyn, aklym haýran,
Tozap arzuw, umyt weýran.
Bagta sary u...

Dowamy »

573 1
Edebiýat, loveee_@ tarapyndan 2 years ago

Gördüňmi?

Eliňden gidirip arzyly zadyň,
Dünýäň derdi bilen aglap gördüňmi?
Gözden gam inende, soralsa halyň,
"Aý, gowy-la" diýip aldap gördüňmi?

Gijelerne ýalňyz galyp gördüňmi,
Ýyldyzly köýnegin synlap asmanyň?
Gülkiňe gussaňy ga:ryp gördüňmi,
Bendi bolup em tapylmaz ahwala?

Gör...

Dowamy »

921 77
Edebiýat, Korolewa tarapyndan 2 years ago