Ine saňa

Bir gün 3 sany alkaşlar balyk tutup durlar diýýär.
Olar balyk tutmakdan daşary ýanyndaky çüşelerini hem kem goýmaýardylar.
Soň olaryň 1-nji alkaşyň çeňňegine Tylla balyk düşüpdir we Tylla balyk onnan, dile dilegiňi diýip sorasa, ol alkaş 1 çemedan 1000$ diýipidir.
Ikinji alkaşykda derrew Tylla balyk düşüpdir. Tylla balyk alkaşd...

Dowamy »

1154 0
Edebiýat, 12 tarapyndan 4 years ago

Degişme

Gijäniñ bir wagty internet oýnap oturan ogly birden batly gygyrýar. Kakasy eşdip hasyrdap oglunyñ ýanyna barýar:
- Oglum,näme boldy? Nämä gygyrdyñ?
Ogly: - Kaka Maýagözel meni dobawit etdi-diýipdir.


Bir patsançik gygyryp aýdym aýdyp gelýä diýýä:
-Ahhh sen indi özgäňki, dodaklarym dillerim küýseýär seni......

Dowamy »

1268 1
Edebiýat, 12 tarapyndan 4 years ago

Degişmejik

Ogry bu gün ogurlykdan hiç zat düşmedigi üçin gije birahat bolup ýatmaýyn diýip, çep jübüsindäki 1manady sag eli bilen alyp, sag jübüsine goýup, onsoň rahat uklady.

Otagymy arassalaýşym hakda:
- Otagy arassalap başlaýaryn
- 6 ýyl mundan öň ýitiren zadymy tapýan, 5 sagatlap seredip durýan
- Ýatmana gitýän
<...

Dowamy »

1175 0
Edebiýat, 12 tarapyndan 4 years ago

Synag

synag
Durmuş meni goý synasa synasyn
Belki synaýandyr eklemek üçin.
"Perwedigär" gorar meni synagda,
göreşerin ýene berkemek üçin.

Dowamy »

985 0
Edebiýat, 12 tarapyndan 4 years ago

BAZARA GEL BAZARA

BAZARA GEL BAZARA

Aljakmy ýa satjakmy,
Bazara gel, bazara:
Nazly nygmat datjakmy,
Bazara gel, bazara!

Bazarda bardyr nogul,
Puluň barmy, han ogul.
Jübiňe häzir bolgul,
Bazara gel, bazara!

Gyz-gelinler hatar-a,
Her kim zadyn satar-a,
Pursa...

Dowamy »

1198 0
Edebiýat, Gürgençli tarapyndan 4 years ago

Sözler birdir pikirler dürli

sözler birdir pikirler dürli
Wagt serhetiniň içinden geçip barýan adamlar üçin biri biriniň hereketleri, özüni alyp baryşlary geň bolup görünýändir. Elbetde synaglaryň sanynyň näçedigini bilesiň gelýän bolsa onda ýer ýüzünde ýaşaýan adamlaryň sanyny bilmeklik ýeterlikdir. Sebäbi her adama bir synag berilip synalýar. Esasy zat şol synagla...

Dowamy »

1119 1
Edebiýat, 12 tarapyndan 4 years ago

TYLLA SENIÑ YŞKYÑDA

Gül ýüzüñniñ şöhlesi,otlar saldy bu jana,
Agzymdam çykan uçgun ýetişipdir asmana,
Synamdaky bu daglar menden galsyn nyşana,
Zerre takat galmady,Tylla, seniñ yşkyñdan...


Men bir asyl göwherim,hergiz küle batmanam,
Senden özge perini göwnümde ýat etmenem,
Uky gelmez gözüme,her gijeler ýatmanam...

Dowamy »

1792 1
Edebiýat, bank tarapyndan 4 years ago

Ahmet Haldun Terzioglunyñ ''Teoman han'' romanyna syn

Ahmet Haldun Terzioglynyñ ''Teoman han'' romanyna syn



Romanda has köp gadymy Türkmenleriñ urşujydygy, ''Bürgüt urşujylary'' olaryñ arasyndan saýlanan ''Böri birligi'', beýik Hun döwletiniñ gurulmagy üçin atylan ilkinji ädimler hakynda agzalyp geçilýär.
Roman çagalar tarapyndan etraby gurşalan goja dessançynyñ g...

Dowamy »

1047 0
Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 4 years ago

Çagalygymyň sezasy (Ogulsenem Taňňyýewa)

Çagalygymyň sezasy
(Powest)

Çagalygymyň sezasy

Men öz bolup gaýdyşymyň soňunyň ýöne-möne gutarmajagyny şol wagt hem aňypdym. Ýöne tötänleýin sataşan wakam sebäpli, bialaçdym. Meniň düşen şol tötänleýin ýagdaýyma duçar bolan ynsan çagasynyň hiç birisem beýle pursatdan haýdan-haý derekli netije çykaryp bilmese ger...

Dowamy »

1387 4
Edebiýat, myspaser tarapyndan 4 years ago

Annagulydepe (Ogulsenem Taňňyýewa)

ANNAGULYDEPE
Iki dost—iki sazanda Hanguly bilen Allanuruň başky durmuşy dessanlardaky wakalara çalym edýär. Olaryň ikisem «Hudaý urup, pygamberem hasasyny dürtenlerden». Atalaryndan galan ujypsyzja ýerjagazlaryndan başga, dört tarapy gamyş bilen ýapylan küme diýäýmeseň, dostlaryň hiç biriniň-de atlaryny tutup sanar ýaly zady ýokdy. Ikisem du...

Dowamy »

1240 2
Edebiýat, myspaser tarapyndan 4 years ago

Bigünäniň ýakylyşy (Ogulsenem Taňňyýewa)

Bigünäniň ýakylyşy
(nowella)
Student ogul bilen gelni Suraý eje güler ýüz bilen garşylady. Agtyjagy Myratjygy dessine bagryna basdy. Öýüň töründen derrewem sallançak gurdy. Ogludyr gelniniň yzyna gitmeli güni öňem telim gezek gaýtalan zatlaryny gaýtalady:
—Süýtden gandyr-da, ukladypjyk git, gelin jan, özüňem ynjalykly bolarsyň!...

Dowamy »

1363 3
Edebiýat, myspaser tarapyndan 4 years ago

Sen günäkär däldiň (Ogulsenem Taňňyýewa)

Sen günäkär däldiň
Ol milisiýanyň jaýyna girip, koridoryň ugry bilen başyny aşak salyp barýardy. Nämedir bir iş bilen gelenlerem, bu ýerde işläp ýörenlerem juwan gyza geň galmak bilen seredişdiler. Ählisiniň ýüzündenem „Ulugyz halyna ol bi ýerde näme işläp ýörkä?!“ diýen manyny okamak boljakdy.
Dünýä hiç kime üns bermän, mundan bir he...

Dowamy »

1249 3
Edebiýat, myspaser tarapyndan 4 years ago

Gorle muny...

Gadym birnin oyunde ogurlyk bolupdyr kazy shol gun oye gelen adamlan hemmesini sorag edipdir emma derek bolmandyr.ahyryn baryny bir yere jemlap,"men size kellami agyrdyp otyrjakdal, menne bunyn ansat yoly bar, ine shu chopleri goryan bolsanyz kim ogry bolsa ertire den shu chop 1sm oser diyip olara standar chop berip goyberipdir.ertir hemmesi gelip...

Dowamy »

1306 2
Edebiýat, hyra92 tarapyndan 4 years ago

Durna bolsa gökdedi... (Ogulsenem Taňňyýewa)

Durna bolsa gökdedi...
(nowella)
Institut bilen hoşlaşylmaly pursat golaýladygysaýy Sazagyň kejebesi barha darygýardy. Sebäbi ol heniz kalbyny heýjana salýan arzuwlary hakda hiç bir hossarynyň ýanynda dil ýarmandy. Ýogsa bu arzuw onuň kalbyna Aşgabada gelen ilkinji pursatlarynda çöküpdi. Uzakdaky gumly obadan gelen oglan uçardan düşen...

Dowamy »

1307 3
Edebiýat, myspaser tarapyndan 4 years ago

"Ýigrimi bäş ýaşym"

O diýen bir özgerişlik ýok ýaly,
Öňkimden azajyk gowşapdyryn men.
Agaryp ugrapdyr saçymyň ýary,
Eýýäm ýigrimi bäş ýaşapdyryn men.

Ser salsam yzyma, geçen ýollarmyň
Käsinde kä hetden aşypdyryn men.
Düzetmän, düzelmän, düzeljek bolman,
Eýýäm ýigrimi bäş ýaşapdyryn men.

Ykbal, u...

Dowamy »

1146 2
Edebiýat, Geçirimli. tarapyndan 4 years ago

Wasp

Seni söýmekden gorkamok
seni ýitirmekden gorkuşum ýaly
bar güýjümden elimden tutuşuň ýaly
hiçkimem tutanok tutýan ýaly
tutuş dünýämi
içkilemdäl pikir etsem ýöne
ol dost şon ýaly syrdaşym ýaly hem içim
...

Dowamy »

1142 0
Edebiýat, (shyh)sho men tarapyndan 4 years ago

Asylly gyz

Nämä gerek seni öwmek?
Sen muňa düýpden mätäç däl.
Ýogsa, egniňde çit köýnek,
Başyňda tahýa. Tylla täç däl.

Iş edinmen işim taşlap,
Sen ne Gün, ne ýyldyz, ne Aý.
Ýönekeý adyňdan başlap,
Ah, ýöne durkuň göwnejaý!

Gaşlaň ýatladanok ýaýy,
Eginbaşyň däl şaý-sepli.
Ýön...

Dowamy »

1191 0
Edebiýat, kararsyz tarapyndan 4 years ago

Goýma namardyň gеpinе!

Kim niçik bada noş eder,
Kim bakar kimiň nepine?
Allahym, senden dilegim,
Goýma namardyň gepine!

Bimarlyk ukusy tutan,
Göwni açyk, sada ilim.
Seň ykbalyň görüp, Watan,
Boldy ýürek dilim-dilim.

Gark bolup gaflatda ýatmaz
Bu gün halal duzuň iýen.
Dagamanka asly ýurd...

Dowamy »

347 0
Edebiýat, kararsyz tarapyndan 4 years ago

Türkmеniň ykbaly

Türkmeniň ykbaly – dagyň ykbaly!
Kän asyrlap onuň düýbün köwdüler.
Ýerde durup öwüp bolmaýan ýaly,
Basgylap, üstüne çykyp öwdüler.

Türkmeniň ykbaly – çölüň ykbaly!
Öz inine siňmedi öz ekini.
Akdyr gara, mawy altyn köwdürip,
Mis teňňeden tölediler hakyny.

Türkmeniň ykbaly – derý...

Dowamy »

337 0
Edebiýat, kararsyz tarapyndan 4 years ago

Magtymgulynyň mirasy - şahyra çelgi

Türkmen halkyna Magtymgulysyz düşünip bolmajagy belli hakykatdyr. Şahyr Gurbannazar Ezizowyň 1966-njy ýylda ýazan "Şahyr, okyjy, talyp" diýen makalasyndaky: "Biziň beýik şahyrymyz bar. Örän-örän beýik. Men onuň beýikligini näme bilen deňejegimi bilemok. Dag. Asman. Soň Gün. Bularyň hemmesi fiziki belentlik. Ýöne adam talantyny, mertebesini, ruhy ba...

Dowamy »

1338 0
Edebiýat, Umman tarapyndan 4 years ago