Ahmet Haldun Terzioglynyñ ''Teoman han'' romanyna syn



Romanda has köp gadymy Türkmenleriñ urşujydygy, ''Bürgüt urşujylary'' olaryñ arasyndan saýlanan ''Böri birligi'', beýik Hun döwletiniñ gurulmagy üçin atylan ilkinji ädimler hakynda agzalyp geçilýär.
Roman çagalar tarapyndan etraby gurşalan goja dessançynyñ geçmişe degişli hun iliniñ birligi hakynda aýdyp bermegi bilen başlanýar.
Bu ýerde Tuwu begiñ atsyz ogly ähli ünsleri çekýär. Wakalar heniz on bir ýaşyndaky bu oglanjygyñ kakasyndan öz paýyndaky bolan atyny aljak bolşy, Tuwu beg başda muña garşy çyksa-da soñundan ogluna rugsat berýär.
Atlaryñ saklanýan ýerine yglap baran oglan esewan etmezden kakasynyñ atyny begenip özüne saýlap alýar, özi ýaly atyñ hem ady ýok bolmandygy üçin oña ''Adaş'' adyny berýär.
Soñky bölümde bolsa aradan bäş ýyl geçýär we begiñ ogluna integem at dakylmadyk. Şol wagtlar Hun beglerinden biri olary oglunyñ toýuna çagyrýar. Gije her kim uka giden soñlar ýagylar olary duýdansyz basmagyñ küýüne düşýärler. Bu howpy añan Begiñ atsyz ogly, çadyrlardaky dostlaryny halas etmek üçin sakçylar bilen plan düzüp duman bagynyñ gabyklaryny oda ýakyp ilki bilen özüniñkileri duman tüsselige örtüp yzyndan ýagylaryñ üstüne çozup gahrymanlyk görkezýär. Şondan soñ habar Tuwu bege ýetende oglunyñ gahrymanlygy üçin Duman adyny dakýar.
Ýyllar öñ dessançydan eşiden zatlaryny ýadyndan çykarmadyk Duman indi taýpalaryny birleşdirip Hun döwletini gurmaklygyñ hyýalyny başdan geçirýär. Bir az wagtdan soñra buduna oña sert peýkam ýasamak üçin peýkam ussasy gelýär. Peýkamy ýasamak üçin bir ýyl gerek bolýar.
Bir ýandan Hunlary howply duşman hökmünde gören Çyn-maçyn olary ýeñlişe sezewar etmek üçin planlar gurýarlar. Olar Türkmenleri ýeñmek üçin olaryñ özleri ýaly harby-tälimleri almaga başlaýarlar. Wakalar Hunlaryñ harby-tälim düzgünleriniñ düşündirilşi bilen dowam edýär. Harby tälim alynýan günleriñ birinde olaryñ arasynda Gyrgy we Gor atly täze söweş tilsimi oýlanyp tapylýar. Dumanyñ teklibi bilen ''Hun bürgüt urşujylary'' atly topar döredilýär. Şol wagtlarda Duman kä wagtlar Hun döwletini gurmak hakdaky arzuwlaryny töweregindäkilere aýdyp berip şol wagtlardan täsirini ýetirýär. Gysga wagtdan soñam Çyn-maçyn Hunlaryñ üstüne çozuşa başlaýar, ýöne olar ýeñilýärler. Söweşden soñ berilen kararlar bilen ''Bürgüt söweşijiler'' birligine Hun budunlaryndan ýigitlerinden saýlama birligi seçilýär. Bu hem Hun budunlarynyñ kä wagtlar goşunda gatnaşyp durmagyna getiripdir.
Çyn-maçyn bolsa her wagtdaky ýaly Türkmenleriñ arasyna sokan pitnelerine çolaşyşlary hakda gürrüñ berilýär.
Şol wagtlar Çyn-maçynyñ içinde-de agzalalyk emele gelip içki bölünmeler emele gelýär.
Az sanlaryna garamazdan Çyn-maçynlylar bilen boljak ikinji söweşde-de ýeñiş gazanýarlar. Şondan soñ Hun ilinde uly toý gurulýar, Duman Huçi taýpasyndan Aýgyzy öýdeş hökmünde alyp bir bolmak üçin ilkinji ädimini ätýär. Şondan soñ her dürli haýynçylyga garşy Begi goramak üçin täzeden saýlaw geçirip Bürgüt urşujylarynyñ arasyndan gurt başy tagmasyny göterýän ''Kyrk böri'' saýlanýar. Wagtyñ geçmegi bilen Tuwu beg syrkawlaýar. Dumanyñ täze dogulan ogly üçin törelere görä toý gurdurjak bolýar, ýöne syrkawlygy güýjeýär. Ol ajundan (dünýeden) ötmezden öñ agtygynyñ adyny ''Batyr'' (Bahadur) goýýar. Ony soñky ýoluna ugratýarlar. Tuwu begiñ ölüminden soñ beglik Duman bege geçen soñ taýpadaşlarynyñ arasynda ''Hun döwletini gurmak'' hakdaky düýşini aýdyp berýär.
Onuñ döwlet gurmak hakdaky pikirlerine garşylyk görkezenler bolsa-da köpçülik tarapyndan oñlanylypdyr. Soñky gezek seslenme getiren Duman söweşden soñ Ötüken Ýyşda dokuz tugly baýdagyny dikip Hanlygyny yglan edýär. Şol bölümde ''Han saýlama'' töresine şaýat bolarys.
Soñ Duman, Çakyn atanyñ oña seslenişini oñlap Teoman adyny alyp paýtagty Ötügen Ýyş bolan döwletini gurýar.



Taýýarlan: Peşeñ ogly Afrasyýap

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir