Gül ýüzüñniñ şöhlesi,otlar saldy bu jana,
Agzymdam çykan uçgun ýetişipdir asmana,
Synamdaky bu daglar menden galsyn nyşana,
Zerre takat galmady,Tylla, seniñ yşkyñdan...


Men bir asyl göwherim,hergiz küle batmanam,
Senden özge perini göwnümde ýat etmenem,
Uky gelmez gözüme,her gijeler ýatmanam,
Ant içerin dilimden,Tylla,seniñ yşkyñdan.


Gam ýüküni çekmekden gury bir sana döndüm,
Egildi dal kamatym,misli kemana döndüm,
Ýandym,bişdim,kül boldum,tozdum,asmana döndüm,
Hiç kim tapmaz nyşanym,Tylla,seniñ yşkyñdan...

BEKI SEÝTÄKOW:"TYLLA SENIN YŞKYÑDA" ROMANYNDAN.

Edebiýat, bank tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir