Tirkesh Sadykow
-Men saňa dost bolupbilerin diňe-
Diýýäň:-haýyş- sen hem şu ýagdaýda gal!
Ezizim, açygyny aýdaýyn saňa,
Biziň aramyzda dostluk mümkin däl!
Nämä gerek bir-biregi aldamak,
Nämä derkar bize sözlemek ýalan!
Sen maňa dost bolup seretseň her çak,
Men bakaryn aşyk gözlerim bilen!
Ynjasaň-da, begenseň-de näler sen,
Bu duýgy-baýlygym, alyp giderin.
…Sen meni ýirgenip garrap galarsyň,
A men seni söýup ölüp giderin!