BAZARA GEL BAZARA

Aljakmy ýa satjakmy,
Bazara gel, bazara:
Nazly nygmat datjakmy,
Bazara gel, bazara!

Bazarda bardyr nogul,
Puluň barmy, han ogul.
Jübiňe häzir bolgul,
Bazara gel, bazara!

Gyz-gelinler hatar-a,
Her kim zadyn satar-a,
Pursat bermez ötere,
Bazara gel, bazara!

Her kim hödürlär zadyn,
Tanamaz ýakyn-ýadyn,
Sorasaň aýtmaz adyn,
Bazara gel, bazara!

Seçekli, al, seçekli,
Ýaglyk bary çeçekli,
Iýjekmi ýa içjekmi,
Bazara gel, bazara!

Eger-de geçse gymmat,
Keýpiň bolar ganymat,
Öler ada, galar at,
Bazara gel, bazara!

Alyp göwnüň hoş eder,
Jübülerňi boş eder.
Gözleriňi ýaş eder,
Bazara gel, bazara!

Bardyr alyp-satarlar.
Ogry-kümsük beterler,
Golaýlasaň üterler,
Bazara gel, bazara!

Gama batma, gardaşym,
Zat doly degre-daşyň.
Aýby ýok, biter işiň,
Bazara gel, bazara!

Awtory: Bäşim Gutlymyradow

Edebiýat, Gürgençli tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir