Altyn pökgi, BallonDor 2018 Modriçde

10 ýyl bäri dowam edip gelýän Messi, Ronaldo gezekleşmesi indi gutardy. Bu ýyl 2008-nji ýyldan bäri Ronaldo we Messiň alyp gelýän bu baýragyny horwatýaly Luka Modriçe berdiler. Dogrusyny aýtsaň bu ýylam Ronaldo beren bolsalar hakykata laýyk bolardy. Ýöne adamlar bu iki legendadan ýadady öýdýän. Bu gezek Ronaldo 2-nji, Messi 5-nji, Neýmar 12-nji ýer...

Dowamy »

221 0
Sport, 3 months ago


UEFA ýene bir turnir gurnajakmyş

UEFA Ýewropa-da çempionlar ligasy we Ýewropa ligasyndan başga-da üçinji bir turnir gurnajakmyş diýip mediada agzaýalar. Olam edil çempionlar ligasy ýaly 32 klubdan ybarat boljakmyş. Turniri 2021-nji ýylda başlajakmyşlar diýýäler. Beýdip ýörseler gyzygy bolarmyka futbolyň?

Dowamy »

183 0
Sport, 3 months ago


Uly Buş dünýeden ötdi.

ABŞ-nyň 41-nji prezidenti Jorj Buş 94 ýaşynda dünýeden gaýtdy. Onuň ogly hem ABŞ-nyň prezidenti saýlanansoň muňa Uly Buş diýýädiler.

Şu ýylyň aprel aýynda Uly Buş aýaly Barbarany ýitiripdi.

Dowamy »

247 1
Täzelikler, 3 months ago


Şekelatmy ýa Şokolad

Düýn öz kanallammyzyň birinden telekeçilik hakynda gepleşik boldy. "Hasar" konditer sehinde bir gelin aýlanyp seh hakynda maglumatlar berip, işgärler bilen gürrüňdeş boldy. Şonda alyp baryjy şekelat önümleri diýýä, bir gezegem şokolad diýmedi. HAKYKATDANAM şekeladmyka ÝA şokolad?

Dowamy »

300 4
Sorag-jogap, 3 months ago


Bu gün FINAL! FRANSIÝA-HORWATIÝA

Bu gün futbol boýunça dünýä çempionatynyň final güni. Moskwanyň Lužniki stadionynda, Aşgabat wagty bilen sagat 20:00-da soňky 64-nji oýnuň ilkinji jürlewigi çalynar.
Siziň pikiriňizçe Fransiýa ýeňermi ýa Horwatiýa?

Dowamy »

344 2
Sport, 8 months ago


KRIŞTIANO RONALDO ÝUWENTUSA GEÇDI

Indi El-Klassiko oýunlarynda Messi-Ronaldo garşydaşlygyny mundan beýläk görüp bilmeris. Çünki Real Madridiň SuperÝyldyzy Ronaldo bu gün ygtybarly habar beriş gulluklarynyň habaryna görä, öz islegi bilen Italiýaň Ýuwentus klubyna geçdi.

Sagbol Ronaldo! Bize 9 ýylyň içinde gyzykly futbol duşuşyklaryny görmegi nesip etdiň!

Dowamy »

405 0
Sport, 8 months ago


Belgiýa-Fransiýa 1/2 final

Bu gün dünýä çempionatynda ýarym final oýny oýnalýar. Belgiýa bilen Fransiýa. Oýun 23:00-da başlaýar, Aşgabat wagty bilen. Hasap näçe bolar? Finala kim çykar? Teswirlere ýazsaňyz gowy bolardy.

Dowamy »

316 1
Sport, 8 months ago


Ýarym finalistler belli boldy.

Ýarym finalistler belli boldy. Özüm Belgiýa-Horwatiýaň finalda oýnamagyny islärdim welin edil şunuň tersem bolup biler. Iki sany dünýä kubogyny almadyk we iki sany kubogy öň galdyryp gören ýygyndylar ýarym finalda.

Dowamy »

351 4
Sport, 8 months ago


Jögi NEÝMAR

Bu çempionatda öz jögüligi bilen uly goh turuzan futbolçylaň biri hem şu wagtky futbol ýyldyzy braziliýaly Neýmar. Şweýsariýa bilen oýnalan oýunda (ýa-da Serbiýa) togarlanyp-togarlanyp tas meýdançadan çykyp gidýädi. Meksika bilen oýnalan oýundada şeýle bir çabalandy welin bu möwsümem şikes alyp futboly taşlap gider öýtdüm (ýazgyny gaýtalanda onuň ý...

Dowamy »

448 0
Sport, 8 months ago


Ýarym finala kim çykarka?

Urugwaý-Fransiýa
Russiýa-Horwatiýa
Braziliýa-Belgiýa
Angliýa-Şwesiýa

Dünýä çempionatyna galan ýygyndylara şular. Indiki tura haýsy ýygyndylar çykarka? Teswirlerde ýazyp bilersiňiz!

Dowamy »

378 6
Sport, 8 months ago


Zlatansyz Şwesiýa...

Hmm, näme diýeli! Russiýada geçýän futbol boýunça dünýä çempionatynda garaşmaýan ýygyndylarymyzyň gatnaşyp bilmedikleri we 1/16 finaldan yzyna gaýdanlary diýjekmi, Germaniýaň toparçadan dolanmagy, VAR sistemasynyň ilkinji gezek dünýä çempionatynda ulanylmagyna çenli dürli wakalar bilen öz içine aldy diýsek ýalňyşdygmyz bolmaz.
Şweýsariýany...

Dowamy »

331 0
Sport, 8 months ago


Bu näboluş?

Germaniýa, Argentina, Ispaniýa, Portugaliýa çempionatdan öýüne dolandy. Gollandiýa, Italiýa şeýle-de bu çempionata çykyp bilmändi. Indi näme bolarka? Belgiýadan kän zada garaşýan men-ä! Hany göreliň, nämeler bolarka indi!?

Dowamy »

415 4
Sport, 8 months ago


Argentinadan nämä garaşýaňyz?

Nigeriýaň Islandiýany ýeňmegi bilen umytlanan argentinler indi özlerine uly kömek eden "dostuna" garşy birigün "duşmany" ýaly garşylaşjak.
Uly hasap bilen Nigeriýany ýeňip bilse, Islandiýa kiçi hasap bilen Horwaty ýeňäýsede Argentina indiki tura çykyp biljek. Ýöne bu bolgusyz oýny bilen Nigeriýa garşy nähili oýun görkezerkä bular? Bu gezek...

Dowamy »

348 1
Sport, 8 months ago


Argentina näme bolýaka?

Argentina we Messi öz janköýerlerini "begendirmegini" dowam edýär.
Düýn oýun gidip otyrka alyp baryjy şeýle bir degişme aýtdy:
"- Higuain, Dibala, Di Mariýa ýaly oýunçylary kim saklap bilerkä?
- Oň işi aňsa-da, köýnekleriniň arkasyna ARGENTINA diýip ýazaýmaly!?"

Gaty dogry degişme!

Dowamy »

410 5
Sport, 9 months ago


Günäli Messi bolaýýa!?

Öten agşam Dünýa Çempionatynyň öň ýanyndaky taýýarlyk oýunlarynda, Madridde, Ispaniýanyň futbol ýygyndysy Argentinanyň futbol ýygyndysyny kabul etdi. Messi, Aguera, Di Mariýa ýaly ýyldyzlary şikesli bolup oýnap bilmedi. Şonda-da ýygyndyň ady ARGENTINA.
Ispaniýaň ýygyndysy bolsa bulary derbi-dagyn etdi, 6-1.

Günä Messide däl...

Dowamy »

541 1
Sport, 11 months ago


222 million ýerde ýatyr

Marseliňmi, Monakoňmy trenneri "400 millionlyk klubyň ýarysy yerde ýatyr" diýipdir.
Neýmaryň şikes alyp ýatan wagtky ýagdaýyny suratlandyrypdyr.

Ýokarda surat goýdum, surat görkezýämikä diýip barladygym boldy. Boş surat goýdugym bolmasyn diýdim.

Dowamy »

531 1
Sport, 1 year ago


Barselona bäş oýunçysyny satmakçy

Barselona tomusda Atletiko Madridiň hüjümçisi Grizmany öz hataryna goşmak üçin 5 oýunçysyny satmakçy bolýar diýip Marka okyjylaryna ýetirdi.

Olar Arda Turan, Aleýş Widal, Denis Suarez, Andre Gomeş, Pako Alkaser.

Bu möwsüm 26 ýaşly Grizman hemme turnirler bilen bilelikde 35 gezek meýdança çykyp, 20 pökgüni derwezä gön...

Dowamy »

516 1
Sport, 1 year ago


Obnawleniýe app

Android telefonlarda google play markede app programmalara Obnawleniýe gelýär. Şolary obnawit etseň telefonyň pamýady azalýamyka? Käbir programmalaryň obnawleniýesi 40-50 mgb, käbirlerem 5 mgb töweregi. Başy çykýan kişi bolsa jogaplarda!

Dowamy »

559 4
Köneler, 1 year ago


Kellä geýdiňiz-ow bu saýdy!

Eňňere etdiňizow bärsini. Gan dawasy ýaly, biz-ä nämäň namedigine-de düşünemzok!

Dowamy »

856 4
Köneler, 1 year ago


Talyplar.com üýtgän eken.

Tüweleme, üýtgeşme bar eken. Saýt köne durkundan üýtgäpdir. Gutly bolsun! Gowja ýazgylara garaşýas!

Dowamy »

689 7
Köneler, 1 year ago


Lionel Messiniň 600-nji duşuşygy.

Ispaniýaň çempionatynyň 13-nji turynda Barselona öz meýdançasynda Real Sosedady 4-0 ýeňmegi başardy. Pökgüleri Neýmar 22, 53min., Suarez 41min., Messi 90min. derwezä gönükdirdi.

Şeýlede bu oýun klubyň lideri Lionel Messiniň karýerasyndaky 600-nji oýny. Elbetde, ýubileý gününde Messä 1 pökgi derwezä gönükdirmek başartdy.

Dowamy »

542 0
Köneler, 3 years ago


CBCsportHD Azerspase 46˚-da.

Azerspace 46˚-da Azerbeýjanyň ýene-de bir Sport kanaly bolan CBCsportHD kanaly açyldy. Edil häzir kanal test görnüşinde, ýene bir-iki günden açylar.
Bu kanaldan Braziliýa, Italiýa, Russiýa, Ukraina, Gollandiýa, Azerbaýjanyň futbol boýunça ýokary ligasyny we Türkiýe kubogynyň oýunlaryny berer.
Şeýlede futzal, tennisde abraýly oýunlar...

Dowamy »

1155 6
Köneler, 3 years ago


Futbol boýunça Dünýä Çempionaty Russiýa-2018 bije çekilişik.

2018-nji ýylda Russiýada geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalara bölmek üçin bije çekilşigi 25-nji iýulda, şenbe güni bolar.
Öý eýýesi Russiýanyň Sankt-Peterburg şäheriniň Konstantinowski Palasede gurnaljak bije çekilişik Aşgabat wagty bilen 20:00-da başlar.

Dowamy »

1124 2
Köneler, 3 years ago


Messi Afrikada!

Barselonanyň we Argentinanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Lionel Messi Port-Žentiloda (Gabon) Afrika-2017 kubogynyň geçjek oýunlary üçin stadionyň düýbüni tutmaklyk dabarasyna gatnaşdy we ilkinji kerpijini goýdy.

Bu futbol meýdança 2016-njy ýylyň noýabr aýynda ulanylmaga berler.
Gabonyň Prezidenti Ali Bongo Ondimby birnäçe ý...

Dowamy »

913 4
Köneler, 3 years ago


Şa kubogynyň finaly Barselona-Atletik Bilbao

Öten agşamky oýnalan ýarym final oýunlaryndan soň Ispaniýaň Şa kubogynyň finalyna Barselona bilen Atletik Bilbao çykdy. Oýun şu ýylyň 30-njy maýynda oýnalar. Haýsy meýdançada oýnaljagy heniz belli däl.

Dowamy »

870 6
Köneler, 4 years ago