Dünýä futbolyna adyny altyn harplar bilen ýazdyran Lionel Messi Ispaniýaň çempionatynda 2017/18 möwsüminde 34 pökgi tora salmak bilen 5-nji gezek "ALTYN AÝAKGAP" baýragyny alyp, bu ugurda rekord goýdy.
Döwrümiziň beýleki superýyldyzy Kriştiano Ronaldo 4 gezek bu baýragy gazanan bolsa, başga hiçbir futbolçy bu baýragy 2 gezekden köp alyp görmedi.

"Altyn aýakgap" baýragy Ýewropa çempionatlarynda bombardir bolan futbolça berilýän baýrak. 1968-nji ýyldan 1991-nji ýyla çenli bu baýrak salan jemi, arassa goly esasynda hasaplandy. 1992-96-njy ýyllarda baýrak berilmedi. 1997-nji ýyldan günümize çenli bolsa bu baýrak Ýewropa çempionatlarynyň eýeleýän koffisentlerine hasaplanyp berilip başlandy.

Sport, messibet tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir