Ata Watan
Gurbanguly Berdimuhamedow germaniýaly lukmanlar bilen duşuşyk geçirdi
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli guralýan dabaralara gatnaşmak üçin gelen ýurda gelen Germaniýanyň lukmançylyk merkezleriniň wekilleri bilen duşuşdy.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, professor lukmanlaryň gatnaşmagynda geçirilen du...
Türkmen halkynyň Milli Lideri daşary ýurtly işewürler bilen duşuşdy
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli guralýan dabaralara gatnaşmak üçin gelen «Nicklaus Сompanies» kompaniýasynyň prezidenti Jon Riz, «Buig» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Marten Buig, Koreýa Respublikasynyň Bütindünýä innowasiýalary öwreniş institutynyň başlygy K...
Türkiýede ýol-ulag hadysasynda 11 adam heläk boldy
Türkiýede ýük ulagy bilen ýolagçy awtobusynyň çakyşmagy netijesinde 11 adam pida boldy, 27 adam şikes aldy. Bu barada wakanyň bolan ýeri Manisa ülkesiniň gubernatorynyň metbugat gullugy habar berdi.
Habarda awtobusdaky ýolagçylaryň ählisiniň ýurduň öz raýatlarydygy, ejir çekenleriň golaýdaky hassahana ýerleşdirilendigi aýdylýar.
Ýol-u...
Parižiň Monmartr etrabynda üzüm ýygmak festiwaly geçdi
Fransiýanyň paýtagtynda, Monmartrda 7-nji oktýabrda badalga alan 93-nji üzüm ýygmak festiwaly geçdi. Özüne uly ýörişi, aýdym-sazly çykyşlary we beýleki çäreleri jemlän festiwal düýn – 11-nji oktýabrda tamamlandy.
Parižiň Monmartr etrabynda üzüm ýygmak festiwaly geçdi
Bu barada Hytaýyň «Sinhua» habarlar agentligi habar berdi.
Birža söwdalarynda 145 million dollardan gowrak geleşik baglaşyldy
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda 13 sany geleşik hasaba alyndy. Bu barada «Biznes reklama» gazetinde habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, Türkiýeden, Birleşen Arap Emirliklerinden, Singapurdan we Azerbaýjandan gelen işewürler türkmen telekeçileriniň kärhanalarynda öndürilen pagta süýümini, arass...
Amerika Russiýa bilen geleşik baglaşdy
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Russiýa bilen dizel ýangyjyny satyn almak babatda geleşik baglaşdy. Bu barada «Axios» neşirine salgylanýan «news.by» habar berdi.
Öňküsi gün Ak tamyň hojaýyny RF-niň döwlet Baştutany Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşlikden soňra Russiýanyň amerikan we dünýä bazaryna 300 müň, biraz soň birnäçe milli...
Türkmenistanyň käbir sebitlerinde ýagyş ýagar
Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumatynda bellenilişi ýaly, şu hepde ýurtda howa az-kem ýagyşly bolar. Bu barada gullugyň resmi saýtynda habar berildi.
Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäni...
Ýerde soňky üç aýdaky iň güýçli magnit tupany tamamlandy
10-njy oktýabrda Moskwa wagty bilen takmynan sagat 20:00-da Ýerde başlanan magnit tupany soňky üç aýda iň güýçli diýlip yglan edildi. Bu barada Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Gün astronomiýasy laboratoriýasyna salgylanýan «rbc.ru» habar berdi.
«Soňky gezek şeýle derejedäki magnit harasaty 2026-njy ýylyň 4-nji iýulynda hasaba alyndy» diýli...
Türkmen skripkaçysy Duşenbede geçirilen GDA-nyň Delfi oýunlarynda kümüş medal gazandy
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby Seýran Atanyýazow Täjigistanyň paýtagtynda geçirilen GDA-nyň XX ýubileý ýaşlar Delfi oýunlarynda kümüş medala mynasyp boldy.
«Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar bermegine görä, Seýran ussatlyk bilen ýerine ýetiren skripka eserleri arkaly türkmen skripkaçylyk mekdebine myn...
Türkmen suratkeşi Gonkongda häzirki zaman sungatynyň sergisinde öz eserlerini görkezdi
Türkmenistanly suratkeş Aýa Mingaz Hytaýyň Gonkong şäherinde geçirilen «Way of Inner Light» atly häzirki zaman sungatynyň halkara sergisinde öz eserlerini görkezdi. Sergi ýakynda «Hong Kong Visual Arts Centre» medeniýet merkezinde geçirildi. Bu barada çäräni guraýjylar habar berdiler.
Çärä dürli ýurtlaryň suratkeşlerini bir ýere jemleýän hal...
Türkmenistanyň ýygyndy topary Ýaponiýada geçiriljek 2026-njy ýylyň Aziýa Para oýunlaryna gatnaşar
Türkmenistanyň ýygyndy topary 18–24-nji oktýabr aralygynda Ýaponiýada geçiriljek «Aichi–Nagoya 2026» V Aziýa Para oýunlarynyň çäklerinde para pauerlifting boýunça ýaryşlara gatnaşar.
Milli ýygyndy toparyň düzümine Işkuwwat Çaryýew, Sergeý Meladze we Maýagözel Ekeýewa girýär.
Öňde boljak ýaryşlar türkmen türgenleri üçin möhüm tapgyr bo...
Türkmenistanyň Döwlet gullugy akademiýasynyň mugallymy Hindistanda dolandyryş boýunça okuw geçdi
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň dolandyryş kafedrasynyň mugallymy Nýu-Delidäki Hindistanyň Döwlet dolandyryş institutynda (HDDI) geçirilen halkara okuw seminaryna gatnaşdy. Çäre Hindistan Respublikasynyň ITEC maksatnamasynyň çäginde geçirildi diýip, Döwlet gullugy akademiýasynyň saýtynda habar berilýär.
«...
Türkmenistanyň küşt boýunça çempionatynyň II ligasy gatnaşyjylaryň rekord sanyny bir ýere jemledi
Aşgabatda, Daşoguzda, Türkmenabatda we Maryda küşt boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň II ligasynyň saýlama tapgyrlary tamamlandy. 5–9-njy oktýabr aralygynda bir wagtyň özünde geçirilen dört tapgyra 401 türgen gatnaşdy. Olaryň 130-sy gyzlardyr. Bu görkeziji ýaryşyň geçirilip başlan gününden bäri hasaba alnan iň ýokary netije boldy.
Türkmeni...
«Diň 2» — ekstremal trilleriň dowamy «Belet» platformasynda elýeterli boldy
«Diň» atly amerikan trilleriniň dowamy bolan filmi «Belet» platformasynda görüp bolýar. «Diň 2» (asyl ady — Fall 2: Deadpoint) filmi 2026-njy ýylda çykdy. Ol 2022-nji ýylda surata düşürilip, belentlikde duzaga düşen gyzlar barada gürrüň berýän filmiň dowamydyr.
Filmiň täze bölüminiň wakalary birinji filmiň wakalaryndan soň bolup geçýär. Baş...
Nebit inženerleriň jemgyýetiniň wekiliýeti «OGT 2026» forumynyň öňüsyrasynda Türkmenistanda saparda boldy
Nebit inženerleriň jemgyýetiniň (Society of Petroleum Engineers, SPE) wekiliýeti ylmy-tehniki hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak we milli inženerçilik kuwwatyny pugtalandyrmak maksady bilen Türkmenistanda saparda boldy. Guramaçylaryň maglumatlaryna görä, sapar 21–23-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek «Türkmenistanyň n...
Aşgabat 2027-nji ýylda Nebit inženerleriň jemgyýetiniň Hazar sebitindäki tehniki maslahatyny kabul edip biler
Aşgabat 2027-nji ýylda Nebit inženerleriň jemgyýetiniň (SPE) her ýyl geçirilýän Hazar tehniki maslahatyny we sergisini («SPE Annual Caspian Technical Conference and Exhibition») geçirmek üçin mümkin bolan ýer hökmünde göz öňünde tutulýar.
Bu mesele SPE-niň wekiliýetiniň Türkmenistana saparynyň dowamynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «...
«OJAR AZIÝA» Owganystanda geçirilen halkara sergä gatnaşdy
«OJAR AZIÝA» kompaniýasy Owganystanyň Söwda we maýa goýum edarasynyň hem-de Senagat we söwda ministrliginiň ýardam bermeginde Kabul şäherindäki Owganystanyň Halkara sergi merkezinde geçirilen Ymam Abu Hanifanyň adyny göterýän 5-nji milli we halkara söwda sergisine gatnaşdy.
Bu sergi döwlet edaralarynyň, işewür toparlaryň, maýadarlaryň we tel...
«Bloomberg»: COVID-19 ýokanjyndan soňra dünýäde ylma bolan ynam pese düşdi
COVID-19 ýokanjy döwründe hasaba alnan ylma ynam soňky ýyllarda pese düşdi. Ol aýratyn hem maliýe kynçylygyny başdan geçirýän adamlaryň arasynda gowşady diýip, jemgyýetiň ylma bolan gatnaşygyny öwrenýän «Wellcome Global Monitor» kompaniýasynyň barlaglaryna salgylanýan «Bloomberg» agentligi habar berdi.
Ylmy barlaglara dünýä boýunça 140 müňde...
Türkmenistanyň wekilleri Türki dünýäniň ýaşlarynyň duşuşygyna gatnaşdylar
Türkiýäniň Kojaeli şäherinde Türki Döwletleriň Guramasyna agza we synçy döwletleriň ýaşlarynyň gatnaşmagynda «Umumy miras, ýeke-täk ýürek» şygary astynda Türki dünýäniň ýaşlarynyň duşuşygy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň wekilleri hem gatnaşdylar. Bu barada uza.uz saýty habar berýär.
Üç gün dowam eden çärede türki halklaryň arasyndaky medeni-y...
Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda halkara saglyk merkezleriniň açylyşy boldy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Halkara Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Stomatologiýa merkeziniň hem-de Halkara Pediatriýa merkeziniň açylyş dabaralary boldy. Munuň özi ýurtda giňden bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli ajaýyp toý sowgady boldy. Bu barada TDH habar berýär.<...
Portugaliýanyň futbol federasiýasy Ronalduny oýunlardan wagtlaýyn çetleşdirdi
Kriştianu Ronaldu milli ýygyndynyň ýerleşýän ýerini özbaşdak terk edendigi sebäpli, Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň oýunlaryna gatnaşmakdan wagtlaýyn çetleşdirildi. Bu barada Portugaliýanyň futbol federasiýasy (FPF) yglan etdi diýip, «A Bola» gazeti habar berýär.
FPF düzgün-tertip derňewiniň başlanandygyny we oňa gaýragoýulmasyz derejäniň...
Ýa jerime çeker, ýa ligadan çykar: «Mançester Sitiniň» işi tutuş APL üçin synaga öwrüldi
Öňem habar berşimiz ýaly, «Mançester Siti» Angliýanyň futbol taryhyndaky iň uly maliýe dawalarynyň biriniň jümmüşine düşdi. Garaşsyz topar klubuň 2009–2018-nji ýyllar aralygynda maliýe düzgünlerini bozmakda aýyplanýan 115 ýagdaýynyň 114-sinde günäkärdigini ykrar etdi. Emma bu iş diňe bir klubuň özi üçin däl, eýsem, tutuş Angliýanyň Premýer-ligasyny...
Dubaýdaky lift 631,5 metr belentlige gatnap başlar
KONE korporasiýasy Dubaýdaky Burj Azizi gökdirän binasyny dik ýokary göteriji ulgam bilen üpjün etmekde hyzmatdaş bolar. Diňiň beýikligi 725 metr bolup, onuň liftleriniň biri dünýäde iň uzak aralyga — 631,5 metr beýiklige üznüksiz göteriler.
Burj Azizi üçin KONE korporasiýasy beýikligi bir kilometrden geçýän binalara niýetlenen täze lift teh...
Dünýä brendleri Aşgabatda öz lukmançylyk tehnologiýalaryny tanyşdyrdy
Ozal habar berşimiz ýaly, 10-njy oktýabrda Aşgabatda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi we ylmy maslahat öz işine başlady.
Forum Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlanyp geçirilýär.
Sergide dünýäniň we sebitiň meşhur kompaniýa...
Täze lukmançylyk merkezlerine halkara şahadatnamalary gowşuryldy
Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Halkara Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Stomatologiýa merkeziniň hem-de Halkara Pediatriýa merkeziniň açylyş dabaralary boldy. Açylyş dabaralarynyň dowamynda bu saglyk desgalaryna halkara şahadatnamalary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Şunuň bi...