Täze zelandiýaly režissýor Piter Jekson (“Ýüzükleriň hökümdary” we “Hobbit” trilogiýasy) we onuň hyzmatdaşy Fren Uolş ýitip giden moa guşlaryny janlandyrmaklyk boýunça taslama 15 million dollar maýa goýdy diýip, Forbes habar berýär. Taslama Ngai Tahu Research Centre bilen hyzmatdaşlykda Colossal Biosciences tarapyndan amala aşyrylýar. Alymlar olara ýakyn garyndaşlykdaky häzirki zaman görnüşleri bolan tinamuny we emuny ulanyp, gadymy moa meňzeş genetiki taýdan üýtgedilen guşlary döretmegi meýilleşdirýärler. Birinji tapgyr moanyň galyndylaryndan DNK-ny çykaryp almakdan we häzir ýaşap ýören guşlaryň DNK-sy bilen deňeşdirmekden ybarat bolar. Şondan soň hünärmenler düwünçejigiň ösüşindäki kynçylyklary ýeňip geçmegi we boýy üç metrden gowrak guşlary köpeltmegi niýet edinýärler. Moa guşlary Täze Zelandiýanyň Günorta adasynda ýaşap geçipdir we polineziýalylaryň awlandygy sebäpli XVI asyrda ölüp gutarypdyr. Häzirki wagtda olaryň maori taýpasyndan bolan nesilleri görnüşi janlandyrmak taslamasyna gatnaşýarlar. Colossal Biosciences ozal Demirgazyk Amerikanyň gorkunç möjegini janlandyrmagy we mamont sütükli syçanlary köpeltmegi başarypdy, ýöne kompaniýa guşlar babatda bu meseläniň birneme kyndygyny belleýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir