Maxar Technologies kompaniýasy ABŞ-nyň Tehas ştatyndaky güýçli suw joşmasynyň netijelerine degişli düşüren hemra suratlaryny çap etdi. Suratlar uzak wagtlap ýagan ýagyş sebäpli suwuň derejesiniň birden ýokarlanmagy bilen bagly Gwadelupe derýasynyň uzaboýundaky ýerleriň üýtgändigini görkezýär. Resmi maglumatlara görä, betbagtçylykda heläk bolanlaryň sany 120 adamdan geçdi. 160-dan gowrak adam dereksiz ýitdi. Heläk bolanlaryň arasynda derýanyň kenarynda ýerleşýän “Mistik” hristian tomus lageriniň azyndan 27 terbiýelenýänler we terbiýeçisi bar. Suw joşmagy güýçli ýagyş sebäpli derýanyň hanasyndan çykmagynyň netijesinde ýüze çykdy we kenarýaka sebitleri suw basdy, infrastruktura zeper ýetirdi. Halas ediş we gözleg işleri dowam edýär. Maxar Technologies tarapyndan çap edilen suratlar tebigy betbagtçylygyň ýüze çykan zolagynyň öňki we soňky ýagdaýyny görkezýär.