Ýaponiýanyň Brainwave Trading Center kompaniýasy adamlaryň beýnisiniň işjeňligini sungat eserlerine öwrüp başlady diýip, South China Morning Post habar berýär. Tehnologiýa Tokiodaky BWTC Metaverse Store dükanynda oturdyldy. Bu ýere gelýänlerden kellä geýilýän ýörite enjam arkaly beýni tolkunlaryny skanirletmek haýyş edilýär. Taslama gatnaşyjylara gatnaşanlygy üçin 1000 ýena (takmynan 6,8 dollar) tölenýär. Ulgam beýniniň täsin impulslaryny ýazga alýar we olary hakyky wagtda wizual şekillere öwürýär. Alnan suratlar estetik gymmatyna görä bahalandyrylýar. Mysal üçin, tramwaýly wideo tomaşa edip döredilen şekiliň bahasy 13 900 ýena (takmynan 95 dollar) boldy, başga bir eser 7 810 ýena (53 dollar) satylýar. Kompaniýa netijä akyl işjeňliginiň - okamagyň, ünsliligiň, meditasiýanyň ýa-da emosional reaksiýanyň täsir edýändigini belleýär. Brainwave Trading Center-niň wekilleri döredijilik baradaky adaty pikirlere täzeden garamaga we neýron derejesinde sungat döretmek prosesine tomaşaçylaryň ünsüni çekmäge synanyşýandyklaryny aýtdylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir