ABŞ-nyň Smitsonow institutynyň işgärleri Petrifaýd-Forest milli seýilgähinde (Arizona ştaty) 209 million ýyl mundan ozal ýaşap geçen pterozawrlaryň näbelli görnüşleriniň galyndylaryny tapdylar. Edaranyň metbugat gullugynyň habaryna görä, tapyndy giçki trias döwrüne degişlidir. Esasy böleklerinden biri - eňeginiň deňiz guşunyň ululygyndaky bölegi. Alymlar dişleriniň kütelen uçlaryna salgylanyp, pterozawryň teňňesi sowuda meňzeýän ýerli balyklar bilen iýmitlenendigini çak etdiler. Täze görnüş Eotephradactylus mcintireae diýip atlandyryldy. Takmynan 200 million ýyl ozal Ýeriň howasy häzirki zaman yklymlarynyň hemmesini diýen ýaly birleşdirýän Pangei superyklymynyň bölünmegi bilen baglanyşykly güýçli wulkan atylmasy sebäpli düýpgöter üýtgäp başlapdyr. Bu ýagdaý gury ýerdäki haýwanlaryň görnüşleriniň takmynan 75% -iniň ýok bolmagyna getiripdir we ilkinji dinozawrlaryň, pterozawrlaryň, krokodilleriň we mezozoý haýwanat dünýäsiniň beýleki wekilleriniň ýaýramagyna täsirini ýetiripdir. Paleontolog Ben Kligmanyň sözlerine görä "Şular ýaly galyndylar bu haýwanlaryň hemmesiniň bilelikde ýaşandygyny anyklamaga mümkinçilik berýär". Bu sebitden süňk plasty 2011-nji ýylda geolog Keý Berensmeýeriň ýolbaşçylygyndaky ekspedisiýa wagtynda tapyldy. Şonda süňkler, dişler, balyk teňňesi we nejasat ýaly 1200 töweregi galyndy tapylypdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir