Xiaomi arzan bahaly täze Redmi 15C we Poco C85 smartfonlaryny çykarmaga taýýarlanýar. Olaryň suratlary sertifikatlaşdyrylýan wagty internetde peýda boldy. Şeýle-de resmi ýaly görünýän şekil suratlary hem ýaýradyldy. Iki enjam hem Tailandyň NBTC bazasynda ýüze çykaryldy: Redmi 15C – 25078RA3EA belgili, Poco C85 bolsa – 25078PC3EG belgili. Belgileriniň birmeňzeşräk bolmagy olaryň bilelikde satuwa çykaryljakdygyny aňladyp biler. Redmi 15C-niň suratlarynda onuň arka panelinde el ýazuwyna meňzeş ýazgynyň bardygyny görmek bolýar. Smartfon dört dürli reňkde hödürlener: Moonlight Blue (mawy), Twilight Orange (narynç), Midnight Black (gara) we ýaşyl. Ilkinji maglumatlara görä, smartfon 4 GB operatiw ýat we 128 GB hemişelik ýat bilen üpjün ediler. FCC-niň sertifikatlaşdyrma maglumatlaryna görä, enjam 6,9 dýuýmlyk HD+ LCD displeý, 6000 mA·sag sygymly batareýa we 33 Wt kuwwatly tiz zarýad beriş mümkinçiliklerine eýe bolar. Iki modeliň hem diňe 4G torlaryny goldamagyna we Xiaomi-niň HyperOS interfeýsi (Android 15 esasly) bilen çykmagyna garaşylýar. Model kodlarynyň «2507» bilen başlamagy smartfonlaryň iýul aýynda çykarylmak ähtimallygyny görkezýär, ýöne Xiaomi hemişe bu prinsipe görä hereket etmeýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 3 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir