Ata Watan
Türkmenistanyň wekiliýeti Adam hukuklary boýunça Samarkant forumyna gatnaşdy
28-29-njy sentýabr aralygynda Adam hukuklary boýunça 5-nji Samarkant forumy geçirildi. Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde geçirilen maslahata bu ugurdaky halkara hünärmenler bilen birlikde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri hem gatnaşdylar. Bu barada gullugyň resmi saýtynda habar berildi.
Forumyň esasy gün terti...
Moldowada Dnestriň guramagy bilen bagly suw ekologik howplulygyň ýokary ölçegi yglan edildi
Moldowanyň Döwlet gidrometeorologik gullugy Dnestr derýasynda suwuň akymynyň kadanyň 15 göterimine çenli peselmegi sebäpli howplulygyň iň ýokary, «gyzyl» koduny yglan etdi. Bu barada «khowar.tj» agentligi habar berdi.
Edaranyň saýtynda bu duýduryşyň Naslawça obasyndan (Ukraina) Kamensk şäheri (Pridnestrowýe) aralygynda hereket edýändigi bell...
Türkmenistanda sublimirleme usuly bilen düýe süýdüni öndürmek ýola goýuldy
Türkmenistanda düýe süýdüni gaýtadan işlemegiň ösdürilmeginde täze ädim ädilip, innowasion önümçilik ýola goýuldy.
Ahal welaýatynyň telekeçisi Polat Kanaýew ýurtda ilkinjileriň biri bolup, «Medat» brendi bilen süýdi sublimirlemek arkaly guratmak tehnologiýasyny önümçilige ornaşdyrdy. Bu barada ussatnews.com saýty «Rysgal» gazetiniň habaryna...
Türkmenistan özbek bazaryna şokolad eksport etmekde öňdebaryjy ýurtlaryň biri boldy
Türkmenistan özbek bazaryna şokolad önümlerini eksport etmekde öňdebaryjy döwletleriň biri boldy. Bu barada Özbegistanyň Milli statistika komiteti habar berdi.
Habarda bellenilişine görä, şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda Türkmenistan goňşy döwlete 715,2 tonna şokolad önümlerini eksport etdi. Şeýlelikde, Türkmenistan Özbegistany şokolad önüml...
Türkmenistanda oktýabryň ilkinji hepdesi ýagyşly bolar
Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumatynda bellenilişi ýaly, şu hepde ýurtda howa salkynlar. Gullugyň resmi saýtynda berilýän maglumatda şeýle diýilýär:
Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdaniň ortasynda ýagyş...
Türkmenistandaky iň owadan alabaýyň eýesine awtoulag sowgat berildi
Türkmen alabaý itleriniň gözellik bäsleşiginde ýeňiş gazanan Arwana atly türkmen alabaýynyň eýesine «Toyoto Corolla» awtoulagy gowşuryldy.
TDH-niň habar bermegine görä, bu barada 29-njy sentýabrda Aşgabadyň günortasynda 1200 orunlyk Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasynda mälim edildi.
Gözellik bäsl...
Astronomlar älemdäki emeli hemralary çäklendirmegi teklip edýärler
BMG-niň gurallary arkaly asman hemralaryna gözegçiligi ýola goýmagy teklip edýärler, bu başlangyç Kanadadaky Älem ylmy barlaglary instituty tarapyndan öňe sürüldi diýip, «news.bu» habar berdi.
Hünärmenler älem zibili bilen bagly kynçylyklaryň öňüni almak üçin Ýeriň daşyndaky emeli hemralaryň sanyny çäklendirmegi teklip edýärler. Gürrüň şeýle...
Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysy — küşt olimpiadasynyň «B» derejesinde kümüş medal gazandy
Samarkant şäherinde geçirilen 46-njy Bütindünýä küşt olimpiadasynyň jemleýji tapgyrynyň güni Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysy «B» reýting derejesinde Belarusyň ýygyndysyny 3½:½ hasabynda ýeňip, ikinji orny eýeledi. Umumy sanawda türkmen küştçüleri 190 toparyň arasynda 33-nji orny eýelediler. Olar ýaryşa 55-nji belgi bilen, ýagny başlangyç reýtingd...
Hytaýly atşynas ahalteke bedewleriniň 600-den gowragyny idedýär
Hytaý Halk Respublikasynyň «Daqing Huiyou Breeding Co. Ltd» atçylyk kompaniýasynyň başlygy, Türkmenistanyň at gazanan atşynasy Liu Şutsin ahalteke bedewleriniň 600-den gowragyny idedýär. Ol bu barada «Türkmenistan» gazetiniň habarçysyna beren interwýusynda belledi:
«Tejribeli atşynaslary bir ýere jemlän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy...
Gurbanguly Berdimuhamedow at çapyşygynda ýeňiş gazananyndan soň Türkmenistanyň Prezidenti we agtygy bilen surata düşdi
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we seýis Kerimguly Berdimuhamedow baýramçylyk at çapyşygy tamamlanandan soň ýadygärlik surata düşdüler. Ýaryşlar 29-njy sentýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açyly...
Aşgabatda Howa babatda maliýeleşdirmegi gözegçilik etmek üçin sanly gural bilen tanyşdyryldy
Aşgabatda iki gün dowam eden pudagara amaly seminar geçirildi. Onuň çäklerinde Howa babatda maliýeleşdirmegi gözegçilik etmek üçin sanly guralyň (Digital Climate Finance Tracking Tool — DCFTT) synag görnüşiniň tanyşdyrylyşy we amaly taýdan barlanylyşy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň resmi web sahypasynda hab...
Hytaýda Konfusiniň doglan gününiň 2577 ýyllygy bellendi
Gündogar-hytaý Şandun ülkesiniň Sýuýfu şäherinde beýik hytaý akyldary Konfusiniň doglan gününiň 2577 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Ýeri gelende aýtsak, Sýuýfu tutuş dünýäde pähim-paýhas mirasy giňden öwrenilýän gadymy hytaý danasynyň dogduk şäheridir.
Hytaýda Konfusiniň doglan gününiň 2577 ýyllygy bellendi
Bu barada ýu...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XVI mejlisindäki çykyşy
Ozal habar berşimiz ýaly, düýn Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XVI mejlisi geçirildi. Onda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň çykyşy uly gyzyklanma bilen diňlenildi. Döwlet Baştutanynyň çykyşy «Türkmenistan» gazetinde çap edildi.
«Horma...
Niderlandlaryň Patyşasy Türkmenistanyň Prezidentini Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlady
Niderlandlaryň Patyşasy Willem-Aleksandr Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we Türkmenistanyň halkyna tüýs ýürekden gutlaglaryny we abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Bu barada TDH habar berýär.
Soltan Ibrahim: Malaýziýa Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklara we ýakyn hyzmatdaşlyga ýokary baha berýär
Malaýziýanyň Ýokary Baştutany Soltan Ibrahim Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa, Türkmenistanyň Hökümetine hem-de halkyna tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Bu barada TDH habar berýär.
Soltan Ibrahim gutlagynda: «Malaýziýa Türkmenistan bilen...
Imperator Naruhito: Ýaponiýa saparyňyzyň dowamynda geçiren duşuşygymyzy ýakymly duýgular bilen ýatlaýaryn
Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden gutlaglaryny, ýurduň halkyna bolsa bagtyýarlyk we gülläp ösüş baradaky arzuwlaryny uly şatlyk bilen beýan etdi. Bu barada TDH habar berýär.
Imperator Naruhito gutlagynda geçen ýylyň dekabr aýynda Ýaponiýa...
Serjio Mattarella: Dostlukly gatnaşyklar hyzmatdaşlygymyzy ösdürmäge ýardam berýär
Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarella Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we Türkmenistanyň halkyna tüýs ýürekden gutlaglaryny beýan edip, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Bu barada TDH habar berýär.
Serjio Mattarella gutlagynda: «Ýurtlarymyzyň arasyndaky barha pug...
Waagn Haçaturýan: Ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrjakdygymyza ynanýaryn
Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýan Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we Türkmenistanyň dostlukly halkyna tüýs ýürekden gutlaglaryny beýan edip, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Bu barada TDH habar berýär.
Waagn Haçaturýan gutlagynda: «Türkmenistan durmuş we syýasy özg...
Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabat atçylyk sport toplumynda guralan baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli Aşgabat atçylyk sport toplumynda guralan baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu ýere ýygnananlar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy uly ruhubelentlik bilen garşyl...
Prezident Serdar Berdimuhamedow «Toyo» kompaniýasynyň prezidentini kabul etdi
Şu gün baýramçylyk at çapyşygynyň geçirilýän pursatlarynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurda gelen «Toyo Engineering Corporation» ýapon kompaniýasynyň prezidenti, Baş ýerine ýetiriji direktory, wekilçilik müdiri Eiji Hosoini kabul etdi. Bu barada «W...
Filipp VI Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlady
Ispaniýanyň Patyşasy Filipp VI Ispaniýanyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden gutlaglaryny beýan etdi. Bu barada TDH habar berýär.
Patyşa Filipp VI gutlagynda Türkmenistanyň Prezidentine abadançylyk, Türkmenistany...
Mohammed VI bilelikdäki tagallalaryň esasynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň pugtalandyryljakdygyny belledi
Marokkonyň Patyşasy Mohammed VI Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden gutlaglaryny beýan edip, berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Türkmenistanyň halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş we abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Bu barada TDH habar berýär.
Mohammed VI gut...
Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XVI mejlisi geçirildi
Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XVI mejlisi geçirildi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Döwlet Baştutany assosiasiýanyň agzalaryny mähirli mübärekläp, ýurduň baş baýramy — mukaddes Garaşsyzlygyň şanly 35 ýyllygynyň toýlanýan günlerinde Halkara ahalt...
Türkmen halkynyň Milli Lideri Tatarystanyň Baştutany bilen duşuşdy
Türkmen halkynyň Milli Lideri Garaşsyzlyk güni mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurda sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Myhman mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Halk Maslahatyn...
Gurbanguly Berdimuhamedow iri türk kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurtda giňden bellenilýän Garaşsyzlyk toýuna gatnaşýan «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk, şeýle hem «Rönesans Holding» türk kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak bilen duşuşdy. Bu barada «Wa...