Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumatynda bellenilişi ýaly, şu hepde ýurtda howa salkynlar. Gullugyň resmi saýtynda berilýän maglumatda şeýle diýilýär: Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdaniň ortasynda ýagyş ýagar, ýyldyrym çakmagy mümkin. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 10-13-den 14-16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +13... +15°С-dan +17... +19°С aralygynda maýyl, gündizlerine +25... +27°С-dan +34... +36°С aralygynda maýyl bolar. Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdaniň ortasynda we ahyrynda ýagyş ýagar, ýyldyrym çakmagy mümkin. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 9-14-den 12-17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +14... +19°С-dan +17... +22°С aralygynda maýyl, gündizlerine +28... +33°С, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +24... +29°С maýyl bolar. Ahal welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdaniň ortasynda we ahyrynda ýagyş ýagar, ýyldyrym çakmagy mümkin. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 8-13-den 12-17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +11... +16°С-dan +16... +21°С aralygynda maýyl, gündizlerine +23... +28°С maýyldan +32... +37°С aralygynda yssy bolar. Mary welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdaniň ortasynda ýagyş ýagar, ýyldyrym çakmagy mümkin. Demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7-12-den 11-16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +10... +15°С-dan +15... +20°С aralygynda maýyl, gündizlerine +23... +28°С maýyldan +32... +37°С aralygynda yssy bolar. Lebap welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdaniň ortasynda ýagyş ýagar, ýyldyrym çakmagy mümkin. Demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 8-13-den 11-16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +9... +14°С-dan +15... +20°С aralygynda maýyl, gündizlerine +22... +27°С-dan +31... +36°С aralygynda maýyl bolar. Daşoguz welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdaniň ahyrynda ýagyş ýagar, ýyldyrym çakmagy mümkin. Demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7-12-den 10-15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +8... +13°С-dan +12... +17°С aralygynda maýyl, gündizlerine +21... +26°С-dan +26... +31°С aralygynda maýyl bolar.