Türkmen alabaý itleriniň gözellik bäsleşiginde ýeňiş gazanan Arwana atly türkmen alabaýynyň eýesine «Toyoto Corolla» awtoulagy gowşuryldy. TDH-niň habar bermegine görä, bu barada 29-njy sentýabrda Aşgabadyň günortasynda 1200 orunlyk Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasynda mälim edildi. Gözellik bäsleşigi ýurduň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk maksatnamasynyň çäginde geçirildi. Ýaryşa gatnaşan ýedi sany alabaýyň arasyndan eminler agzalary iň tapawutlananlary saýlap aldylar. Toplumyň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, Hökümetiň agzalary, diplomatlar, halkara guramalaryň wekilleri hem-de seýisler gatnaşdylar. Dabaralar «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň çäginde geçirildi.